303 Allahyň Resulynyň (s.a.w) öz öňüne bir gysga naýza dikip, namaz okadyp durka öňünden eşek we zenan geçse-de, namazyny dowam edendigi hakda. Bu babatda beýleki rowaýatlar we alymlaryň pikirleri

Başy » NAMAZ KITABY » 303 Allahyň Resulynyň (s.a.w) öz öňüne bir gysga naýza dikip, namaz okadyp durka öňünden eşek we zenan geçse-de, namazyny dowam edendigi hakda. Bu babatda beýleki rowaýatlar we alymlaryň pikirleri

عن أَبِي جُحَيْفَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ : أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ صَلَّى بِهِمْ بِالْبَطْحَاءِ ، وَبَيْنَ يَدَيْهِ عَنَزَةٌ ، الظُّهْرَ رَكْعَتَيْنِ ، وَالْعَصْرَ رَكْعَتَيْنِ ، تَمُرُّ بَيْنَ يَدَيْهِ الْمَرْأَةُ وَالْحِمَارُ.

 

         Ebu Juhaýfa (Wehb ibn Abdullah Süwäýi)(r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.)

Bathada öz öňünde gysga naýza dikilgi ýagdaýda öýle we ikindi namazlaryny iki rekagat, iki rekagat edip okadandygyny, şol wagt onuň öňünden bir aýal bilen bir eşegiň geçendigini ygtybarly rowaýatda habar berýär1.

 

1Bu hadysy-şerif 246-njy hadysy-şeribiň bir bölegidir (68, 246, 249 we 309-njy hadyslara-da seret). Alymlaryň hemmesi namaz okaýan adam bilen onuň öňünde dikilen süträniň arasyndan bir jandaryň geçmeginiň bolmaýandygy bilen ylalaşsalar hem, olaryň pikirine görä, namaz okaýanyň öňünden geçen ynsan ýa haýwan onuň namazyny bozmaz. Olaryň delilleri-de,şu hadys bilen Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen 68-nji hadys we Buharydyr Müslimiň Äşäniň (r.a.) adyndan beýan eden hadysydyr. Soňky hadysyň golaý manysy şeýledir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okardy. Men hem onuň garşysynda öliniň ýatyşy ýaly keseligine ýatardym». Bu hadys käbirleri tarapyndan: «Aýbaşym gelip duran ýagdaýynda» diýen goşmaça bilenbeýan edilýär. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.) adyndan beýan edilen: «Namazy hiç bir zat bozmaz. Ýöne eliňizden geldiginden öňüňizden zat geçirmejek boluň. Çünki,ol şeýtandan başga zat däldir»diýen hadys bar hem bolsa, onuň gelip ýetişi gümürtigräkdir. Ýöne Enesiň (r.a.), şonuň ýaly-da, Mekhuwlyň, Ebu Ahwasyň, Hasan Basrynyň we Ykrymanyň namaz okaýanyň kyblasyndan it, eşek, zenan geçse, onuň namazynyň bozuljakdygy bilen ylalaşandyklarynyň aýdylyşy ýaly, Ibn Apbas (r.a.) gara it bilen aýbaşyly zenanyň, Ykryma itiň, eşegiň, doňzuň, zenanyň, ýehudynyň, hristianyň we otparazyň; Ataibn Ebu Rebah gara it bilen aýbaşyly zenanyň; bir meşhur rowaýata görä-de,Ahmet ibn Hanbal gap-gara itiň we, başga bir gürrüňe görä, gap-gara it bilen eşegiň hem-de zenanyň namazy bozjakdyklaryna ynanypdyr. Bularyň iň uly delili Müslimiň kitabynda Ebu Zeriň (r.a.) adyndan beýan edilen ygtybarly hadys bolup, onda şeýle diýilýär: «Öňünde düýe howudynyň yzky gaşy bilen boýdaş bir sütresi bolmadyk adamyň namazyny zenan, eşek, şeýle hem gara köpek bozar». Ebu Zer (r.a.): «Gara köpek namaz bozýar-da, gyzyl köpek näme üçin bozmaýar?» diýip özüne sorag beren adama: «Doganymyň ogly, men hem edil sen ýaly bu soragy Allahyň Resulyna (s.a.w.) berdim. Ol: «Gara köpek şeýtandyr» diýdi» diýip jogap beripdir. Gara köpegiň şeýtan bolmagy onuň has uly bolmagy bilen baglanyşykly bolsa gerek. Bu aýdylanlary goldaýan başga rowaýatlar bar hem bolsa, olar Müslimiň beýan eden bu hadysy ýaly ygtybarly däldir.

            Bu hadyslardaky: «Namazy bozar» söz düzümine: «Huşy gider» manysyny bermek we namaz okaýanyň öňünden geçmegiň (onuň ünsüni sowup biljegi üçin) düýbünden gadagandygyny şol aýdylanlaryň üstüne goşmak has gowudyr.