118 Hajatyny bitirmek isleýän kişi kybla tarap ýüzüni hem, arkasyny hem öwürmeli däl
عَنْ أَبِي أَيوبَ الأْنصَارِيِّ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: قَالَ رَسُولُ الله صلّى الله عليه وسلم: (إذَا أَتَى أَحَدُكُمُ الْغَائِطَ فَلاَ يسْتَقْبِلِ الْقِبَلَةَ وَلاَ يوَلِّهَا ظَهْرَهُ ، شَرِّقُوا أَوْ غَرِّبُوا ).
Ebu Eýýup Ensary1 (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Biriňiz hajatyny bitirmek üçin oturmak islän wagtynda,kybla tarapa ne ýüzüni öwürsin, ne-de arkasyny. Medinäniň gündogaryna ýa-da günbataryna tarap seretsin» diýdi»2.
1Ebu Eýýup Halyt ibn Zeýt Ensary Neçjary (r.a.) Akaba kasam edişligine gatnaşan ensardan ilkinji bolup musulmançylyga giren we Allahyň Resulybilen (s.a.w.) atasy Abdylmuttalybyň ejesi tarapyndan garyndaşlygy bolan bagtyýar sahabalaryň biridir. Hezreti Muhammet (s.a.w.) Mekgeden nurly Medinä hijret edip, şol ýere baranda, bir aýlap oňa myhman bolupdy. Ol Bedir söweşinden başlap, ähli gazawatlarda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyndan aýrylmandyr. Ol Aly (kerremallahu wejheh) hezretleriniň haliflik eden zamanynda ähli söweşlerde onuň ýanynda bolup, hawaryçlar bilen bolan uruşda-da Nahrywanda bolupdyr hem-de Kysra şäherine çenli gelipdir. Iň soňunda Mugawyýanyň (r.a.) haliflik eden zamanynda Konstantinopola ilki gaza etjeklere Pygamberiň (s.a.w.) wada beren uly sogabyny gazanmak üçin, Ýezit ibn Mugawyýanyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji musulman goşunynyň hatarynda kaýsar ýurduna din üçin barypdyr we bu ýerde näsaglap, jennete tarap rowana bolupdyr hem-de galanyň düýbünde jaýlanypdyr.
Andalusly Ibn Abdy Rabbuh (246-328) Utbynyň (wepat bolan wagty 228) beren gürrüňini şeýle beýan edýär: «Yslam goşuny Halyja baran wagty,Ebu Eýýubyň (r.a.) ýagdaýy agyrlaşdy. Ýezit ony soramaga gelip: «Bir dilegiň barmy?» diýip sorady. Ol hem jogap berip: «Maňa siziň dünýäňiziň hiç geregi ýok. Ýöne,meni eliňden geldigiçe,duşmanyň ýurdunyň jümmüşine tarap äkidip, şol ýerde jaýla. Sebäbi,Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Konstantinopolyň galasynyň düýbünde bir takwa adam depin ediljekdir» diýendigini eşitdim. Ol takwa adam özüm bolaýsam diýip, umyt edýärin» diýdi.
Ol ýogalanyndan soň, Ýezidiň buýrugy bilen kepene doladylar. Tabydyň üstünde goýanlaryndan soňra hem goşun bölümleri ýörite çykyp we tabydy aralaryna alyp, jeň ede-ede öňe süýşdüler. Kaýsar bir jesediň daşynda jeň edýändiklerini göreninden soňra ynjalykdan gaçyp, Ýezitden: «Bu görýänime nähili düşünmeli?» diýip soradypdyr. Ol hem: «Bu jeset Pygamberimiziň (s.a.w.) sahabasynyňkydyr. Ol seniň ýurduň jümmüşindäki bir ýerde jaýlamaklaryny wesýet edip gitdi. Biz hem: «Ýa onuň wesýetini ýerine ýetireli, ýa-da Allahyň ýolunda janymyzy pida edeli» diýen netijä geldik» diýen jogaby iberipdir.
Kaýsaryň: «Bu ne geň zat! Hemme kişi seniň kakaňyň örän parasatly adamdygyny aýdýar. Ol bolsa seni bu ýerlere ýollaýar. Sen pygamberiňiziň sahabasyny biziň ýurdumyzda jaýlamak isleýärsiň. Ýöne yzyňa dönüp gideniňden soň, ony mazaryndan çykaryp, wagşy haýwanlara iýdirjegimizi bilmeýärmiň?» diýip, hat ugratmagy bilen, oňa jogap hökmünde Ýezit şeýle diýipdir: «Wallahi, size aýtjak bir zadymy gulaklaryňyza gulakhalka edip dakmazdan öň,ony siziň topragyňyzda jaýlamak niýetinde bolmazdym. Aýtjak zadym hem şudur: onuň mazaryny açanyňyzy ýa-da jesedine bir zat edeniňizi eşiden wagtym,Arap diýarynda öldürmedik bir hristianym, ýumurmadyk bir buthanam galsa, bu jesede hormat goýmagyma sebäp bolan adamy, ýagny,Pygamber alaýhyssalamy inkär etdigim bolsun».
Bu haýbatly sözler ýazylan haty okanyndan soňra kaýsar: «Kakaň seni menden gowy tanaýar eken. Bu mazary gorajagyma men hem Isanyň adyndan kasam edýärin» diýip söz beripdir.
Ibn Abdy Rabbuhyň rowaýatynyň ahyrynda: «Onuň mazarynyň üstünde bir gümmez salnyp, bu güne çenli içinde şem ýakylyp goýlandygyny eşitdim» diýilýär.
Ymam Buharynyň şuňa meňzeş taryhy düşündirişinde-de Ebu Eýýup hezretleriniň eden wesýeti hakynda şeýle bir sözlere duşýarys: «Ýogalamda meni diwaryň öňünde goýuň. Duşman bilen çaknyşanyňyzda meni aýaklaryňyzyň astynda jaýlaň».
2«Gündogaryna ýa-da günbataryna» diýen emr Medinäniň Tahyra sebtini göz öňünde tutup berlendir. Ýogsam her sebite görä, Käbä hormat goýup, haýsy tarapa bakmak gerek bolsa, şol tarapa bakyp oturmagyň zerurdygy äşgärdir.