290 Haj wagtynda näsaglan Ümmi Selemä (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w), düýä münüp, adamlaryň yzyndan Käbä togap etmegi maslahat bermegi

Başy » NAMAZ KITABY » 290 Haj wagtynda näsaglan Ümmi Selemä (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w), düýä münüp, adamlaryň yzyndan Käbä togap etmegi maslahat bermegi

عَنْ أُمِّ سَلَمَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ: شَكَوْتُ إِلَى رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ أَنِّي أَشْتَكِي ، فَقَالَ: (طُوفِي مِنْ وَرَاءِ النَّاسِ وَأَنْتِ رَاكِبَةٌ). فَطُفْتُ وَرَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يُصَلِّي إِلَى جَنْبِ الْبَيْتِ ، يَقْرَأُ بِالطُّورِ وَكِتَابٍ مَسْطُورٍ.

 

         Musulmanlaryň enesi Ümmi Seleme (r.a.) şeýle diýipdir: «Haj wagtynda Allahyň Resulyna (s.a.w.) näsaglandygymy habar berdim. Ol: «Düýä münüp, adamlaryň yzyndan1togap et»2 diýdi. Aýdyşy ýaly edip, togap etdim. Allahyň Resuly-da (s.a.w.) Käbäniň ýanynda namaza durup3:وَالطُّورِ وَكِتَابٍ مَسْطُورٍ= «We’t-Tuwrywe Kitäbin mestuwryn»(golaý manysy: „Tuwr dagyndan,ýaýylan ýuka deriniň ýüzüne ýazylan Kitapdan...”)diýen aýatlar bilen başlanýan «Tur» süresini okaýardy».

 

1Bu sözlerden zenanlaryň erkek adamlaryň yzyndan togap etmelidigi hakda netije çykarmak mümkin. Togap namaz derejesindäki bir ybadatdyr. Namazda zenanlar erkek adamlaryň yzynda durýan bolsalar, togap edilende hem şeýle etmelidirler.

2Näsagyň ulag münüp togap etmegine rugsat berlişi ýaly, mundan eti iýilýän haýwanlaryň islendik wagt metjide girmegine rugsat berilýändigi barada netije çykaranlar hem bar. Sebäbi,bular ýaly haýwanlaryň peşewi, olaryň pikirine görä, arassa saýylýar. Ony arassa hasap etmeýänler bu düýä ýörände töwereginihapalamazlygyňöwredilen bolmagynyň mümkindigi baradaky pikiri öňe sürýärler. Allahyň Resulynyň hem (s.a.w.) bir gezek düýeli togap edendigi Ebu Dawudyň toplan hadyslarynda aýdylýar. Keselli bolanyň ulaga münüp togap etmegine ýok diýjek bolmasa-da, sag adamlaryň beýle etmekleri barada jedel ýüze çykypdyr. Hanefi mezhebine uýýanlara görä, muňa rugsat berilýär. Çünki, «Haj» süresiniň 29-njy aýatynda Allahü tagalanyň:وَلْيَطَّوَّفُوا بِالْبَيْتِ الْعَتِيقِ= „Wel-ýettewwefuw bil Beýtil-atiýky” (golaý manysy: «Allahü tagalanyň gadymy öýüne togap etsinler»)diýip, beren buýrugy islendik halda ýerine ýetirilip bilner. Şapygy mezhebine uýýanlara görä, beýle etmäge rugsat berilmeýär. Olar beýle diýmek bilen: «Käbäniň töweregine togap namazdyr» diýen hadysy-şeribe esaslanýarlar. Hanefi mezhebiniň alymlary «namazdyr» diýen sözüne «namaz ýalydyr» diýen manyny berýärler. Ýöne,hanefilere görä, bu halanyp barlanok we şeýdilip ýerine ýetirilen togap Mekgede bolnan wagtyň içinde gaýtalanmalydyr.

3Ümmi Selemäniň bu ýerde gürrüňini edýän namazy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Makamy-Ybraýym diýlip atlandyrylýan daşyň ýanynda okan namazydyr.