121 Suw bilen synja almak hakda

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 121 Suw bilen synja almak hakda

  عَنْ أَنسٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: كَانَ النَّبِيُّ صلّى الله عليه وسلم إذَا خَرَجَ لِحَاجَتِهِ أَجِيءُ أَنَا وَغُلامٌ مَعَنَا إِدَاوَةٌ مِنْ مَاءٍ.    

    وفي رواية: مِنْ مَاءٍ وَعَنَزَةً يَسْتَنْجِي بِالْمَاءِ.

         Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) aýak ýoluna çykanda, bir çaga bilen birlikde ýanymyza içi suwly gap alyp, oňa hyzmat etmek üçin gelerdik».

Enesiň1 (r.a.)adyndan gelip ýeten başga bir rowaýatda bolsa:«...Ýanymyza içi suwly gap bilen bir hanjar2 alypgelerdik. Ol suw bilen arassalanardy» diýen sözler bar.

 

1Zebidi bu ikinji rowaýaty ymam Buharynyň biraz yzrakda gaýtalan hadysyndan alypdyr.

2Bu hanjary Pygamberimize (s.a.w.) nejäşi (Hebeşistanyň hökümdarlaryny şeýle atlandyrypdyrlar) sowgat beripdi. Ol namaza duranda, kybla tarapyndan (namaz okaýanlaryň öňünde perde hökmünde) ony dikerdi. Bu hanjary hezreti Muhammediň dakynyp gezişi ýaly, ony dört çaryýarlar hem dakynyp gezipdir. Soňra ol Abdullah ibn Zübeýriň (r.a.) eline geçip, wepat bolan wagtyna çenli onuň ýanynda bolupdyr.