131 Abdullah ibn Omaryň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sünnetine laýyk hereketleri
عَنْ عَبْدِ الله بْنِ عُمَرَ رَضِي الله عَنْهُمَا وَقَدْ قِيلَ لَهُ: رَأَيتُكَ لاَ تَمَسُّ مِنَ الأَرْكَانِ إلاَّ الْيمانِيينِ، وَرَأَيتُكَ تَلْبَس النِّعَالَ السِّبْتِيةَ، وَرَأَيتُكَ تَصْبُغُ بِالصُّفْرَةِ ، وَرَأيتُكَ إذَا كُنْتَ بِمَكَّة أَهَلَّ النَّاس إذَا رَأَوْا الهِلاَلَ وَلَمْ تُهِلَّ أَنْتَ حتى كانَ يوْمُ التَّرْوِيةِ ، فَقَالَ : أَمَّا الأَرْكانُ فَإنِّي لَمْ أَرَ رَسُولَ الله صلّى الله عليه وسلم يمَسُّ إِلاَّ الْيمَانِيينِ ، وَأَمَّا النَّعَالُ السِّبْتِيةُ فَإنِّي رَأَيتُ رَسُولَ الله صلّى الله عليه وسلم يلْبَس النَّعَالَ الَّتِي لَيس فَيهَا شعرٌ وَيتَوَضَّأُ فِيهَا ، فَأَنَا أُحِبُّ أَنْ أَلْبَسَهَا ، وَأَمَّا الصُّفْرَةُ فَإنِّي رَأَيتُ رَسُولَ الله صلّى الله عليه وسلم يصْبُغُ بِهَا ، فَأَنَا أُحِبُّ أَنْ أَصْبُغَ بِهَا ، وَأَمَّا الإهْلاَلُ فَإنَّي لَمْ أَرَ رَسُولَ الله صلّى الله عليه وسلم يهِلُّ حتى تَنْبَعِثَ بِهِ رَاحِلَتُهُ.
Şeýle bir rowaýat bar. Abdullah ibn Omaryň (r.a.) ýanyna biri gelip: «Käbäniň sütünlerinden Hajaryl-Eswet bilen ýemen sütünlerinden başgasyna eliňi degirmeýändigiňi görýärin1.Eýlenen deriden tikilen aýakgap geýýäniňi görýärin2.Sary boýagy ulanýanyňy görýärin3. Mekgede bolan wagtyň adamlar zilhiçjäniň aýyny görüp-görmezden, yhlala, ýagny belent ses bilen: «Lebbeýk Allahümme, lebbeýk!» diýip gygyrmaga başlan wagtlary,seniň ýewmi-terwiýe (ýagny,arafa gününden öňki gün, zilhiçjäniň sekizinji güni) girmezden öň yhlala başlamaýandygyňy görýärin» diýipdir. Ol hem şeýle jogap beripdir: «Men Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Käbäniň sütünleriniň ýanyna geleninden soň, Hajaryl-Eswet bilen ýemen sütünlerinden başgasyna elini degrenini görmedim. Eýlenen deriden tikilen aýakgap babatda aýdylanda bolsa, men Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gylsyz deriden tikilen aýakgap geýip, şony aýagyndan çykarman hem täret alandygyny gördüm. Şonuň üçin hem men ony geýmegi halaýaryn. Sary boýag barada aýdylanda bolsa, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sary boýag bilen köýnegini ýa-da mübärek sakgalyny boýandygyny gördüm. Men hem şonuň üçin şol boýagy ulanmagy gowy görýärin. Yhlal babatda aýdylanda bolsa, düýesi hereket etmek üçin ýerinden turýança, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) yhlal aýdanyny görmedim!»
[1]Bu soragy beren kişi tabygynlardan Übeýt ibn Jüreýçdir. Buharyda bu hadysyň başynda şeýle bir giriş bar: «Übeýt ibn Jüreýçdiýen biri Abdullah ibn Omara (r.a.) ýüzlenip: «Ýa Aba Abdyrahman, seniň sahabalaryň etmedik dört zadyny edýäniňi görýärin» diýipdir. Ibn Omar: «Diýýän zatlaryň haýsylar» diýip anyklanyndan soň, şu ýerdäki jogabyberipdir.
Hormatly Käbedäki meşhur gara daşy ( Hajaryl-Eswet) özünde saklaýan sütün bilen ýemen sütüni (rukni-Emaniýe) diýen iki sütüniň (bularyň ikisine bilelikde ýemen sütünleri hem diýilýär) garşysynda ýerleşýän goşa sütüne Şam sütünleri (rukni-Şamiýýaýn) diýýärler. Ymmatyň bu günki amaly (Ibni Omaryň (r.a.) göreldesine eýerip,Käbäniň daşyna aýlanylan mahalynda diňe ýemen sütünlerini sypamak, ýagny,elleriňi degrip, maňlaýyňa sylmak bilen çäklenýär. Gara daşy özünde saklaýan sütün bolsa, diňe bir maňlaýa sylynman, eýsem öpülýär hem. Şam sütünleri bolsa maňlaýa-da sylynanok, öpülenok hem. Bu günki amal şu düzgüne eýerýär. Onuň sebäbi-de,bu ýemen sütünleriniň Ybraýym we Ysmaýyl hezretleriniň goýan esaslarynyň üstünde durmagydyr. Şam sütünleriniň esasyny bolsa Ybraýym alaýhyssalam goýmandyr. Sebäbi,Käbe birnäçe gezek ýykylyp, täzeden salnypdyr we diňe iki sütün asyl esasynyň üstünde dikeldilipdir.
Bu ýerdäki sowalyň we jogabyň häsiýetinden hem aňlamak mümkin bolşy ýaly, Käbäniň sütünlerini öpmek babatda ilkinji döwürlerde käbir sahabalaryň we tabygynlaryň arasynda jedel döränmiş. Käbirleri gowy görüp, dört sütüni öpüpdirler. Jabyr, Enes, Hasan, Hüseýin hezretleri bu topardandyr. Hezreti Abdullah ibn Zübeýr (r.a.) bolsa Mukaddes Käbäni Ybraýym alaýhyssalamyň goýan esaslarynyň üstünde täzeden dikeldende, Käbäniň daşyna aýlanylan mahalynda sütünleriň hemmesini öpmäge başlanmyş.
Ibn Zübeýriň Ybraýym alaýhyssalamyň goýan esasynyň üstünde gurlan binasy täzeden dikeldilse, bu günki gün dört sütüniň öpülmeginiň göwnejaý boljagyny kazy Yýaz aýdýar. Hernäme-de bolsa, bu jedel ir döwürlerde ýüze çykypdy. Indi bolsa diňe ýemen sütünlerini öpmek ylalaşylandyr.
2«Niaali sibtiýýe» diýen söz düzümi eýlenen deri diýlip terjime edildi. Müsür tikeni diýlen ösümligiň ýapragy bilen eýlenen derä we gaýşa şeýle diýilýär.
3Matalaryň käte wers ýa-da zagpyran bilen sary reňke boýalyşlary ýaly, örän oňat ysy bolan bu boýag bilen sakgal hem boýalardy. Wers alajehri we ýemen zagpyrany diýilýän zatdyr. Bu ýerde sary boýaglaryň ikisiniň hem ulanylan bolmagy mümkin. Ikisini-de ulanmak beýik sünnetdir.