305 Allahyň Resuly (s.a.w.) hajatyny bitirmek üçin çykanda, onuň öz ýany bilen bir hasa ýa-da gysga naýza, bir-de suw mytaharasyny alandygy hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 305 Allahyň Resuly (s.a.w.) hajatyny bitirmek üçin çykanda, onuň öz ýany bilen bir hasa ýa-da gysga naýza, bir-de suw mytaharasyny alandygy hakda

عن أَنَسَ بْنَ مَالِكٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: كَانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ إِذَا خَرَجَ لِحَاجَتِهِ ، تَبِعْتُهُ أَنَا وَغُلامٌ ، وَمَعَنَا عُكَّازَةٌ أَوْ عَصًا أَوْ عَنَزَةٌ ، وَمَعَنَا إِدَاوَةٌ ، فَإِذَا فَرَغَ مِنْ حَاجَتِهِ نَاوَلْنَاهُ الإِدَاوَةَ.

 

       Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) hajat kylmak üçin çykan wagty,bir çaga bilen birlikde ýanymyza ujuna gysga naýza berkidilen taýak ýa-da bir hasa, ýa bolmasa gysga bir naýza, şonuň ýaly-da, suwly mytahara (gap) alyp, yzyna düşerdik. Işini bitireninden soňra mytaharyny eline tutdurardyk1.

 

1121-nji hadysa seret.