291 Garaňky bir gijede Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýanyndan aýrylan iki adamyň öňlerini çyra meňzeş bir zadyň ýagtylandyrmagy

Başy » NAMAZ KITABY » 291 Garaňky bir gijede Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýanyndan aýrylan iki adamyň öňlerini çyra meňzeş bir zadyň ýagtylandyrmagy

عن أَنَسٍٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ رَجُلَيْنِ مِنْ أَصْحَابِ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، خَرَجَا مِنْ عِنْدِ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فِي لَيْلَةٍ مُظْلِمَةٍ ، وَمَعَهُمَا مِثْلُ الْمِصْبَاحَيْنِ يُضِيئَانِ بَيْنَ أَيْدِيهِمَا، فَلَمَّا افْتَرَقَا صَارَ مَعَ كُلِّ وَاحِدٍ مِنْهُمَا وَاحِدٌ حَتَّى أَتَى أَهْلَهُ.

 

       Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalaryndan iki adam1 bir garaňky gijede Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýany bilen çykdylar.Olaryň öňüniiki sany,çyra meňzeş,şöhle saçyp duran zat ýagtyldýardy. Olar biri-birlerinden aýrylyşan wagtlarynda,şol çyralar hem biri-birinden aýrylyşyp, tä öýlerine barýançalar olaryň ýoluny ýagtyltdylar»2.

 

1Bu iki sany bagtyýar sahabanyň biri ewser tiresine degişli ensardan Abbat ibn Bişr Eşheli, beýlekisi Üseýd ibn Hudaýr Eşheli ýa-da Uweým ibn Sagyt Eşhelidir.

2Bu Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mugjyzasy we buiki sahabanyň keramatydyr. Olar munuň ýaly keramata Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik söhbetini terk etmändikleri we ýassy namazyny onuň bilen birlikde okamak sogabyny gazanmak üçin, gijäniň garaňkysyna galandyklary sebäpli mynasyp bolupdyrlar. Mysal üçin, Ebu Dawudyň «Sünen» atly kitabyndaky: «Garaňkylykda metjitlere köp gidenleriň kyýamat gününde kämil nura mynasyp boljakdyklaryny buşla» diýen hadysyň hakykatdygyna şaýatlyk edip we bu iki sany ulysahaba hormat hökmünde şolaýdyň nur bu dünýäde peýda bolupdyr.

Gijelerine ýagty saçmak keramaty diňe bir gezek ýüze çykan hadysa däldir. Öz kowumynyň hormatly agzasy we beýik şahyry Tufeýl ibn Amr Dewsi (r.a.) musulmanlaryň kynçylyklary başdan geçirýän we kuraýyş kapyrlaryndan köp azaplar görýän döwründe hormatly Mekgä gelipdi. Kuraýyşyň baştutanlary oňa: «Ýa Ebagat Tufeýl, sen ýurdumyza geldiň. Bu adamyň (Allahyň Resuly (s.a.w.) göz öňünde tutulýar) geň bir ýagdaýy bar. Onuň aýdýan sözüniň(Kuranyň) jadysybar ýalydyr. Ol ogly kakasyndan, dogany doganyndan, gojany kempirinden aýyrýar. Biz seniň tiredeşleriň arasyna agzalalyk aralaşarmyka diýip gorkýarys. Biziň nesihatymyzy alsaň, ondan ägä bol, gürleşme» diýipdirler. Tufeýl aýdýar: «Allahü tagaladan ant içýärin, olar bu sözi maňa gaty köp gezek aýdansoňlar, onuň bilen sözleşmezligi, sözüni diňlemezligi ýüregime düwdüm. Metjide giremde,özüm hem bilmezden,sözlerini eşidäýmäýin diýip, gulaklaryma pamyk dykypdym. Metjitde Allahyň Resulyny (s.a.w.) gördüm. Ol Käbäniň ýanynda namaz okaýardy. Oňa ýakyn bir ýerde durdum. Şonuň üçin hem onuň käbir sözlerini eşitmezlik mümkin bolmady. Şol sözler göwnüme ýarady. Men öz-özüme: «Men gowyny erbetden tapawutlandyryp bilmeýän adam däldim. Bu adamyň aýdýanlaryny diňlemegime, göwnüme ýarasa, kabul etmegime, göwnüme ýakmasa-da ondan ýüz öwürmegime näme päsgel berýär?» diýdim we bir tarapda gizlendim. Ol namazyny okap bolup, öýüne ugranyndan soňra: «Ýa Muhammet, seniň tiredeşleriň maňa şeýle diýdiler. Men seniň sözüňi eşitmäýin diýip, gulaklaryma pamyk dykypdym. Maňa näme diýjek bolsaň, diý» diýip,oňa ýüzlendim. Ol maňa yslam dinine girmegi teklip etdi, biraz Kuran okady. Allahü tagaladan ant içýärin: şondan gözel söz eşitmeýşim ýaly, yslamdan has mynasyp başga bir zadyň bardygyny aňlamadym. Men aýtdym: «Ýa Allahyň Resuly, men tiredeşlerimiň arasynda hökümdardyryn. Men öz ýurduma dolanyp baryp, olary hem yslama girmäge çagyrmakçy. Işimiň aňsat bolmagy üçin,maňa bir doga et». Şondan soňra ol: «Ýa Allahym, onuň üçin bir nyşan, alamat ýarat» diýip doga etdi. Mekgeden çykdym. Garaňky bir gijede tiredeşlerimiň ýaşaýan ýeri bolan çeşmäniň ýakasyndakytöwerege gözegçilik edilýän depä çykamda,iki gözümiň arasynda şem ýaly şöhle saçýan bir nur peýda boldy. Içimden: «Aman, ýüzümde bir bolmasyn, ony maňa berlen jezanyň alamaty hasaplamaklary mümkin» diýdim. Ol nur şobada elimdäki taýagymyň ujuna geçdi. Şol ýerdäkiler şem ýaly şöhle saçyp duran bunury biri-birlerine görkezmäge başladylar».

      Şondan soňa tiredeşleri Tufeýle (r.a.) Zunnur adyny beripdiler. Tufeýl ibn Amr (r.a.) köp sanly başdan geçirmelerden soň, dewsi tiresiniň iman gazanmagyna sebäp bolupdyr we Haýbar urşunda ýetmiş-segsen adam bilen birlikde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna barypdyr. Olaryň arasynda Ebu Hüreýre-de (r.a.) bardy.

Ibn Asakyryň we ýene käbirleriniň gürrüň bermeklerine görä, ensardan Katada ibn Nugman Ewsi hem (r.a.) bir gije elinde hurma agajynyň guran şahasyny tutup, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýany bilen çykypdyr. Şonda onuň elindäki şaha şöhle saçyp, barýan ýoluny ýagtyldypdyr.

Beýhakynyň «Delail» atly kitabynda beýan edilişine görä, ýene ensardan Ebu Ubeýs Ewsi hem (r.a.) namazlarynyň baryny Allahyň Resulynyň (s.a.w.) yzynda durup okar eken, şondan soňra-da öz kowumdaşlary bolan haryja tiresiniň ýaşaýan ýerine dolanar eken. Ol bir gezek garaňky we ýagyşly bir gijede ýola çykypdyr. Ol öz ýurdunyň çäklerine girýänçä, elindäki hasasy şöhle saçyp, oňa şem bolup hyzmat edipdir. Rowaýatda aýdylyşyna görä, Allahyň Resuly oňa: «Şunuň bilen, ýagny,hasa bilen nur saç»diýipdir.

Şonuň ýaly-da, Kesir ibn Zeýdiň beýan eden rowaýatyna görä, Hamza ibn Omar Eslemi (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir garaňky gijede Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyndadyk. Biz kyn pursaty başdan geçirýärdik. Şol wagt düýelerimiz ürküp dagady. Birden meniň barmaklarym şöhle saçyp başlady. Düýeleriň hemmesini bir ýere toplaýançalar, barmaklarymyň bary şöhle saçdy durdy».