304 Namaz okaýan kişi bilen diwaryň arasyndaky uzaklyk

Başy » NAMAZ KITABY » 304 Namaz okaýan kişi bilen diwaryň arasyndaky uzaklyk

 

 عَنْ سَهْلِ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: كَانَ بَيْنَ مُصَلَّى رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَبَيْنَ الْجِدَارِ مَمَرُّ الشَّاةِ.

 

         Sehl (ibn Sagt Sagydy)(r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okaýan ýeri bilen diwaryň arasynda bir goýun geçip biläýjek ýer bardy»1.

 

1Goýun geçip biläýjek ýeriň ölçegini kesgitlemekde jedel ýüze çykypdyr. Birnäçeleri: «Namaz okaýan aýakda durany üçin, diwar bilen arasy şonça bolmalydyr» diýipdirler. Ine, şu ýagdaýa görä, namaz okaýanyň rukuwa we sejdä gidip bilmegi üçin,bu aralygyň üç arşyn bolmalydygyny aýdanlar hem bar. Ymam Şapygy, ymam Ahmet ibn Hanbal, Ata ibn Ebu Rebah we başga-da birtopar alymlar bu pikir bilen ylalaşypdyrlar. Olaryň delilleri Bilalyň (r.a.) aýdan rowaýatydyr. Bu rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) Käbäniň içinde namaz okaýan wagty özi bilen kyblanyň aralygynda üç arşyn ýer goýupdyr (294 we 307-nji hadyslara-da seret).

Käbirleri bu aralygyň bir garyş bolmalydygyny aýdypdyrlar. Bu namaz okaýan adam sejdede wagty, onuň bilen diwaryň arasynda galmaly aralykdyr. Käbirleri-de bu aralygyň alty arşyn bolmalydygynyň tarapyny tutupdyrlar. Mysal üçin, Ibn Ebu Şeýbäniň «Musannef» atly kitabynda Abdullah ibn Mugaffeliň (r.a.) namaz okanda diwar bilen arasynda şonça ýer goýandygy hakynda ygtybarly rowaýatyň üsti bilen habarberilýär. Ymam Mälik bu aralygyň rukuw we sejde etmäge mümkinçilik we namaz okaýanyň öňünden geçmekçi bolýan kişä päsgel bermek üçin ýeterlik bir aralyk bolmalydygyny aýdýar. Nähili ýagdaý bolanda-da, diwardan gaty bir uzakda durmaly däl. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Sehl ibn Ebu Haýsemäniň (r.a.) adyndan ýerleşdirilen bir rowaýata görä,Allahyň Resuly (s.a.w.): «Araňyzdan biri bir süträ ýüzlenip namaz okan wagty, şeýtan namazyny bozmaz ýaly, oňa ýakynlaşsyn» diýipdir. Bu ýerde şeýtan diýlip, namaz okaýanyň öňünden geçmek bilen onuň ünsüni bölen adam ýa-da haýwan göz öňünde tutulýar.