142 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täret alşyna degişli bir rowaýat

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 142 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täret alşyna degişli bir rowaýat

    عن عبد اللَّهِ بْنِ زَيْدٍ رضي الله عنه: أنَّ رجلاًً قال له: أَتَسْتَطِيعُ أَنْ تُرِيَنِي كَيْفَ كَانَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَتَوَضَّأُ ؟ فَقَالَ عَبْدُ اللَّهِ بْنُ زَيْدٍ : نَعَمْ فَدَعَا بِمَاءٍ فَأَفْرَغَ عَلَى يَدَيْهِ فَغَسَلَ مَرَّتَيْنِ ، ثُمَّ مَضْمَضَ وَاسْتَنْثَرَ ثَلاثًا ، ثُمَّ غَسَلَ وَجْهَهُ ثَلاثًا ، ثُمَّ غَسَلَ يَدَيْهِ مَرَّتَيْنِ مَرَّتَيْنِ إِلَى الْمِرْفَقَيْنِ ، ثُمَّ مَسَحَ رَأْسَهُ بِيَدَيْهِ ، فَأَقْبَلَ بِهِمَا وَأَدْبَرَ ، بَدَأَ بِمُقَدَّمِ رَأْسِهِ حَتَّى ذَهَبَ بِهِمَا إِلَى قَفَاهُ ، ثُمَّ رَدَّهُمَا إِلَى الْمَكَانِ الَّذِي بَدَأَ مِنْهُ ثُمَّ غَسَلَ رِجْلَيْهِ.

 

         Abdullah ibn Zeýdiň (r.a.) ýanyna biri gelip: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) nähili edip täret alýandygyny maňa görkezip bilersiňmi?» diýip sorapdyr. Ol hem: «Hawa» diýipdir. Soňra hem biraz suw getirmegini haýyş edipdir. Ol ellerine suw akydyp, iki gezek ýuwupdyr. Soňra üç gezek agzyny çaýkap, burnuna suw sorup döküpdir. Soňra ýüzüni üç gezek ýuwupdyr. Soňra ellerini tirseklerine çenli iki gezekden ýuwupdyr. Soňra iki eli bilen tutuş kellesini mesh edipdir, ýagny,maňlaýyndan başlap, ellerini ýeňsesine tarap ýöredipdir, ol ýerden hem yzyna ýöredip, maňlaýyna getiripdir. Şondan soňra-daaýaklaryny ýuwupdyr.