127 Hezreti Osman (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täret alşyny görkezýär we Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu barada aýdan sözlerini habar berýär

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 127 Hezreti Osman (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täret alşyny görkezýär we Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu barada aýdan sözlerini habar berýär

     عَنْ عُثْمَانَ بْنِ عَفَّانَ رَضِي الله عَنْهُ أَنَّهُ دَعا بِإنَاءٍ فَأَفْرَغَ علي يدَيهِ ثَلاَثَ مَرَّاتٍ فَغَسَلَهُمَا ، ثُمَّ أَدْخَلَ يمِينَهُ فِي الإِنَاءِ فَمَضْمَضَ وَاسْتَنْشَقَ واستَنْثَرَ ، ثُمَّ غَسَلَ وَجْهَهُ ثَلاَثَ مَرَّاتٍ ، وَيدَيهِ ثَلاَثاً إلَى الْمِرْفَقَين ، ثُمَّ مَسَحَ بِرَأْسِهِ ، ثُمَّ غَسَلَ رِجْلَيهِ ثَلاَثَ مَرَّاتٍ إلى الْكَعْبَينِ ، ثُمَّ قَالَ : قَالَ رَسْولُ الله صلّى الله عليه وسلم : ( مَنْ تَوَضَّأَ نَحْوَ وُضُوئِي هذَا ، ثُمَّ صلى رَكْعَتَينِ لاَ يحَدِّثُ فِيهِمَا نَفْسَهُ ، غُفِرَ لَهُ مَاتَقَدَّمَ مِنْ ذَنْبِهِ).

 

       Osman ibn Affanyň (r.a.) aýtmagyna görä, ol bir gezek bir gabyň içine guýup suw alyp gelmeklerini emr edipdir. Şol suw bilen ol täret alypdyr. Ol ilki ellerine üç gezek suw akydyp ýuwupdyr. Soňra gabyň içinden eli bilen suw alyp agzyny çaýkapdyr. Burnuna suw alyp hem ony arassalapdyr. Soňra ýüzüni, ondan soňra hem ellerini tirseklerine çenli üç gezek ýuwupdyr. Soňra başyna mesh edipdir. Soňra iki aýagyny üç gezekden topuklaryna çenli ýuwupdyr. Iň soňunda-da Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Her kim meniň şu täret alşym ýaly edip täret alyp, iki rekagat namaz okasa1 we şu iki rekagat namazyň dowamynda namaz bilen baglanyşygy bolmadyk hiç bir zat hakynda pikir etmese2, geçmişde eden ähli günäleri geçiler»3 diýendigini habar beripdir.

 

1Bu iki rekagat namazyň parz we hökmany namazlardan başga bir namaz bolmagy-da mümkin.

2Hadysy-şeribiň bu ýeri: «Öz-özi bilen gürleşmese» görnüşinde terjime edilse, has gowy bolardy. Ol: «Içinden özüni gaýgy etmese we arzuw edip, ünsüni namazdan sowmasa» diýmegi aňladýar. Eýsem namaz okanda howatyrdan, waswasydan hakykatdan hem halas bolan barmyka? Belki, bardyr. Ýöne ymmatyň esasy köpçüligi (hemmesi diýsek has morta bir zat aýtdygymyz bolmagy mümkin) namaz okalýan wagtda namaza keseki bolan ähli zatdan çürt-kesik aýrylyşyp bilmeýär. Şeýle ýagdaýda hezreti Muhammediň (s.a.w.) diline gelen bu wada (ýagny,günäň geçiljekdigi hakdaky wada) mynasyp bolmak (bu mümkin däl diýmäniimizde-de) ýerine ýetirmesi kyn bolan buýruk dälmi? Bu meseläni öwrenýän alymlar bu pikire üns bermek bilen,bu ýerde gadagan edilen zat hakynda dürli düşündirişleri berýärler. Meselem, olaryň käbiri: «Gadagan edilen bu ahwal içiňden ýörite gürlemegi aňladýar. Ýogsam,alaçsyz aňyňa hüjüm eden pikir ýa-da waswasa (ondan goranmak mümkin däldigi üçin) günäsi geçilýän zatdyr. Adam namaz okanda, öz pikirleriniň üstüni basyp, okaýan aýatlary bilen, doga etmek we tesbi sanamak, tekbirleriň sözleri we manysy hem-de edýän hereketleriniň esasyndan gelip çykýan deliller bilen,öz ünsüni namazdan daşary zatlardan sowmaga elinden geldigiçe çalyşmalydyr. Günäň geçiljekdigi hakdaky wada, ine, şeýle edip, özüňe we şeýtana garşy edýän göreşiň netijesinde aljak peşgeşiňdir» diýýärler.

Başga birleri bolsa: «Ahyrýet hakynda pikir etmegiň zyýany ýokdur, gadagan edilen zat bu dünýä bilen baglanyşykly pikirlerdir» diýipdirler we öz sözlerini hadysyň Tirmiziniň «Kitabus-salat» eserindäkibirrowaýatdabu ýagdaý bilen baglylykda aýdylanlarbilen delillendirýärler. Bu düşündirişe görä, keseki pikirlerden halas namaz diňe Allahyň razylygyny gazanmak üçin okalyp, ikiýüzlülik, ile görünjek bolmak, wezipe we abraý hantama bolmak ýaly hususy maksatlardan arassa bolan namazdyr. Başga bir düşündirişe görä-de, öz pikiriňi etmek betnamlykdyr. Eden ybadatlaryna begenip, özlerinden göwnihoş bolanlar Ýaradanyň bu wadasyndan paýlaryny almazlar.

Bu rowaýaty nazara almak bilen,hezreti Faruky-Agzam (r.a.) namaz okaýan yslam esgerleriniň ýarag-esbaplarynyň pikiri bilen meşguldyklaryny aýdypdyr. Şeýle edenleri üçin haýsy hem bolsa bir sahabanyň ýazgarylmaga duçar bolandygy hakda bir rowaýat hem ýokdur. Diýmek, gutulgysyz pikirler namazyň kabul edilmezligine sebäp bolup bilmejekmiş.

3Ibn Ebu Şeýbäniň rowaýatyndan,düzgüni boýunça okalan namazyň,edilen we ediljek günäleriň bagyşlanmagyna sebäp boljagyny aňlamak bolýar. Geçiljek günäler haýsylarka?

Müslimiň rowaýatyndan görnüşine görä, olaryň hataryna kiçi günäler girýän bolmaly. Agyr günäler we gula zulum etmek,toba hem-de razy etmek arkaly ýuwulýar. Şonuň ýaly-da, Allahyň rehmetiniň çäklerine göz ýetirmegiň mümkin däldigi üçin, hadysyň gutulgysyz günäni hem öz içine almagy bolup biläýjek zatdyr. Ýöne rowaýatlaryň käbiriniň soňunda: «Özüňize buýsanyp, günä işleriňizi köpeltmäň» diýlendigine üns berseň, namazyň günäleriň ýuwulmagyna sebäp bolmagyna-da kän buýsanmak bolmaz. Sebäbi hatalaryň bagyşlanmagyna sebäp bolan namaz Allahyň kabul eden namazydyr. Namazyň Allahyň dergähinde kabul bolup-bolmanyny bilmek bolsa haýsy gula miýesser edipmiş?