296 Metjitde uzanyp ýatmaga rugsat berilýändigi hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 296 Metjitde uzanyp ýatmaga rugsat berilýändigi hakda

     عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ زَيْدٍ الأنْصَارِيّ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّهُ رَأَى رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ مُسْتَلْقِيًا فِي الْمَسْجِدِ ، وَاضِعًا إِحْدَى رِجْلَيْهِ عَلَى الأُخْرَى.

 

                Abdullah ibn Zeýt (ibn Asym Mazyny) Ensarynyň (r.a.) Allahyň Resulyny (s.a.w.) Metjidi-Şerifde arkan ýatyp, bir aýagyny beýlekisiniň üstüne atan ýagdaýynda görendigi ygtybarly deliller bilen gürrüň berilýär1.

 

1Buharynyň kitabynda bu hadysdan soňra beýan edilen hadysdan, şonuň ýaly-da, tefsirçi Aýnynyň düşündirişlerinde beýan edilen beýleki bir rowaýatdan Ebu Bekr, Omar, Osman, Ibn Omar, Ibn Mesgut, Enes (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!) ýaly sahabalary hem Metjidi-Şerifde şeýle görnüşde ýatyrkalar görendikleri belli bolýar. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) we sahabalaryň (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!) bu hereketleri şeýle etmäge rugsat berilýändigini görkezse-de, Jabyr ibn Abdullahyň (r.a.) adyndan beýan edilýän bir hadysdangörnüşine görä,bugadagan edilipdir. Käbirleri bu gadagançylygyň ýatyrylandygy bilen ylalaşmak isleseler-de, bu barada anyk deliliň bolmazdan, dawa etmegiň mümkin däldigini göz öňünde tutup, bu gadagançylygy uýat ýerleriň açylmak gorkusy bolan ýagdaýa degişli edip, başga ýagdaýlarda beýle etmäge gürrüňsiz rugsat berilýändigi baradaky karara gelipdirler.

            Beýle etmäge düýbünden rugsat berilmeýändigi bilen ylalaşýanlar hem bar. Muhammet ibn Sirin, Müjähit, Tawus, Ybraýym Nahaýy ýaly alymlar bilen bir hatarda sahabalardan Ibn Apbas hem-de Kagp ibn Ajureý (Allahü tagala ikisinden hem razy bolsun!) hem bu pikire gol ýapypdyrlar. Hasan Basry, Şagby, Sagyt ibn Müseýýep, Ebu Mijles, Muhammet ibn Hanefiýeýaly alymlar bolsa,ony zyýanly hasaplamandyrlar. Ony zyýanly hasaplamaýanlaryň arasynda Usama ibn Zeýt, Abdullah ibn Omar we hezreti Omar, hezreti Osman, Ibn Mesgut we Enes ibn Mälik (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!) dagylaryň hem bardygyny aýtmak gerek. Olaryň pikirine görä, metjitde bir zada ýaplanmak, ýanyn ýatmak, aýbogdaşyňy gurup oturmak, ýüzinligine ýatmak ýaly görnüşlerden başga görnüşde dynç almaga rugsat berilýärmişin. Ýüzin düşüp ýatmak bolsa düýbünden gadagandyr. Beýle ýatyş hakynda: «Allahü tagalanyň hiç halamadygy bir ýatyşdyr» diýlipdir.