313 Allahyň Resulynyň (s.a.w) bir çagany elinde göterip namaz okandygy hakda
عَنْ أَبِي قَتَادَةَ الأَنْصَارِيِّ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كَانَ يُصَلِّي ، وَهُوَ حَامِلٌ أُمَامَةَ بِنْتَ زَيْنَبَ بِنْتِ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، وَلأَبِي الْعَاصِ بْنِ رَبِيعَةَ بْنِ عَبْدِ شَمْسٍ ، فَإِذَا سَجَدَ وَضَعَهَا ، وَإِذَا قَامَ حَمَلَهَا.
Ebu Katada (Harys ibn Rybyý)Ensary1 (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) öz gyzy Zeýnebiň Ebu As ibn Raby ibn Abdyşemsden2 (r.a.) bolan gyzy Ümämäni3 elinde göterip durşunanamaz okardy we sejde etmeli bolanda,ony ýerde goýup, ýerinden turanda-dagaýtadan eline alardy»4.
1Onuň adynyň Nugman bolandygy hem aýdylar. Ol hijriniň 38-nji ýylynda Kufede ýogalýar we jynaza namazyny Aly ibn Ebutalyp (kerremallahu wejheh) okadýar.
2Buharynyň kitabynyň nusgalarynyň käbirinde onuň ady Ibn Raby, käbirinde Ibn Rabyga görnüşinde gelse-de, has dogrusy Ebu As ibn Rabydyr. Abdyşems öz ady däl-de, atasynyň adydyr. Rabyga bolsa doganoglan agasydyr. Adynyň künýesi arkaly tutulandygy sebäpli,adynyň kimdigini aýtmak kyn. Rowaýatlarda onuň ady dürli-dürli edilip, Lekit, Miksem, Kasym, Mihşem, Hüşeým, Ýasyr diýlip tutulýar. Ol Jirwül-Batha lakamy bilen tanalyp, bu lakam: «Bathanyň arslan çagasy» diýmegi aňladýar. Onuň ejesi musulmanlaryň enesi Hatyja binti Huweýlit (r.a.) hezretleriniň aýal dogany Hind binti Huweýlitdir. Ebu As (r.a.) jahylyýet döwründe Mekgäniň barly adamlaryndan bolup, Muhammet alaýhyssalama pygamberlik berilmezinden öň, onuň bilen wagtyny bile geçiren, ertir we agşam naharlaryny bilen iýen dostlaryndandy. Heniz Pygamberimize (s.a.w.) wahy gelip başlamadyk döwründe, onuň başdaş aýaly Hatyja hezretleri (r.a.) öz gyzy Zeýnebi oňa durmuşa çykarmaga göwünjeň bolupdy. Allahyň Resuly (s.a.w.) hiç bir babatda onuň sözüni ýykmazlygy endik edineni üçin, derrew Hatyja hezretleri bilen ylalaşypdy. Hezreti Zeýnep bilen onuň adamsynyň arasyny Bedir söweşinden soňra yslam dini açdy.
Ebu As ilkibaşda yslam dinini kabul etmändi. Ýöne kapyr wagtynda-da Allahyň Resulyna (s.a.w.) ýamanlyk etmedi. Ol kuraýyş müşrükleri bilen birlikde Bedire geldi we Allahyň Resulynyň (s.a.w.) doganoglan agasy Apbas ibn Abdulmuttalyp ýaly, sahabalaryň eline ýesir düşdi. Ony Abdullah ibn Jübeýr ibn Nugmanyň ýa-da Hyraş ibn Symmanyň (r.a.) ikisinden biri ýesir alypdy. Kuraýyş ýesirleri fidýe tölemek arkaly janlaryny gutaran wagtlary,Zeýnep hezretleri-de (r.a.) adamsyny azat etmek üçin,Mekgeden mal-baýlyk iberipdi. Onuň iberen zatlarynyň arasynda öz ilkinji nika gijesinde ejesi, ýagny,musulmanlaryň enesi Hatyja Kubranyň (r.a.) özüne sowgat beren bir monjugy-da bardy. Mähriban kakasy Allahyň Resuly (s.a.w.) bu monjugy görüp, köňli bozulyp: «Gyzym Zeýnebiň ýesirini özüne bagyşlamagy we mal-baýlygyny gaýtaryp bermegi ýerlikli görseňiz, bu ýagşylygy ediň» diýipdir. Sahabalar derrew Pygamberimiziň (s.a.w.) islegini berjaý edip, Ebu Asy azat edipdirler we oňa tölenen fidýäni gaýtaryp beripdirler. Ýöne,şonda Allahyň Resuly (s.a.w.) Zeýnebiň ýoluny açyp, kapyrlaryň ýurdundan musulmanlaryň ýurduna göçmäge oňa rugsat bermegini Ebu Asyň öňünde şert edip goýdy. Hezreti Zeýnebiň (r.a.) özi hem Medinä gitmek üçin häli-şindi adamsyndan rugsat diläp durdy. Ebu As Mekgä dolanyp baranyndan soňra beren sözünde tapylypdyr. Şeýdip, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) jigeriniň parasy öz adamsyndan aýrylyp, kuraýyş kapyrlary tarapyndan gören jebir-jepalaryndan soň, mähriban kakasyna gowşupdyr we şondan soňra wepat bolýança, ýagny,hijriniň 8-nji ýylyna çenli Medinede ýaşapdyr.
Hezreti Zeýnebiň (r.a.) rugsadyny bereninden soň, Ebu As kuraýyş tiresinyň bir söwda kerwenine baş bolup, Şama gidipdir. Ol kerwen bilen yzyna dolanyp gelýärkä, Medinä golaý bir ýere geleninden soň, käbir musulmanlar onuň üstüne çozup, ýanyndaky müşrükleriň mal-baýlygyny elinden alyp, özüni bolsa öldürmegiň kül-külüne düşüpdirler. Zeýnep (r.a.) bu habary alyp,kakasynyň ýanyna barypdyr we: «Ýa Allahyň Resuly, ähli musulmanlaryň ähdi we sözi bir dälmi?» diýip söze başlapdyr. «Hawa» diýen jogaby alanyndan soňra hem: «Ebu Asa garyndaş hökmünde garasak, ol doganoglanymyzdyr, ony keseki saýjak bolsak hem, ol biziň bir çagamyzyň kakasydyr. Ine, şu sebäpli hem men oňa ynam bildirýärin we aman berýärin» diýipdir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalary bu sözi eşidip, Ebu Asyň ýanyna ýaragsyz barypdyrlar. Olar oňa ýüzlenip: «Ýa Ebu As, kuraýyşyň arasynda seniň hormatyň we gelip çykyşyň guwanylmaga mynasypdyr. Sen Allahyň Resulynyň (s.a.w.) doganoglany hasaplanýaň we şol bir wagtyň özünde onuň giýewisi hem bolup dursuň. Gel, musulman bol-da, mekgelileriň ýanyň bilen getiren munça baýlygynyň hemmesini oljala» diýipdirler. Ol muňa razy bolmandyr we: «Siziň maňa maslahat berýän zadyňyz örän ýaramaz zat! Men täze dine haýynlyk bilen, biwepalyk bilen nädip gireýin» diýipdir. Soňra hem kuraýyşyň söwdalyk harytlaryny ýany bilen alyp, Mekgä dolanypdyr. Ol getiren zatlaryndan olaryň eýeleriniň ýetdik hakyny bereninden soňra ýerinden turup: «Eý, Mekgäniň halky, jogapkärçiligimde bolan zada wepaly boldummy ýa-da bolmadymmy?» diýip sorapdyr. «Wepaly bolduň» diýen jogaby alanyndan soňra-da: «Onuň ýaly bolsa, bilip goýuň, men Allahü tagaladan başga Taňrynyň ýokdugyna we Muhammediň Allahyň resulydygyna şaýatlyk edýärin» diýipdir. Soňra hem Medinä tarap ýola düşüpdir. Ygtybarly rowaýata görä, Allahyň Resuly-da (s.a.w.) mähriban gyzy Zeýnebi (r.a.) oňa gaýtadan nikalap berip, öz giýewisi bolmak hormatyny rowa görüpdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) nika hutbasynda Ebu Asdan söz açyp: «Ol maňa bir zat aýdan bolsa, dogry sözländir, näme wada beren bolsa-da, wadasyna wepaly bolandyr. Giýewilik garyndaşlygynda şikaýat eder ýaly bir zat görmedim» diýipdir. Ebu As hezreti Aly bilen birlikde Ýemene gidipdir we ol yzyna dolananda birnäçe wagtlap onuň oruntutary bolupdyr. Ebu Bekre (r.a.) kasam edilen güni ol hezreti Aly bilen birlikde kasam etmekden ýüz öwrenleriň biridir. Ol hijriniň 12-nji ýylynda, ýagny,Ebu Bekriň (r.a.) haliflik eden döwründe dünýäden ötüpdir (r.a.).
3Ümäme binti Ebu As ibn Raby (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iň bir gowy görýän agtygydy. Ibn Sagdyň Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edýän rowaýatyna görä, Allahyň Resulyna (s.a.w.) bir gezek boýna dakylýan bir monjuk sowgat beripdirler. Ol: «Muny maşgalamdan iň gowy görýänime berjek» diýipdir. Zenanlar musulmanlaryň enesi Äşe hezretlerini (r.a.) göz öňünde tutup: «Ebu Kuhafäniň gyzynyň bagty getirdi» diýipdirler. Allahyň Resuly (s.a.w.) bolsa öz agtygy Ümämäni çagyryp, monjugy onuň boýnuna dakypdyr. Başga bir rowaýatda: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Muny kim iň bir merhemetlimiz bolsa, şoňa berjek» diýip, monjugy Ebu Asyň Zeýnepden bolan gyzynyň boýnuna öz eli bilen dakandygy gürrüň berilýär.
Ümäme hezretleri öz kakasy ýogalanyndan soňra Zübeýr ibn Awwamyň (r.a.) howandarlygy astyna geçip, ol hem ony Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gyzy Patma (r.a.) dünýäden öteninden soňra hezreti Ala (keremallahu wejheh) nikalap beripdir. Hezreti Aly şehit bolup, panydan baka göçmekçi bolanda, Ümämä ýüzlenip: «Şu adam (ol Mugawyýa ibn Ebu Sufýany göz öňünde tutýar) saňa hyrydar bolarmyka diýip gorkýaryn. Eger menden soňradurmuşa çykjak bolsaň, Mugyra ibn Nöwfeliň seniň äriň bolmagyny isleýärin» diýipdir. Hakykatdan hem Mugawyýa (r.a.) Merwany ýüz müň dinar bilen sawçylyga iberse-de, Ümäme Mugyra durmuşa çykypdyr. Mugyra Aly ibn Ebutalybyň doganoglany Nöwfel ibn Harysyň ogludyr.
Zeýnep (r.a.) hem Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iň uly gyzydyr. Ýokarda hem aýdylyşy ýaly, onuň adamsy Ebu As ibn Raby ibn Abdyluzza ibn Abdyşems ibn Abdymenaf Mekgäniň boýun egdirilmeginden biraz öň yslam dinini kabul edip, beýik muhajirleriň hataryna goşulypdyr.
[1]Müslimiň, Nesaýynyň we Ibn Hybbanyň köp sanly ýollardan beýan eden rowaýatlarynda: «Rukuwa gidende ýerde goýardy»;Ebu Dawudyň beýan eden rowaýatynda: «Soňundan rukuwa gitmek islände, ony alyp, ýere düşüreninden soňra rukuwa we sejdä giderdi. Sejde edip, aýagyna galjak bolanda ýene öňki ýerine, ýagny,egnine mündürerdi» diýilýär.
Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýle etmegi muňa rugsat berilýändigini aňlatmak üçindir. Mysal üçin, Şapygy bilen Ahmet ibn Hanbal ikisiniň düşünjeleri-de şonuň ýalydyr. Mäligiň mezhebine uýýanlar bolsa,namaz wagty başga iş bilen meşgullanmagyň gadagan edilmegi bilen,bu rugsadyň ýatyrylandygyny aýdýarlar. Ýöne,olaryň delili bolup hyzmat edýän: «Namaz başga işe ýer galdyrmaz» diýen hadysy-şerif Ümäme (r.a.) bilen baglanyşykly wakadan has öň aýdylandyr. Namazda başga bir zat bilen meşgul bolmagyň gadagandygy hakyndaky pikiri özünde jemleýän bu hadys Abdullah ibn Mesgut Hebeşistandan dolanyp gelende, oňa ýüzlendirilipdir. Ümäme (r.a.) bilen baglanyşykly waka bolsa, hernäme bolanda-da, Bedir söweşinden soňra ýüze çykan bolmaly. Şonuň üçin hem şonda aýdylan hadysyň ýatyrylandygy hakyndaky pikiri kabul edip bolmaz. Ymam Mäligiň bu wakanyň nepil namazy wagtynda ýüze çykandygy, şonuň üçin hem onuň ýaly bir hereketiň parz namazy okalýarka ýüze çykyp bilmejegi hakynda aýdan sözüni Müslim bilen Ebu Dawudyň kitaplaryna girizen rowaýatlary ret edýärler. Müslimiň kitabyndaky rowaýatda: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) egninde Ümäme oturan ýagdaýynda,adamlara ymam bolup, namaz okadandygyny gördüm» diýilýär. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda bolsa: «Biz öýle ýa-da ikindi namazyny okamak üçin Allahyň Resulyna (s.a.w.) garaşyp otyrdyk. Bilal hem bumübärek kişini namaza çagyrmaga gidipdi. Bir görsek, ol gyzynyň gyzy Ümäme binti Ebu Asy egninde göterip, metjide girdi-de, namaza durdy. Biz hem durduk» diýen rowaýat bardyr. Zübeýr ibn Bekkaryň «Kitabun-Nesebinde» bolsa bu wakanyň ertir namazynda bolandygy aýdylýar. Diýmek, bu ýerde gürrüň nepil namazlarynyň biri hakynda gidip bilmez. Şonuň ýaly-da, ony parz namazlaryndan öň okalýan sünnet hem hasaplap bolmaz. Çünki, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) nepil namazlaryny metjitde okamak endigi ýokdy. Ol nepil namazlaryny öýünde okap, parz namazy okaljak bolanda metjide çykardy.
Ebu Hanifäniň bu babatdaky düşünjesi barada aýdylanda bolsa, ol namazy bozýan amaly-kesir (köp sanly iş) we namazy bozmaýan amaly-kalil (az sanly iş) hakynda gürrüň edip: «Amaly-kesir iki eli-de ulanmagy talap edýän, amaly-kalil bolsa oňa zerurlyk bolmadyk işdir. Olaryň her biriniň aýry-aýry görnüşleri bardyr» diýýär hem-de olara mysal getirýär: «Biri ýaý alyp, onuň bilen peýkam atsa, şonuň ýaly-da,bir zenan çagasyny emdirse, namazy bozular. Çünki, bu işler üçin iki el zerurdyr. Ýöne çagany emdirmän, götermek namazy bozmaz». Ebu Hanife bu ýerdäki hadysy-şerifden söz açyp, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şerigat düzgünlerini beýan etmek üçin,şonuň ýaly hereket edendigini, edil şol wagt Ümämä göz-gulak boljak adamyň ýokdugy üçin ony götermäge mejbur bolandygyny, biziň döwrümizde-de zerurlyk ýüze çykanda beýle etmegiň gadagan däldigini, diňe zerurlyk bolmadyk halatynda beýle etmegiň gadagandygyny aýdýar.
Alymlaryň käbirleri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okanda Ümämäni egnine almagynyň syryny, şeýle etmek bilen onuň araplaryň jahylyýet zamanyndan galan gyzlary halamazlyk, olary götermekden ýüz öwürmek ýaly ýaramaz adatlarynyň ýatyrylýandygyny mälim etmek isländigi bilen düşündirýärler. Amal arkaly görkezilen görelde, söz bilen beýan edeniňden has täsirlidir.