299 Sehiw sejdesi hakda
عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: صَلَّى بِنَا رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ إِحْدَى صَلاتَيْ الْعَشِيِّ فَصَلَّى بِنَا رَكْعَتَيْنِ ثُمَّ سَلَّمَ ، فَقَامَ إِلَى خَشَبَةٍ مَعْرُوضَةٍ فِي الْمَسْجِدِ فَاتَّكَأَ عَلَيْهَا كَأَنَّه غَضْبَانُ ، وَوَضَعَ يَدَهُ الْيُمْنَى عَلَى الْيُسْرَى ، وَشَبَّكَ بَيْنَ أَصَابِعِهِ ، وَوَضَعَ خَدَّهُ الأَيْمَنَ عَلَى ظَهْرِ كَفِّهِ الْيُسْرَى ، وَخَرَجَتِ السَّرَعَانُ مِنْ أَبْوَابِ الْمَسْجِدِ ، فَقَالُوا: قَصُرَتِ الصَّلاةُ ؟ وَفِي الْقَوْمِ أَبُو بَكْرٍ وَعُمَرُ ، فَهَابَا أَنْ يُكَلِّمَاهُ ، وَفِي الْقَوْمِ رَجُلٌ فِي يَدَيْهِ طُولٌ يُقَالُ لَهُ ذُو الْيَدَيْنِ ، قَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ ، أَنَسِيتَ أَمْ قَصُرَتْ الصَّلاةُ ؟ قَالَ:( لَمْ أَنْسَ وَلَمْ تُقْصَرْ). فَقَال: ( أَكَمَا يَقُولُ ذُو الْيَدَيْنِ). فَقَالُوا: نَعَمْ ، فَتَقَدَّمَ فَصَلَّى مَا تَرَكَ ، ثُمَّ سَلَّمَ ، ثُمَّ كَبَّرَ وَسَجَدَ مِثْلَ سُجُودِهِ أَوْ أَطْوَلَ ، ثُمَّ رَفَعَ رَأْسَهُ وَكَبَّرَ ، ثُمَّ كَبَّرَ وَسَجَدَ مِثْلَ سُجُودِهِ أَوْ أَطْوَلَ ، ثُمَّ رَفَعَ رَأْسَهُ وَكَبَّرَ ، ثُمَّ سَلَّمَ.
Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek bize öýle ýa-da ikindi namazlarynyň haýsy hem bolsa birini okadanda, iki rekagatdan soňra salam berdi1. Soňra ýerinden turup, bir zada gahary gelýän ýaly, metjidiň içinde keseligine ýatan tagta böleginiň ýanyna baryp, oňy tirsekledi. Soňra sag elini çep eliniň üstünde goýup, barmaklaryny biri-biri bilen çilşirip2, sag ýaňagyny çep eliniň arkasyna diredi. Adamlaryň howlukmajraklary metjidiň gapylaryndan daşary çykyp baryşlaryna: «Namaz gysgaldy» diýişýärdiler. Jemagatyň içinde Ebu Bekr (r.a.) bilen Omar hem (r.a.) bardy. Bular Allahyň Resulyna (s.a.w.) bir zat diýmekden çekindiler. Şol jemagatyň arasynda gollary uzyn bolany üçin Zül-ýedeýn lakamyny alan bir adam hem bardy3. Ol: «Ýa Allahyň Resuly, unutdyňmy ýa-da namaz gysgaldymy?» diýip sorady.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Unutmadym, namaz hem gysgalmady» diýdi. Soňra: «Zül-ýedeýniň aýdyşy ýalymy?» diýip sorady. «Hawa» diýleninden soňra4öňe çykyp, namazyň okalman galan bölegini okatdy. Soňra salam berdi. Soňra tekbir alyp, sejdä gitdi. Adatça edişi ýaly edip ýa-da ondan hem uzagrak sejdede boldy. Soňra başyny galdyryp, tekbir aldy. Soňra tekbir alyp, ýene sejdä gitdi. Soňra ýene başyny galdyryp, tekbir aldy».
Bu hadysy beýan edenlerden biri bolan Ibn Sirinden: «Soňra salam berdimi?» diýip sorapdyrlar. Ol hem: «Ymran ibn Hüseýiniň: «Soňra salam berdi» diýendigini maňa habar berdiler» diýipdir6.
1Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gaharlanmagyna nämäniň sebäp bolandygy Müslimiň kitabynda Ymran ibn Hüseýiniň adyndan beýan edilen rowaýatdan aňlap bolýar. Burowaýatda aýdylyşyna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) ýalňyşyp salam bereninden soň, derrew,öz ýaşaýan otagyna giripdir we ol adamyň: «Unutdyňmy ýa-da namaz gysgaldymy?» diýip beren sowalyna jany agyryp we ýapynjasyny süýrekläp, gaýtadan Metjidi-Şeribe dolanyp, hakykaty anyklanyndan soň, namazy tamamlapdyr. Bu düşündirişden aňlanylyşyna görä, kyssa gürrüň berlende,wakanyň bolup geçiş yzygiderliligi biraz bulaşdyrylypdyr.
2Barmaklaryňy biri-biri bilen çilşirmäge rugsat berilýändigi ýa-da berilmeýändigi barada-da alymlaryň arasynda jedel bar. Bu hadys bilen onuň öň ýanyndan gelýän hadysda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) eden hereketleri baradaky gürrüňe şübhelenmek mümkin bolmansoň, metjitde-de, onuň daşynda-da barmaklaryňy biri-biriniň içinden geçirip, çilşirmäge rugsat berilýändigini çak etmek mümkin. Ýöne metjitde we namaz okalýan wagty barmaklaryňy çilşirmegi mekruwh hasaplan alymlar hem bar. Ybraýym Nahaýy diňe namaz okalýan wagty beýle etmegiň gowy däldigi bilen ylalaşýar, Mälik hem şol pikirdedir. Ibn Omar bilen ogly Salym ibn Abdullah namaz okap durkalar barmaklaryny çilşirýärdiler. Namaz okalyp durka beýle etmegi mekruwh hasaplaýanlar metjitde barmaklaryňy çilşirmegi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gadagan edendigine we onuň hem: «Çünki,sen namazda ýalysyň»diýlip esaslandyrylandygyna daýanýarlar.
3Rowaýatlaryň käbirinde: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Zül-ýedeýn diýip atlandyran adamy» diýen görnüşde gelýär. Zül-ýedeýniň kimdigi barada dürli pikirler bar.
4Ebu Dawudyň kitabyndaky rowaýatda: «Hawa» diýip yşarat etdiler» diýlipdir. Hanefi mezhebiniň alymlary Ibn Mesgudyň hem-de Zeýt ibn Ekramyň beýan eden hadyslaryna we Ebu Dawudyň beýan edenşu hadysyna esaslanyp, namaz okalyp durka diňe ümläp we yşarat edip bolýandygyny, bilmän aýdylan sözüň namazy bozýandygyny aýdýarlar. Mälim bolşuna görä, Zül-ýedeýn bilen bolan gürrüňiň sehiw sejdesinden öň bolup geçendigi üçin,ymam hem, jemagat hem heniz namazdan çykan hasaplanmaýar. Newewi: «Namaz okaýandygyny unudan ýa-da özüni namazdan çykan hasaplan adamyň aýdan sözi namazy bozmaz» diýýär. Bu öňki-soňky alymlaryň hemmesiniň gelen pikiri bolmak bilenbirlikde,Ibn Apbasyň, Abdullah ibn Zübeýriň, Urwa ibn Zübeýriň, Ata ibn Ebu Rebahyň, Hasan Basrynyň, Şabynyň, Katadanyň, Ewzaýynyň, Mäligiň, Şapygynyň, Ahmet ibn Hanbalyň we ähli hadysçy alymlaryň hem pikiri şeýledir. Diňe Ebu Hanife bilen egindeşleriniň we Sufýan Söwriniň pikirine görä, unudylyp, bilinmän sözlenen söz hem namazy bozýar. Bu barada uly jedeller edilipdir.
5Zebidi Ebu Hüreýräniň (r.a.): «Tekbir aldy» diýen sözlerinden soňra: «Soňra salam berdi» görnüşinde rowaýat edýär. Ýöne Buhary bu pikiri şu ýerdäki ýaly many berýän sözler bilen beýan edipdir. Şapygy mezhebine uýýanlara görä, sehiw sejdesiniň salamdan öň, hanefi mezhebine uýýanlara görä bolsa salamdan soňra ýerine ýetirilýändigi üçin, bu mesele bilen baglanyşykly bolan 260-njy hadys bilen şu 299-njy hadysyň soňky sözleriniň adatdan daşary ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin rowaýat bolşy ýaly terjime edildi.