302 Baýram namazlarynda Allahyň Resulynyň (s.a.w) öz öňüne bir gysga naýzany dikmegi

Başy » NAMAZ KITABY » 302 Baýram namazlarynda Allahyň Resulynyň (s.a.w) öz öňüne bir gysga naýzany dikmegi

   عَنْ ابْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ كَانَ إِذَا خَرَجَ يَوْمَ الْعِيدِ أَمَرَ بِالْحَرْبَةِ فَتُوضَعُ بَيْنَ يَدَيْهِ ، فَيُصَلِّي إِلَيْهَا وَالنَّاسُ وَرَاءَهُ ، وَكَانَ يَفْعَلُ ذَلِكَ فِي السَّفَرِ ، فَمِنْ ثَمَّ اتَّخَذَهَا الأُمَرَاءُ.

 

            Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) baýram güni namaz okamaga çykanda, bir gysga naýza getirmeklerini buýrardy. Bu naýza onuň öňünde dikilip, ol şoňa bakyp namaz okardy, adamlar hem onuň yzynda namaza durardylar. Allahyň Resuly (s.a.w.) sapar wagtynda-da şeýle ederdi»1.

Şu ýerde bu hadysy beýan eden rowaýatçy şeýle diýýär: «Hökümdarlaryň baýram namazlarynda öňlerinde gysga naýza dikdirmekleri şondan gaýdýar».

 

1Daşyna diwar aýlanmadyk ýerde namaz okaýan adamyň kybla tarapyndan adam geçmeginden gorkulsa, namaz okalýandygyny bildirmek üçin,bir sütre dikmäge rugsat berilýändigi barada bir pikire gelnendir. Hiç kimiň geçmejegine ynamyň bar ýerinde-de, ymam Mälik bilen ymam Şapyga görä, namaz okaýan öz öňünde sütre dikmäge borçludyr. Ýöne Urwa, Ata, Salym ibn Abdylla, Kasym ibn Muhammet, Şagby, Hasan Basry ýaly alymlaryň sährada sütresiz namaz okandyklary gürrüň berilýär. Ymamyň öňünde dikilen sütre oňa uýýanlar üçin hem ýeterlikdir.