297 Metjitde okalan namazyň artykmaçlygy

Başy » NAMAZ KITABY » 297 Metjitde okalan namazyň artykmaçlygy

     عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (صَلاةُ الْجَمِيعِ تَزِيدُ عَلَى صَلاتِهِ فِي بَيْتِهِ ، وَصَلاتِهِ فِي سُوقِهِ ، خَمْسًا وَعِشْرِينَ دَرَجَةً ، فَإِنَّ أَحَدَكُمْ إِذَا تَوَضَّأَ فَأَحْسَنَ ، وَأَتَى الْمَسْجِدَ لاَ يُرِيدُ إِلاَّ الصَّلاةَ ، لَمْ يَخْطُ خَطْوَةً إِلاَّ رَفَعَهُ اللَّهُ بِهَا دَرَجَةً ، وَحَطَّ عَنْهُ خَطِيئَةً ، حَتَّى يَدْخُلَ الْمَسْجِدَ ، وَإِذَا دَخَلَ الْمَسْجِدَ كَانَ فِي صَلاةٍ مَا كَانَتْ تَحْبِسُهُ ، وَتُصَلِّي - يَعْنِي - عَلَيْهِ الْمَلائِكَةُ مَا دَامَ فِي مَجْلِسِهِ الَّذِي يُصَلِّي فِيهِ: اللَّهُمَّ اغْفِرْ لَهُ ، اللَّهُمَّ ارْحَمْهُ ، مَا لَمْ يُحْدِثْ فِيهِ).

 

            Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Adamyň jemagat bilen okan namazynyň sogaby öýünde we alyş-beriş edýän ýeri bolan bazarda ýeke bolup okan namazynyň sogabyndan ýigrimi bäş esse uludyr1. Araňyzda biri täret almagy niýet edip, ony doly alanyndan soňra we namaz okamakdan başga niýeti bolmazdan, metjide ugran wagty, metjide barýança äden her bir ädimi üçin Allahü tagala ony bir dereje beýgelder we bir günäsini kemelder. Metjide gireninden soňra hem şol ýerde näçe wagtlap galsa, şonça wagtlap okalan namazyň sogaby ýaly sogap gazanar. Ol namaz okan ýerinden aýrylman näçe dursa, täreti bozulýança,perişdeler: «Allahym, muny bagyşla, Allahym oňa rehmetiňi eçil» diýip, onuň üçin doga we dileg ederler»diýdi».

 

1Jemagat bilen okalan namazyň sogabynyň ýeke okalan namazyň sogabyndan näçe esse uludygyna degişli bolan rowaýatlarda tapawut bar. Ygtybarly hadyslar jemlenen kitaplarda (bu ýerde bolşy ýaly) şeýle sogabyň ýigrimi bäş esse köpdügi aýdylýanlary, ýigrimi ýedi esse köpdügi aýdylýanlary hem bar. Bu iki sanyň arasyndaky tapawudyň syry diňe Pygamberimize (s.a.w.) aýan bolany üçin, ol hakda gürrüň etmek hem ýerliksizdir. Diňe bu baradaky düşünjäni artdyrmak niýeti bilen şu aşakdakylary aýtmak isleýäris. Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda we Ibn Hybbanda duş gelýän bir hadysda adam-garasyz, çola bir sährada ýekelikde okalan namazyň elli namaza deňdigi aýdylýar.

Sogabyň jemagatyň mukdaryna görä artýandygyna degişli eserler-de bar. Mysal üçin, Buharynyň «Taryh» kitabynda: «Biri ymam bolan iki kişiniň okan namazy dört kişiniň ýeke-ýekelikde okan namazyndan, biri ymam bolan dört kişiniň okan namazy sekiz kişiniň ýeke-ýekelikde okan namazyndan, biri ymam bolan sekiz kişiniň okan namazy ýüz kişiniň ýeke-ýekelikde okan namazyndan sogaply» diýen bir hadys bar. Ibn Ebu Şeýbäniň «Mussannef» atly kitabyndaky Ibn Apbasyň adyndan gürrüň berilýän bir ygtybarly hadysda hem jemagat bilen okalan namazyň ýekelikde okalan namazdan ýigrimi bäş esse sogabynyň köpdügi we jemagat köplük bolanda, olaryň her biriniň metjitdäkileriň sanyça sogap gazanjakdyklary aýdylýar. Bu hadysdaky rowaýatdan many çykaryp: «Metjitde on müň kişi bar bolsa hem şeýlemi?» diýip sorag beren adama Ibn Apbas hezretleri: «Hawa» diýip jogap beripdir.