113 Uklap turanyndan soňra Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täret almazdan namaz okamagy

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 113 Uklap turanyndan soňra Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täret almazdan namaz okamagy

    عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي الله عَنْهُمَا أَنَّ النَّبِيَّ صلّى الله عليه وسلم نَامَ حتى نَفَخَ ، ثُمَّ صلى وَلَمْ يتَوَضَّأْ ، وَرُبَّمَا قالَ: اضْطَجَعَ حتى نَفَخَ ، ثُمَّ قَامَ فَصلى.

 

         Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gije uklady, hatda horruldysy hem eşidildi. Soňra täret almazdan, namaz okady».

Bu sözi Ibn Apbasyň (r.a.): «Uzyn düşüp, horlaýança uklady. Soňra ýerinden turup, namaz okady» görnüşinde aýdandygy hem gürrüň berilýär1.

 

1Bu soňky hadys gije namazy hakyndaky 97-nji hadysyň başgaçarak bir nusgasybolup, onda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gije ukudan oýanyp, asylgy duran çaklaňja tulumdan ýeňiljek, ýöne örän ýeňil bir täret alanyndan soň, gije namazyny okap, ikinji gezek uka gidişi we azançynyň ertir namazynyň azanyna gygyrmagy bilen derrew namaz okamak üçin daşary çykyşy, ýöne bu sapar täret almandygy aýdylýar. Hadys gürrüň berlende şol ýerde bolan Amr ibn Dinaryň (95-nji hadysyň düşündirişine seret) hezreti pygamberleriň ukulary hakyndaky jogaby, ine, şu rowaýat sebäpli özüne berlen bir sorag bilen baglanyşyklydyr.