308 Allahyň Resulynyň (s.a.w) düýäni ýa-da onuň howudyny sütre edinip, namaz okandygy hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 308 Allahyň Resulynyň (s.a.w) düýäni ýa-da onuň howudyny sütre edinip, namaz okandygy hakda

    عَنْ نَافِعٍ عَنْ ابْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهمُا: عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: أَنَّهُ كَانَ يُعَرِّضُ رَاحِلَتَهُ فَيُصَلِّي إِلَيْهَا ، قُلْتُ أَفَرَأَيْتَ إِذَا هَبَّتِ الرِّكَابُ ؟ قَالَ: كَانَ يَأْخُذُ هَذَا الرَّحْلَ فَيُعَدِّلُهُ ، فَيُصَلِّي إِلَى آخِرَتِهِ ، أَوْ قَالَ مُؤَخَّرِهِ ، وَكَانَ ابْنُ عُمَرَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ يَفْعَلُهُ.

 

         Nafy şeýle diýipdir: „Ibn Omaryň (r.a.) habar bermegine görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) ,köplenç, öz münüş düýesini garşysynda çökerip, oňa garşy durup namaz okar eken1.Men Ibn Omardan: «Düýe aýaga galkyp,gaçyp gitsenäme ederdi?» diýip soradym.. Ol hem: «Şunuň ýalyýagdaý ýüze çykanda, Allahyň Resuly (s.a.w.) düýäniň howudyny öňünde goýardy we onuň yzky gaşyny nazarlap, namaz okamagyny dowam ederdi»diýip jogap berdi.Ibn Omaryň özihem şeýle ederdi».

 

1271-nji hadysa-da seret. Gysga naýza, hasa ýaly zatlary, silindr şekilli zady, eti halal we arassa bir haýwany, sarsman durjak düýe howudy ýaly bir zady süträ derek ulanmaga rugsat berlişi ýaly, ösüp oturan agajy-da sütre hökmünde ulanmaga rugsat berilýär. Mysal üçin, Nesaýynyň aşakdaky hadysy munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Ol hadysda şeýle diýilýär:
«Aly (r.a.): «Men şuny bilýärin: Bedir söweşiniň bolup geçen gününiň öň ýanyndaky gije aramyzda uklaman galan kişi ýokdy. Diňe Allahyň Resuly (s.a.w.) oýady. Ol bir agajy kyblasyna alyp, tä daň atýança namaz okap, doga edipdi» diýipdir». Bu hadys ygtybarly hadyslaryň biridir.