294 Mekgäniň boýun egdirilen gününde Allahyň Resulynyň (s.a.w) Käbede namaz okamagy

Başy » NAMAZ KITABY » 294 Mekgäniň boýun egdirilen gününde Allahyň Resulynyň (s.a.w) Käbede namaz okamagy

    عَنْ ابْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَدِمَ مَكَّةَ ، فَدَعَا عُثْمَانَ بْنَ طَلْحَةَ فَفَتَحَ الْبَابَ ، فَدَخَلَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، وَبلالٌ ، وَأُسَامَةُ بْنُ زَيْدٍ ، وَعُثْمَانُ بْنُ طَلْحَةَ ، ثُمَّ أَُغْلِقَ الْبَابَ ، فَلَبِثَ فِيهِ سَاعَةً ثُمَّ خَرَجُوا ، قَالَ ابْنُ عُمَرَ: فَبَدَرْتُ فَسَأَلْتُ بِلالاً ، فَقَالَ : صَلَّى فِيهِ ، فَقُلْتُ : فِي أَيٍّ ؟ قَالَ: بَيْنَ الأُسْطُوَانَتَيْنِ . قَالَ ابْنُ عُمَرَ: فَذَهَبَ عَلَيَّ أَنْ أَسْأَلَهُ كَمْ صَلَّى.

 

         Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Mekgä aýak basyp, Osman ibn Talhany1 ýanyna çagyrdy. Ol hem Käbäniň gapysyny açdy. Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde Bilal, Usama ibn Zeýt we Osman ibn Talha (r.a.) içeri girdiler. Soňra gapy baglandy. Allahyň Resuly (s.a.w.) şol ýerde birnäçe wagtlap bolup, daşary çykdy. Men derrew atylyp baryp, Bilaldan onuň näme edenini soradym. Ol: «Namaz okady» diýip jogap berdi. Men: «Niresinde?» diýip soradym. Ol hem: «Iki diregiň arasynda» diýdi. Näçe rekagat namaz okanyny soramak kelläme gelmändir2».

 

1Osman ibn Talha ibn Ebu Talha Abdarryý Hajebi (r.a.) Mekgäniň boýun egdirilen gününde Käbäniň gapy sakçysynyň wezipesini ýerine ýetiren adamdyr. Onuň kakasy bilen doganoglan agasy Osman ibn Ebu Talha, başga-da bir topar doganoglanlary,kapyr bolandyklary üçin, Uhut söweşinde öldürilipdir. Onuň özi Hudeýbiýe ýaraşygyndan soňra Halyt ibn Welit we Amr ibn As bilen birlikde yslam dinini kabul edip, hijret edipdir we Mekge boýun egdirileninden soňra Medinä büs-bütin göçüp baryp, şol ýerde ýaşamak bilen,hijriniň 42-nji ýylynda dünýäden ötüpdir. Mekgäniň boýun egdirilen gününde Allahyň Resuly (s.a.w.) Käbäniň içine girmek üçin gapy sakçysyny çagyrypdy. Onuň ýanynda bolan Apbas ibn Abdulmuttalyp pursaty ganymat bilip, Mekgä gelen hajylara Zemzem çeşmesiniň suwuny paýlamak wezipesiniň üstüne Käbäniň gapy sakçylygynyň-da özüne berilmegini haýyş edipdir we gazanylan ýeňşiň berýän hukugyna esaslanyp, Allahyň Resuly-da (s.a.w.) onuň haýyşyny kanagatlandyrmaga çala meýil bildiren mahaly:إِنَّ اللَّهَ يَأْمُرُكُمْ أَنْ تُؤَدُّوا الْأَمَانَاتِ إِلَى أَهْلِهَا=„Innellahe ýemürüküm en tü-eddül-emänäti iläää ehlihä”(golaý manysy:«Allahü tagala size amanatlary eýesine bermegiňizi emr edýär». «Nisa» süresiniň 58-njiaýatyndan)aýaty-kerimesiniň inmegi bilen,Käbeden daşary çykanlaryndan soň, henize çenli eşidilmedik bu aýaty okap, gapy sakçylygyny ýokarda ady tutulan Osman bilen onuň doganoglany Şeýbe ibn Osman ibn Ebu Talha gaýdyp berip: «Eý, Ebu Talhanyň öwlady, ata-babaňyzdan galan amanady wezipe edip, mydamalyk öz üstüňize alyň. Ony, zalym bolaýmasa, hiç kim sizden almaz» diýipdir.

2Osman ibn Talhadan gaýdýan bir rowaýatda okalan namazyň iki rekagatdygy aýdylýar. Buharynyň başga bir rowaýatynda aýdylmagyna görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) namaz okan ýeri-de, Ýemen sütünleriniň ýerleşen tarapyndaky iki sütüniň aralygymyş. Allahyň Resuly (s.a.w.) Ýemen sütünleriniň ýerleşen tarapyndaky iki sütüni çepine, bir sütüni sagyna we beýleki üç sütüni hem arkasyna alyp, öýle namazyny okapdyr. Şeýbäniň adyndan aýdylýan bir habara görä-de, ol sütünleriň arasynda iki rekagat namaz okanyndan soň, bu iki sütüne mübärek döşüni,soňra hem arkasyny diräpdir. 257-nji hadysa-da seret.