293 Allahyň Resulynyň (s.a.w) Ebu Bekri (r.a.) öwmegi

Başy » NAMAZ KITABY » 293 Allahyň Resulynyň (s.a.w) Ebu Bekri (r.a.) öwmegi

 عَنْ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُما قَالَ: خَرَجَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فِي مَرَضِهِ الَّذِي مَاتَ فِيهِ ، عَاصِباً رَأْسَهُ بِخِرْقَةٍ فَقَعَدَ عَلَى الْمِنْبَرِ ، فَحَمِدَ اللَّهَ وَأَثْنَى عَلَيْهِ ثُمَّ قَالَ: ( إِنَّهُ لَيْسَ مِنْ النَّاسِ أَحَدٌ أَمَنَّ عَلَيَّ فِي نَفْسِهِ وَمَالِهِ مِنْ أَبِي بكْرِ بْنِ أَبِي قُحَافَةَ ، وَلَوْ كُنْتُ مُتَّخِذًا مِنْ النَّاسِ خَلِيلاً لاتَّخَذْتُ أَبَا بَكْرٍ خَلِيلاً ، وَلَكِنْ خُلَّةُ الإِسْلامِ أَفْضَلُ ، سُدُّوا عَنِّي كُلَّ خَوْخَةٍ فِي هَذَا الْمَسْجِدِ غَيْرَ خَوْخَةِ أَبِي بَكْرٍ).

 

         Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Wepat bolmagyna sebäp bolan hassalygy wagtynda Allahyň Resuly (s.a.w.) mübärek başyny bir mata bölegi bilen daňyp, metjide bardy-da, münbere çykyp oturdy. Ol Allahü tagala hamdu-sena edeninden soňra: «Adamlaryň arasynda jany we baýlygy babatda meniň üçin Ebu Bekr ibn Ebu Kuhafeden1 artyk jomartlyk edeni ýokdur. Eger adamlaryň arasynda ýakyn dost (halyl) tutunmaly bolsadym, onda Ebu Bekri ýakyn dost tutunardym. Ýöne yslam dostlugy has üstündir. Menden soňra bu metjitdäki gapylaryň Ebu Bekriň gapysyndan başgasynyň baryny ýapyň» diýdi».

 

1Hezreti Ebu Bekriň hormatly kakasy Ebu Kuhafe Osman ibn Amir Teýti Mekgäniň boýun egdirilen güni iman getiripdir we hezreti Omaryň haliflik eden döwründe togsan ýedi ýaşynda panydan baka göç edipdir. Özüniň sahaba bolmagy bilen bir wagtda, neslinden üç arkasy hem sahabalaryň hataryna giripdir. Ebu Bekr Syddyk, onuň ogullary Abdullah ibn Ebu Bekr, Abdyrahman ibn Ebu Bekr we Muhammet ibn Ebu Bekr we gyzlary Äşe Syddyk binti Ebu Bekr, Esma binti Ebu Bekr, Ümmi Gülsüm binti Ebu Bekr, şonuň ýaly-da, Ebu Atyk Muhammet ibn Abdyrahman ibn Ebu Bekr ibn Ebu Kuhafe –bularyň hemmesi sahabadyr. Beýle bagt başga hiç kime nesip etmändir (149, 292, 387, 394, 395, 397-nji hadyslara-da seret).