133 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mübärek barmaklaryndan suw çogup çykmak mugjyzasy
عَنْ أَنَسِ بْنِ مالِكٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: رَأَيتُ النَّبِيَّ صلى الله عليه وسلم ، وَحانَتْ صَلاَةُ الْعَصْرِ ، فَالْتَمَس النَّاسُ الْوَضُوءَ فَلَمْ يجِدُوا ، فَأُتِيَ رَسُولُ الله صلى الله عليه وسلم بِوَضُوءٍ ، فَوَضَعَ يدَهُ فِي ذلِكَ الإنَاءِ ، وَأََمَرَ النَّاس أَنْ يتَوَضَّؤُوا مِنْهُ ، قَالَ : فَرَأَيتُ الْمَاءَ ينْبُعُ مِنْ تَحْتِ أَصَابِعِهِ ، حتى تَوَضَّؤُوا مِنْ عِنْدِ آخِرِهِمْ.
Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resulyny (s.a.w.) şeýle ýagdaýda gördüm1.Ikindi namazy ýakynlaşypdy. Adamlar täret alar ýaly suw gözläp tapmadylar. Şonda bir gaba salyp, Allahyň Resulyna (s.a.w.) biraz suw getirip berdiler. Ol mübärek elini gabyň içine sokdy we halka ondan täret almagy emr etdi».
Enes sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Ine, şol wagt buýerdäki adamlaryň iň soňkusy täret alyp bolýança, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) barmaklarynyň astyndan suw çogup çykandygyny gördüm»2.
1Bu waka Tahyra şäheriniň bazarynyň ýerleşýän ýeri bolan Zöwrada bolup geçipdi.
2Rowaýatdan görnüşine görä, hezreti Muhammediň (s.a.w.) huzuryna getirilen suw bir adamyň täret kylmagy üçin ýeterlik mukdardaky suwdy. Suw getirileninden soň, Pygamberimiz (s.a.w.) mübärek barmaklaryny içine sokup, suwuň içinde ýuwupdyr. Soňra suw çeşmeden nädip pürkülip çykýan bolsa, şonuň ýaly edip, barmaklarynyň arasyndan suw pürkülip başlapdyr. Özi hem,erkek adamlardan ybarat bolan bazar jemendesiniň gözüniň alnynda şeýle bolupdyr. Şol gün busuwdan täret kylanlaryň sany takyk sanalmasa-da, dürli rowaýatlara görä, ýetmiş bilen üç ýüzüň aralygyndadyr. Ine, şaýatlaryň gözüniň alnynda bolup geçen, akyllary haýrana goýjak ýalkymly mugjyza! Ony gürrüň berenleriň hemmesi Buharynyň ynanan adamlarydyr. Bu beýik mugjyza, elbetde, ýüze çykan ilkinji gününden başlap, köp dillerde dessan bolup gelýär. Buharynyň ýaşan günlerinde bolşy ýaly, sahabalaryň döwründe-de musulmanlaryň mejlislerinde we oturyşyklarynda rowaýatlar köp gürrüň berlerdi. Şeýle-de bolsa, bu rowaýatyň täsiri bilen deňleşip biljek, täsir galdyrýan, «bä» diýdirýän hiç bir rowaýat ýokdur. Şu mynasybetli kazy Yýaz şeýle diýýär: «Bu bolan işi örän köp sanly ynamdar adamlar başga bir jemagatdan, olar hem birtopar sahabalardan eşidip, gürrüň beripdirler. Bu habar köp adamly üýşmeleňlerde, leşgergählerde gürrüň berlende, haýsy hem bolsa bir sahabanyň gürrüň berip oturanyň gaňryşyna gaýdandygy ýa-da onuň gördüm diýen zadyny inkär edendigi hakynda hiç hilirowaýat ýok.