312 Kyblaňda zenan maşgala ýatan wagty namaz okamagyň bolýandygy hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 312 Kyblaňda zenan maşgala ýatan wagty namaz okamagyň bolýandygy hakda

عَنْ عَائِشَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْها قَالَتْ: كَانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصَلِّي ، وَأَنَا رَاقِدَةٌ مُعْتَرِضَةٌ عَلَى فِرَاشِهِ ، فَإِذَا أَرَادَ أَنْ يُوتِرَ أَيْقَظَنِي فَأَوْتَرْتُ.

 

         Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Men düşeginde öňüni gabalap uklap ýatan wagtym, Allahyň Resuly (s.a.w.) maňa garşy durup namaz okardy1 we witir namazyny okajak bolanda, meni-de oýarardy. Witir namazyny onuň bilen bile okardym».

 

1Bu hadysdan uklap ýatan adama tarap seredip namaz okamaga rugsat berilýändigi barada netije çykarmak mümkin. Mälik, Müjähit, Tawus bolsa uklap ýatanyň hereket etmeginiň mümkindigine we namazyň ýalňyşsyz okalmalydygyna esaslanyp, ony mekruwh hasap edipdirler. Ebu Dawudyň Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan eden: «Uklap ýatana bakyp hem, gürrüňleşip oturana bakyp hem namaz okamaň» diýen hadysy ygtybarly hasap edilmändir we alymlar köplügi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hereketine esaslanyp, beýle etmäge rugsat berilýändigi bilen ylalaşypdyrlar.