306 Allahyň Resulynyň (s.a.w) adatça Kuran goýulýan ýeriň ýanyndaky direge bakyp namaz okamaga çalşandygy hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 306 Allahyň Resulynyň (s.a.w) adatça Kuran goýulýan ýeriň ýanyndaky direge bakyp namaz okamaga çalşandygy hakda

     عن سَلَمَةَ بْنِ الأَكْوَعِ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّهُ كَانَ يُصَلِّي عِنْدَ الأُسْطُوَانَةِ الَّتِي عِنْدَ الْمُصْحَفِ ، فَقِيلَ له: يَا أَبَا مُسْلِمٍ ، أَرَاكَ تَتَحَرَّى الصَّلاةَ عِنْدَ هَذِهِ الأُُسْطُوَانَةِ ؟ قَالَ: فَإِنِّي رَأَيْتُ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَتَحَرَّى الصَّلاةَ عِنْدَهَا.

 

       Seleme ibn Ekwa Esleminiň (r.a.) adatça Mushaf (Kuran) goýulýan ýeriň ýanyndaky direge bakyp1 namaz okandygy, kimdir biriniň hem oňa: «Seniň mydama şu diregiň ýanynda namaz okamaga çalyşýandygyňy görýärin» diýende: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hem şu diregiň ýanynda namaz okamaga çalşandygyny gördüm2» diýip jogap berendigi ygtybarly rowaýatda habar berilýär.

 

1Bu direg «Üstüwanetül-Muhajirin» ady bilen bellidir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Metjidi-Şeribinde hezreti Osmanyň (r.a.) zamanynda Kuran goýmak üçin niýetlenen bir ýeriň bolandygy şu rowaýatdan aňlanylýar. Müslimiň öz kitabynda ýerleşdiren rowaýatynda-da: «Sandygyň arka tarapynda namaz okardy» diýilýändigine görä, Kurany-Kerimiň sandygyň içinde saklanandygyny çak etmek bolýar.

2Süträniň arkasynda namaz okamaga rugsat berleninden soň, diregiň arkasynda namaz okamaga-da rugsat berler. Mysal üçin, Buharynyň öz kitabyna girizen bir rowaýatynda Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýýär: «Men Muhammet sallallahu aleýhi we sellemiň beýik sahabalarynyň agşam namazynyň azany aýdylanda, Allahyň Resuly (s.a.w.) öýünden çykýança,direglere tarap howlugyp, oňa garaşan zamanlaryny bilýärin».