138 Dölüňi dökmezden jübütleşmegiň hökümi
عَنْ زَيدِ بْنِ خَالِدٍ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: سَأَلْتُ عُثْمَانَ بْنَ عَفَّانَ رَضِي الله عَنْهُ قُلْتُ: أَرَأَيتَ إذَا جَامَعَ فَلَمْ يمْنِ، قالَ عُثْمانُ: يتَوَضَّأُ كما يتَوَضَّأُ لِلصَّلاَةِ وَيغْسِلُ ذَكَرَهُ قَالَ عُثْمانُ: سَمِعْتُهُ مِنْ رَسُولِ الله صلى الله عليه وسلم فَسَأَلْتُ عَنْ ذلِكَ عَلياً وَالزُّبَيرَ وَطَلْحَةَ وَأُبَي بْنَ كَعْبٍ فَأَمَرُوهُ بِذلِكَ.
Zeýt ibn Halyt (r.a.) şeýle diýipdir: «Osman ibn Affandan (r.a.): «Bir adam jübütleşse we döli dökülmese, näme etmegi maslahat berersiň?» diýip soradym. Osman (r.a.): «Ol namaz üçin täret alnyşy ýaly täret alar, satanlarynyň arasyny ýuwar» diýip jogap berdi. Ol sözüni dowam edip: «Muny men Allahyň Resulyndan (s.a.w.) eşitdim» diýdi. Bu mesele barada Alydan, Zübeýrden, Talhadan, Übeý ibn Kagpdan (Allahü tagala olardan razy bolsun!) hem soradym. Hemmesi-de maňa şeýle diýdiler»1.
1Bu barada şaýatlyk eden sahabalaryň sany bu hadysda atlary tutulan bäş adam bilen çäklenmän, olaryň üstüne, Buharynyň düşündirişinde beýan edilişine görä, Sagt ibn Ebu Wakgas, Abdullah ibn Mesgut, Rafy ibn Hadyýa, Ebu Sagyt Hudry, Ebu Eýýup Ensary, Abdullah ibn Apbas, Nugman ibn Beşir, Zeýt ibn Sabyt ýaly beýik sahabalar bilen birlikde (Allahü tagala olardan razy bolsun!) ensary jemagatyna we tabygynlara degişli Ata ibn Ebu Rebah, Ebu Seleme ibn Abdyrahman, Hyşam ibn Urwa, Amaş ýaly beýik musulman kanunçylarynyhem-de käbir dogry ýolda bolanlary hem goşmak gerek. Şeýle-de, bu hökümiň musulmanlaryň enesi Äşe Syddyka, Ebu Bekr Syddyk, Omar ibn Hattap, Abdullah ibn Omar, Osman ibn Affan, Aly ibn Ebutalyp, Ibn Mesgut, Ibn Apbas we beýleki muhajir hezretlerinden eşidilen rowaýatlar bilen ýatyrylandygyny Ibn Hazmyň aýdandygyny hem habar berýärler. Bulardan Osman, Aly, Ibn Mesgut we Ibn Apbas hezretleriniň bu gadagançylykdan habarly bolanlary sebäpli, öňki kararlaryndan ýüz öwrendikleri belli bolýar. Hernäme-de bolsa, beýle ýagdaýda gusul täretini almagyň hökmandygy barada sahabalaryň we tabygynlaryň döwründen soňra belli bir ylalaşyga gelnipdir.