116 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hajathana girjek bolanda okan dogasy
عَنْ أَنسٍ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: كَانَ النَّبِيُّ صلّى الله عليه وسلم إذَا دَخَلَ الخَلاَءَ قالَ: (اللَّهُمَّ إنِّي أَعُوذُ بِكَ مَنَ الخُبُثِ وَالخَبَائِثِ).
Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) hajathana girmek islände: «Ýa Allah, hapadan we hapysalyklardan gaçyp, saňa sygynýaryn»1 diýip doga ederdi».
1Iki söz bilen aňladylan bu doga hezreti Muhammediň köp manyly sözlerindendir. Olardan köp many gelip çykýar. Hapanyň şeýtanlaryň ogludygyny, hapysalygyň şeýtanlaryň eden işleridigini aýdypdyrlar. Şonuň ýaly-da, hapysalyk umuman şeýtanlar, günäler, ýazgarylýan işler we ýaramaz häsiýetler, hapa-da küpür, zyna, pitne, umuman, şer manylaryny aňladýar. Ibn Araby bir gezek hapany mekruwh, ýagny,islenmeýän zat diýip düşündireninden soň, jikme-jik düşündirmäge başlap, ony mekruwh işleriň görnüşlerine görä, başga-başga atlar bilen atlandyrýar we oňa hapa sözleri, din barada küpür sözleri aýtmagy, haram zatlary iýmegi, şerap içmegi hem degişli edýär. Ine, hapadan we hapysalykdan saklanmak, şular ýaly ähli işlerden saklanmak diýmekdir.