110 Ýel çykarmak täreti bozar

Başy » NAMAZ TÄRETI KITABY » 110 Ýel çykarmak täreti bozar

       عَنْ أَبِي هُرَيرةَ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: قَالَ رسُولُ الله صلّى الله عليه وسلم: (لاَ تُقْبَلُ صَلاَةُ مَنْ أَحْدَثَ حتى يتَوضَّأَ) ، قَالَ رَجَلٌ مِنْ حَضْرَمَوْتَ: ما الحَدَثُ يا أَبَا هرَيرَةَ ؟ فَقَالَ: فُسَاءٌ أَوْ ضُرَاطٌ.

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Täreti bozulan adam täret almasa, namazy kabul bolmaz» diýdi».

Şol wagt Hadramewtiň ilatyndan biri Ebu Hüreýräniň sözüni bölüp: «Ýa Ebu Hüreýre, täret nädeňde bozulýar?» diýip sorapdyr. Ol hem: «Sessiz ýa-da sesli ýel çykaraňda» diýip jogap beripdir1.

 

1Ebu Hüreýräniň (r.a.) namazy bozup biljek dürli ýagdaýlardan şu ikisini saýlap almagy, ýa namazyňy bozýan beýleki ýagdaýlarda-da namaz okalmajagyny bilýänliginiň, ýa-da hadramewtli kişiniň namaz okalýan wagtda ýüze çykyp, täreti bozup biläýjek zatlary soranlygynyň alamatydyr.