307 Allahyň Resulynyň (s.a.w) Käbäniň niresinde namaz okandygy hakda
عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ دَخَلَ الْكَعْبَةَ ، وَأُسَامَةُ بْنُ زَيْدٍ وَبِلالٌ وَعُثْمَانُ بْنُ طَلْحَةَ الْحَجَبِيُّ ، فَأَغْلَقَهَا عَلَيْهِ ، وَمَكَثَ فِيهَا ، فَسَأَلْتُ بِلالاً حِينَ خَرَجَ: مَا صَنَعَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ؟ قَالَ: جَعَلَ عَمُودًا عَنْ يَسَارِهِ ، وَعَمُودًا عَنْ يَمِينِهِ ، وَثَلاثَةَ أَعْمِدَةٍ وَرَاءَهُ ، وَكَانَ الْبَيْتُ يَوْمَئِذٍ عَلَى سِتَّةِ أَعْمِدَةٍ ، ثُمَّ صَلَّى.
في رِوَيةٍ: عَمُودَيْنِ عَنْ يَمِينِهِ.
Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir1: « Allahyň Resuly (s.a.w.) Käbäniň içine girdi. Bilal, Usama ibn Zeýt we Käbäniň açaryny gorap saklaýjy Osman ibn Talha hem onuň yzyna düşdüler. Olar içeri girensoňlar, Talha gapyny ýapdy we Pygamberimiz (s.a.w.) şol ýerde birnäçe wagtlap eglendi. Bilal Käbeden çykan wagty ondan: «Allahyň Resuly (s.a.w.) näme etdi?» diýip soradym. Ol: «Bir diregi sag, bir diregi çep, üç diregi-de arka tarapyna aldy» diýdi2. Käbäniň şol döwürde alty diregi bardy».
Başga bir rowaýatda: «Iki diregi sag tarapyna...» diýlipdir3.
[1]Bu 294-nji hadysyň bir nusgasydyr. Şol ýerde Hammat ibn Zeýt Eýýup Sahtyýanydan, ol hem Nafydan, ol hem öz gezeginde Ibn Omardan rowaýat edýärdi. Bu ýerde bolsa Abdullah ibn Ýusup Mälikden, ol hem Nafydan, ol hem öz gezeginde Ibn Omardan rowaýat edýär.
2Buharynyň Mäligiň tarapyndan gelip ýeten başga bir rowaýatynda: «Bir diregi sag tarapyna, iki diregi çep tarapyna...» diýlipdir. Bu rowaýat Müslimiň kitabynda-da bar. Bu ýerdäki hadysyň tekstine görä, diregleriň sanynyň jemi bäş bolup çykjakdygyndan we ýene şol hadysda diregleriň sanynyň altydygy tassyk edilýändiginden çen tutup, ikinji rowaýaty has ynamdar hasaplamak mümkin.
3Bu rowaýat hem Ysmaýyl ibn Ebu Uweýsiň Mäligiň adyndan beýan eden rowaýatydyr. Ol Buhary bilen Müslimiň ikisinde-de duş gelýän rowaýatyň tersine Allahyň Resulynyň (s.a.w.) iki diregi çep tarapyna däl-de, sag tarapyna alandygyny nygtaýar. Bu dürli-dürli rowaýatlaryň hemmesine görä-de, Allahyň Resuly (s.a.w.) iki diregiň arasynda namaz okan bolup çykýar. Buharynyň başga bir rowaýaty-da Abdullah ibn Omaryň şoňa meňzeş hereketi hakda gürrüň berýär. Onda rowaýatçy Nafy şeýle diýýär: «Abdullah ibn Omar Käbäniň içine gireninden soňra göni öňe ýörärdi, Käbäniň gapysyny yzda goýup, gabat öňündäki diwar bilen arasynda üç arşyn ýer galýança baryp, şol ýerde namaz okardy. Ol Bilalyň sözleri boýunça,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okan ýerini gözlärdi».
Ibn Omar: «Käbäniň haýsy ýerinde namaz okalsa-da, oňa gadagançylyk ýokdur» diýipmiş.