295 Allahyň Resuly (s.a.w.) gije namazy barada. Nepil namazlary we witir namazy barada başga ýollardan gelip ýeten rowaýatlar

Başy » NAMAZ KITABY » 295 Allahyň Resuly (s.a.w.) gije namazy barada. Nepil namazlary we witir namazy barada başga ýollardan gelip ýeten rowaýatlar

 

   عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: سَأَلَ رَجُلٌ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَهُوَ عَلَى الْمِنْبَرِ: مَا تَرَى فِي صَلاةِ اللَّيْلِ ؟ قَالَ: (ثْنَى مَثْنَى ، فَإِذَا خَشِيَ الصُّبْحَ صَلَّى وَاحِدَةً فَأَوْتَرَتْ لَهُ مَا صَلَّى). وَإِنَّهُ كَانَ يَقُولُ: اجْعَلُوا آخِرَ صَلاتِكُمْ وِتْرًا ، فَإِنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ أَمَرَ بِهِ.

 

         Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gün hutba okamak üçin münbere çykanda, biri: «Ýa Allahyň Resuly, gije namazyny nädip okamaly?» diýip sorady1.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Iki ikiden2. Ýöne gije (tehejjüt) namazyny okaýan adam ertir namazynyň wagty girendir öýdüp şübhelense, öňki okan iki rekagat namazynyň soňundan bir rekagat namaz okar. Bu bir rekagat öňki okan namazyny witir, ýagny,täk eder»diýdi»3.

Ibn Omar (r.a.) sözüni dowam etdirip, şeýle diýýär: «Gijelerine soňky namazyňyz witir (ýagny,täk rekagatly namaz) namazy bolsun. Çünki, muny Allahyň Resuly (s.a.w.) emr edipdi».

 

1Jemagatdan biriniň din hökümlerine degişli sorag bilen hutba okaýana ýüzlenmeginiň we hutba okaýanyň oňa münberde duran ýerinden jogap bermeginiň okalýan hutbany bozmajagy şu mysaldan görünýär.

2Gije okalan nepil namazlarynyň iki rekagat-iki rekagat edilip okalmalydygyny aýdýanlaryň delil tutunýan hadyslarynyň biri-de şu hadysdyr. Bu hadys Tirmiziniň kitabynda: «Gije we gündiz okalýan nepil namazlary iki rekagat-iki rekagatdyr» görnüşinde beýan edilip, ol soňra nepil namazlaryny näçe rekagat edip okamalydygy barada alymlaryň arasynda jedeliň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr.

 Mälik, Şapygy, Ahmet ibn Hanbal ýaly alymlar nepil namazlarynyň gije-de, gündiz hem iki rekagat-iki rekagat edilip okalmagynyň has gowudygynyň tarapdarydyrlar. Ebu Hanife bolsa, tersine, gije bolsun, gündiz bolsun –parhy ýok, nepil namazlarynyň dört rekagat-dört rekagat edilip okalmagynyň has sogaplydygyny aýdýar. Ol bu hadysdaky şol meselä degişli sözleri «iki-ikiden» diýip däl-de, «jübüt-jübütden» diýip okapdyr. Ebu Ýusup bilen Muhammet bolsa, gije okalýan nepil namazlaryny iki rekagat-iki rekagatdan, gündiz okalýan nepil namazlaryny bolsa dört rekagat-dört rekagatdan okamalydygyny aýdýarlar. Ebu Hanife Äşäniň (r.a.) adyndan Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabynda beýan edilen uzyn hadysy we Müslimiň kitabyndaky başga bir hadysy delil tutunýar. Bu hadyslaryň birinjisinde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýassy namazyndan soňra öz Bagtyýar Öýünde ýorgana girmezinden öň dört rekagat namaz okap, bu mübärek endigini Beýik Ýaradana gowuşýança taşlamandygy aýdylýar. Ikinji hadysda bolsa Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Duha namazyny dört rekagat edip okandygy aýdylýar. Ýöne rowaýatlaryň ikisinde-de ikinji rekagatdan soňrasalam berilmändigi aýdylmaýar. Diňe Müslimiň kitabyndaky hadysyň üstüne Ebu Üagwa: «Aralaryny salam bilen bölmezden» diýen sözleri goşýar. Busözleriň Müslimiň beýan eden hadysyna degişli däldigini aňlamak bolýar. Müslimiň kitabynda Duha namazynyň iki rekagat edilip okalandygyna degişli rowaýatlar hem bar. Bu jedeliň nepil namazlaryny nähili edip okamagyň has gowudygy hakyndadygyny unutmaly däl. Nepil namazlary gije-de, gündiz-de iki rekagat-iki rekagat edilip hem, dört rekagat-dört rekagat edilip hem okalyp bilner.

3Şu hadysa we Ibn Omaryň (r.a.) adyndan aýdylýan: «Witir namazy gijäniň soňunda okalýan bir rekagat namazdyr» diýen rowaýata, şonuň ýaly-da, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okan tehejjüt namazlary hakyndaky rowaýata esaslanyp, Şapygy bilen Ahmet ibn Hanbalyň mezhebine uýýanlar witir namazynyň iň azy bir, iň köpi on bir we kämiliniň iň azy üç rekagatdyr diýipdirler. Ebu Hanife onuň bir salam bermek bilen üç rekagat edilip okalýandygy, ondan az hem, köp hem bolup bilmejekdigini aýdypdyr. Mälige görä bolsa,ol öňünden salam bilen bölünýän jübüt rekagatly namaz okamak şerti bilen bir rekagatdyr. Başdaky okalýan namazyň çägi ýokdur. Ýöne ol iki rekagatdan az bolmaly däl. Şonuň ýaly-da, onuň namaz okaýan kişi başky namazlary terk edip, diňe bir rekagat namaz okasa, şeýtmek bilen witir namazyna amal etdiginiň bolýandygyny aýdandygy hakynda maglumat bar. Bir rekagat namaz bilen witir namazyny okandyklary Ebu Bekr, Omar, Osman, Sagt ibn Ebu Wakgas, Ibn Apbas, Mugawyýa, Ebu Musa Eşgary, Ibn Zübeýr, Äşe (r.a.) ýaly sahabalaryň adyndan gürrüň berilýär. Beýleki alymlardan Ata ibn Ebu Rebah, Sagyt ibn Müseýýep, Ebu Söwr, Yshak ibn Rahuýa we Dawut Zahyry ýaly adamlaryň düşünjesine görä-de, witir namazy bir rekagatdan ybaratdyr.

Witiriň agşam namazy ýaly iň soňunda salam bermek bilen üç rekagatdygy bilen Ebu Hanife, Omar ibn Abdyleziz, Sufýan Söwri, Ebu Ýusup, Muhammet, Abdullah ibn Mübärek ýaly alymlar ylalaşýarlar. Şonuň ýaly-da, Aly ibn Ebutalyp, Abdullah ibn Mesgut, Übeý ibn Kagp, Zeýt ibn Sabyt, Enes ibn Mälik, Ebu Umama, Huzaýfa, hatda Omar ibn Hattap hem (r.a.) şol düşünjä eýeripdir. Bular birinji düşünjä eýeren alymlaryň delil tutunýan hadyslaryndaky «witir» sözüniň bir rekagat namaz diýen manysynyň bolaýmagynyň mümkin bolşy ýaly, öňünden okalýan namaz bilen bilelikde okalýan bir rekagat namaz manysyna hem eýe bolup biljekdigini aýdýarlar hem-de şu ýerdäki hadysdaky: «Okan namazyny witir, ýagny,täk eder»diýen sözleri, şonuň ýaly-da,Buharynyň öz kitabyna girizen başga bir hadysyndaky: «Iň soňunda täk rekagat namaz oka, goý, ol öňki okan namazyňy täklesin» diýen sözleri delil tutunýarlar. Olar beýleki hadyslardan hem öz pikirlerini tassyklaýan birtopar şaýatnamalar tapýarlar. Aly ibn Ebutalybyň (r.a.) adyndan Tirmizide; Übeý ibn Kagbyň (r.a.) adyndan Nesaýyda, Ibn Majede, «Süneni-Ebu Dawutda»; Äşäniň (r.a.) adyndan Beýhakyda; Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan Nesaýyda, «Süneni-Ebu Dawutda», Müslimde; Ymran ibn Hüseýin (r.a.) bilen Enesiň (r.a.) adyndan Muhammet ibn Nasr Merwezide; Abz Huzaýynyň (r.a.) adyndan ýene Merwezide beýan edilýän hadyslarda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gije namazlaryny üç rekagat witir namazy bilen tamamlandygy aýdylýar. Nesaýynyň Äşäniň (r.a.) adyndan beýan eden başga bir rowaýatynda witir namazynyň ikinji rekagatyndan soňra Allahyň Resulynyň (s.a.w.) salam bermändigi, Hakimiň ýene Äşäniň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatynda bolsa,üçünji rekagat tamamlanýança «ettehiýat» dogasyny okamak üçin oturmandygy beýan edilýär. Ibn Majedäki Ibn Apbas (r.a.) bilen Ibn Omaryň (r.a.) atlaryndan gürrüň berilýän hadyslarda: «Üç rekagat witir namazy bilen daň atanyndan soňra iki rekagat namaz okardy» diýilmegi, Darakutnynyň Ibn Mesgudyň adyndan beýan eden hadysy-şeribinde hem: «Gijäniň witir namazy, gündiziň witir namazy bolan agşam namazy ýaly, üç rekagatdyr» diýen sözleriň bolmagy şony tassyklaýar.