311 Namaz okap duran adamyň öňünden geçmegiň ýigrenilýän zatdygy hakda. Bu babatdaky beýleki rowaýatlar
عن أَبِي جُهَيْمٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: قال رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (لَوْ يَعْلَمُ الْمَارُّ بَيْنَ يَدَيْ الْمُصَلِّي مَاذَا عَلَيْهِ ، لَكَانَ أَنْ يَقِفَ أَرْبَعِينَ خَيْرًا لَهُ مِنْ أَنْ يَمُرَّ بَيْنَ يَدَيْهِ). قَالَ الراوي: لا أَدْرِي أَقَالَ أَرْبَعِينَ يَوْمًا أَوْ شَهْرًا أَوْ سَنَةً.
Ebu Jüheým (Harys ibn Symma Ensary)1(r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly: «Namaz okaýanyň öňünden geçen adam öz üstüne näçe günä alýandygyny bilse, onuň öňünden geçeninden,kyrk2 ........... durmagy has haýyrly biler»diýdi». Rowaýatçy: «Kyrk gün diýdimi, kyrk aý ýa-da kyrk ýyl diýdimi –bilmeýärin» diýipdir3.
1Ol 224-nji hadysy-şeribiň rawysy bolup, 243-nji hadysy-şerifde ady geçen Ebu Jehmden başga adamdyr. Bu soňkynyň ady Amirdir. Özem kuraýyşyň adewilerindendir. Bu bolsa ensaryň hazrejilerinden. Ibn Abdylber bu hadysyň rawysy bolan Ebu Jüheým bilen 224-nji hadysdaky Ebu Jüheýmiň başga-başga adamlardygyny aýdýar. Diýmek, onuň pikirine görä, bir Ebu Jehm, iki sany hem Ebu Jüheým bar. Bu jedeliň ýüze çykmagyna şu hadysyň rawysynyň öz künýesi bilen tanalyp, adynyň kä Harys ibn Symma, käte-de Abdullah diýlip görkezilmegi sebäp bolupdyr.
Bu hadysyň Buharynyň kitabyndaky nusgasy has giňişdir. Halyt ibn Zeýt Jüheni (r.a.) hadysyň rawylaryndan biri bolan Büsr ibn Sagyt Hadramyny namaz okap duranyň öňünden geçen adam hakynda Allahyň Resulyndan (s.a.w.) näme eşidenini soramak üçin,Ebu Jüheým Ensarynyň (r.a.) ýanyna ýollapdyr. Ebu Jüheým hem Allahyň Resulyndan (s.a.w.) eşidendigini aýdyp, şu hadysy gürrüň beripdir.
2Bezzaryň rowaýatynda: «Kyrk soňbahar, ýagny kyrk ýyl» görnüşinde beýan edilipdir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Ebu Hüreýräniň adyndan habar berilýän hadysy-şeribinde: «Haýsy hem bolsa biriňiz namaz okap duran gardaşynyň öňüni kesip geçmek bilen öz üstüne alýan günäsini bilse, onda äden şol ädimini ätmezden, ýüz ýyl butnaman durmagy has haýyrly biler» diýlişi ýaly, Tabaranynyň «Ewsat» atly kitabynda-da Ibn Omaryň adyndan: «Namaz okaýanyň öňünden geçen adamyň kyýamat gününde: «Ah, käşgä bir guran agaç bolsadym» diýip arzuw etjekdigi şübhesizdir» diýen hadysy-şerif rowaýat edilýär. Humeýdiniň «Musannef» atly kitabynda-da: «Namaz okaýanyň öňünden geçen adam öz üstüne alýan günäsini bilse, onuň öňünden geçeninden uýlugynyň bölek-bölek bolanyny has gowy görerdi» diýen hadysy-şerif ýerleşdirilipdir.
3Bu sözleri aýdýan rowaýatçy Mälik ibn Enesdir. Buharynyň beýan etmegine görä, beýle diýmek bilen ol Ebu Nadra salgylanýar. Ebu Nadr hem bu hadysy Busr ibn Sagyt Hadramynyň adyndan beýan etse-de, bu kyrkyň nämedigini unudypdyr.