309 Uzanyp ýatan adama tarap seredip namaz okamaga rugsat berilýändigi hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 309 Uzanyp ýatan adama tarap seredip namaz okamaga rugsat berilýändigi hakda

عَنْ عَائِشَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ: أَعَدَلْتُمُونَا بِالْكَلْبِ وَالْحِمَارِ ، لَقَدْ رَأَيْتُنِي مُضْطَجِعَةً عَلَى السَّرِيرِ ، فَيَجِيءُ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، فَيَتَوَسَّطُ السَّرِيرَ فَيُصَلِّي ، فَأَكْرَهُ أَنْ أَسْنَحَهُ فَأَنْسَلُّ مِنْ قِبَلِ رِجْلَيْ السَّرِيرِ ، حَتَّى أَنْسَلَّ مِنْ لِحَافِي.

 

       Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Siz bizi itdir eşek bilen deňeşdirýärsiňizmi?1 Kasam edýärin, men düşegiň bir tarapynda ýanyn ýatan wagtymda, Allahyň Resuly (s.a.w.) gelip, düşegiň ortarasynda namaza durardy. Men bir zerurlyk üçin ýerimden turmaly bolsam, onuň kyblasyna gabat gelmäýin diýip, düşegiň aşak tarapyndan syrylyp çykardym»2.

 

1Beýleki rowaýatlarda hezreti Äşe (r.a.) bu hadysy beýan edenleriň biri bolan Eswet ibn Ýezit Nahaýa ýüzlenip: «Namazy nämeler bozýar?» diýip sorapdyr. Olhem Yragyň halkynyň düşünjesine görä, zenan maşgala bilen itiň namazy bozjakdygyny aýdypdyr. Musulmanlaryň enesi-de şondan soňra şu hadysdaky jogaby beripdir.

268, 143, 246, 249, 303, 309-njy hadyslara-da seret. Zenan maşgalanyň namaz okaýanyň kyblasynda uzalyp ýatmagy namazy bozmaýan bolsa, onuň öňünden geçip gitmeginiň namazy bozmajagy öz-özünden düşnüklidir.