114 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam we ýassy namazlaryny Müzdelifede jem edip okamagy

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 114 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) agşam we ýassy namazlaryny Müzdelifede jem edip okamagy

       عَنْ أُسَامَةَ بْنِ زَيدٍ رَضِي الله عَنْهُمَا قالَ: دَفَعَ رَسُولُ الله صلّى الله عليه وسلم مِنْ عَرَفَةَ ، حتى إذَا كانَ بِالشِّعْبِ نَزَلَ فَبَالَ ، ثُمَّ تَوَضَّأَ وَلَمْ يسْبِغِ الْوُضُوءَ ، فَقُلْتُ: الصَّلاَةَ يا رَسُولَ اللَّهِ ، فَقَالَ: (الصَّلاَةُ أَمامَكَ). فَرَكِبَ ، فَلَمَّا جَاءَ الْمُزْدَلِفَةَ نَزَلَ فَتَوَضَّأَ فَأَسْبَغَ الْوُضُوءَ ، ثُمَّ أُقِيمَتِ الصَّلاَةُ ، فَصلى الْمَغْرِبَ ، ثُمَّ أنَاخَ كَلُّ إنْسَانٍ بَعِيرهُ فِي مَنْزِلِهِ ، ثُمَّ أُقِيمَتِ الْعِشَاءُ فَصلى ، وَلَمْ يُصَلِّ بَينَهُمَا.

 

         Usama ibn Zeýt ibn Harysa (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Arafatdan düýeli yzyna döndi. Dag ýoluna çykanyndan soň, düýeden aşak inip, kiçi täret etdi. Soňra täret aldy. Ýöne täretini ýeňiljek aldy. Men: «Namaz okajakmy, ýa Allahyň Resuly?» diýip soradym. Ol: «Namaz soňrak okaljak» diýdi.

Ol ýene düýesine mündi. Müzdelifä geleninden soňra aşak inip, täret aldy. Emma bu sapar täreti howlukman, gowy edip aldy. Soňra ol kamat aýtdy-da, agşam namazyny okatdy. Şondan soňra her kim düýesini öz ýatagynda çökerdi. Soňra ýassy namazynyň kamaty aýdyldy. Ol ýene namaz okatdy. Ol iki namazyň aralygynda başga bir namaz okamady».