128 Täretiň we namazyň kiçi günäleri ýuwýandygy hakda

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 128 Täretiň we namazyň kiçi günäleri ýuwýandygy hakda

      وَفِي رِوَايةٍ أَنَّ عُثْمَانَ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: أَلاَ أُحَدِّثُكُمْ حَدِيثاً ، لَوْلا آيةٌ فِي كِتَابِ الله مَا حَدَّثْتُكُمُوهُ ، سَمِعْتُ النَّبِيَّ صلّى الله عليه وسلم يقُولُ: ( لاَ يتَوَضَّأُ رَجُلٌ فَيحْسِنُ وُضُوءَهُ ، وَيصلِّى الصَّلاَةَ ، إلاَّ غُفِرَ لَهُ مَا بَينَهُ وَبَينَ الصَّلاَةِ حتى يصلِّيهَا). قَالَ عُرْوَةُ: (إِنَّ الَّذِينَ إِنَّ الَّذِينَ يَكْتُمُونَ مَا أَنْزَلْنَا مِنَ الْبَيِّنَاتِ وَالْهُدَى مِنْ بَعْدِ مَا بَيَّنَّاهُ لِلنَّاسِ فِي) الْكِتَابِ أُولَئِكَ يَلْعَنُهُمُ اللَّهُ وَيَلْعَنُهُمُ اللَّاعِنُونَ.

 

       Osman ibn Affanyň (r.a.) başga bir sebäbe görä aýdan bir rowaýatynda şeýle diýilýär: «Size bir hadysy aýdyp bereýin. Allahyň Kitabyndabir aýat bolmadyk bolsady, onda ony size gürrüň bermezdim. Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Gowy edip täret alanyndan soň, parz bolan namazy okan adamyň şol namazy bilen indiki okajak namazyna çenli geçen wagtyň dowamynda eden günäleriniň geçilmejek gümany ýokdur» diýendigini eşitdim».

Rawynyň aýtmagyna görä, hezreti Osmanyň ýatlan şol aýaty: إِنَّالَّذِينَ يَكْتُمُونَ مَا أَنْزَلْنَا مِنَ الْبَيِّنَاتِ وَالْهُدَى مِنْ بَعْدِ مَا بَيَّنَّاهُ لِلنَّاسِ فِي الْكِتَابِ أُولَئِكَ يَلْعَنُهُمُ اللَّهُ وَيَلْعَنُهُمُ اللَّاعِنُونَ= «Innelleziýne ýektümuwne määä enzelnä minel-beýýinäti wel-hüdämin bagdi mä beýennähü linnäsi fil-Kitäbi, ülääää-ike ýelganühümüllahü we ýelganühümül-laagynuwne» (golaý manysy: «Delil hökmünde inderen aýatlarymyz bilen nädip imanly bolmalydygyny Kitabymyzda düşündirenimizden soň, olary gizlänlere,eden günäleri üçin Allahü tagala-da lagnat eder, lagnat edijiler hem lagnat eder (ýagny perişdeler bilen musulmanlar)». «Bakara» süresiniň 159-njy aýaty) aýaty-kerimesi bolmaly.