300 Allahyň Resulynyň (s.a.w) namaz okan ýerlerinde teperrük üçin namaz okamaga rugsat berilmegi

Başy » NAMAZ KITABY » 300 Allahyň Resulynyň (s.a.w) namaz okan ýerlerinde teperrük üçin namaz okamaga rugsat berilmegi

    عن عَبْدِ اللَّهِ بن عمر رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا: أنَّهُ كّانَ يصلي في أَمَاكِنَ مِنْ الطَّرِيقِ ، وَيُحَدِّثُ: أَنَّهُ رَأَى النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصَلِّي فِي تِلْكَ الأَمْكِنَةِ.

 

         Abdullah ibn Omar (ibn Hattabyň) (r.a.) Mekge bilen Medinäni birleşdirýän ýoluň käbir ýerlerinde namaz okap: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şu ýerlerde namaz okandygyny gördüm» diýendigi ygtybarly rowaýatda beýan edilýär1.

 

1Bu rowaýaty Abdullah ibn Omaryň ogly Salym bilen azat eden guly Nafy gürrüň beripdirler. Buharydaky metine görä, bularyň ikisiniň hem adyndan rowaýat eden Musa ibn Ukba ilki Salym ibn Abdullahyň bu mukaddes ýerlerde namaz okanyny görüp, aýdan sözlerini eşideninden soň, Nafydan hem bu barada sorapdyr. Salym bilen Nafynyň sözleri deň çykypdyr. Olaryň diňe Rawha depesindäki metjit hakynda aýdanlary biri-biriniňkiden çapraz gelipdir. Rawha depesi Medineden iki düşelge aradaşlykda ýerleşen mübärek bir ýerdir. Ol hakda Ebu Hüreýre (r.a.) tarapyndan gürrüň berlen: «Janym gudrat ellerinde bolan Allahü tagaladan kasam edýärin: Isa Ibn Merýem (alaýhyssalatu wessalam) günleriň birinde haj etmek ýa-da umra hajyny ýerine ýetirmek üçin gaty sesi bilen: «Lepbeýk, lepbeýk!» diýip gygyryp, Rawha ýolundan geçjekdir» diýen hadysyň bar bolşy ýaly, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Rawha jülgesiniň Zubýe diýen depejigiň tarapyndaky içki bölegine baranlarynda: «Bu ýer jennet derelerinden bir deredir. Bu derede menden öň ýetmiş nebi (alaýhymus-salatu wessalam) namaz okap, Musa ibn Ymran (salawatullahy we selamuhy alaýh) hem ysraýyl tiresinden ýetmiş müň adam bilen birlikde haj etmek ýa-da umra hajyny ýerine ýetirmek niýeti bilen bu ýere ugrandyr» diýendigi barada köp sanly ýollardan gelen rowaýatlar hem bar.

Allahyň Resulynyň (s.a.w.) geçen ýolundan pata almak niýeti bilen şunuň ýaly mübärek ýerleri gözlemegiň sogapdygyna şühbe bolmaýşy ýaly, beýtmegiň gadagandygy baradaky habar hem bar. Mysal üçin, Süweýt ibn Magruryň Omar ibn Hattabyň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýaty kakasy bilen oglunyň bu baradaky düşünjeleriniň biri-biriniňkiden tapawutlanandygyny görkezýär. Bu rowaýatda aýdylyşyna görä, hezreti Omar bir gezek sapar wagtynda ertir namazyny okanyndan soňra bir ýere barsa, öten-geçenleriň: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bu ýerde namaz okapdyr» diýip, şol ýere howlugýandyklaryny görüpdir. Şonda ol: «Kitap bagyşlanan halky heläk eden we ýalňyşmaga iteren zat ähli pygamberleriň geçen ýerlerini yzarlap, şol ýerlerde kilise, sinagoga gurmaga çalyşmaklarydy. Kimiň namaz okamaly wagty gelen bolsa, bu ýerde galsyn, bolmasa-da,ýoluny dowam etsin» diýipdir. Ýöne hezreti Omaryň pikiri bilen onuň ogly Ibn Omaryň hereketleriniň arasynda garşylyk ýokdur. Hezreti Omar (r.a.) adamlaryň namaz okamak niýeti bolmadyk ýagdaýynda şol ýere diňe pata almak üçin gidip, ýerliksiz basa-baslyga sebäp bolmaklaryndan we nämäniň nämedigini doly aňşyrmaýan adamlaryň gide-gide şol ýerde namaz okamagy wajyp diýip hasaplamaklaryndan gorkýardy. Onuň ogly üçin bolsa,munuň ýaly gorka sebäp ýokdy. Hususan hem 248-nji we 268-nji hadyslar mukaddes nyşanlardan bereket dilemegiň bolýandygynyň delilidir. Hatda şapygy mezhebine uýýan fykyhçy alymlaryň biri bolan Muhý Sünne lakamy bilen şöhratlanan Bagawy: «Hezreti Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okandygy takyk belli bolan metjitleriň birinde namaz okamaga söz beren adamyň (üç sany metjitde, ýagny,Mekgäniň, Medinäniň we Beýtil-Mukaddesiň metjitlerinde namaz okamaga söz beren adam mysaly) şol ýerde namaz okamagy hökmandyr» diýip fetwa hem beripdir.