289 Hendek söweşinde ýaralanan Sagt ibn Mugazyň (r.a.) wepat bolmagy

Başy » NAMAZ KITABY » 289 Hendek söweşinde ýaralanan Sagt ibn Mugazyň (r.a.) wepat bolmagy

  عَنْ عَائِشَةَ رَضِي اللَّهُ عَنها قَالَتْ: أُصِيبَ سَعْدٌ يَوْمَ الْخَنْدَقِ فِي الأكْحَلِ ، فَضَرَبَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ خَيْمَةً فِي الْمَسْجِدِ لِيَعُودَهُ مِنْ قَرِيبٍ ، فَلَمْ يَرُعْهُمْ وَفِي الْمَسْجِدِ خَيْمَةٌ مِنْ بَنِي غِفَارٍ إِلا الدَّمُ يَسِيلُ إِلَيْهِمْ ، فَقَالُوا: يَا أَهْلَ الْخَيْمَةِ مَا هَذَا الَّذِي يَأْتِينَا مِنْ قِبَلِكُمْ؟ فَإِذَا سَعْدٌ يَغْذُو جُرْحُهُ دَمًا فَمَاتَ فِيهَا.

 

         Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Sagt ibn Mugaz (r.a.) Hendek söweşiniň bolan gününde elinden ýaralanypdy1. Allahyň Resuly (s.a.w.), ony soramak aňsat bolar ýaly, metjitde onuň üçin ýörite çadyr gurdurdy2. Metjitde gyfar tiresinden3 bolan birnäçe adama degişli hem bir çadyr bardy. Olar öz çadyrlarynda arkaýyn otyrkalar, özlerine tarap akyp gelýän gany görüpdirler. Olar: «Siz tarapdan biziň ýanymyza akyp gelen gan nämäniň alamaty?» diýip seslendiler. Görsek, Sagdyň ýarasy ganapdyr. Ine, Sagt şondan hem aradan çykdy»4.

 

1Sagt ibn Mugaz ensaryň atly adamlaryndan we Bedir söweşine gatnaşanlardan bolup, ewsi tiresiniň sylanýan baştutanydy. Ebu Bekr muhajirleriň arasynda nähili orun eýeleýän bolsa, ensaryň arasynda onuň edil şonuň ýaly orny bardy. Ahzap (başgaça Hendek diýip hem atlandyrylýar) söweşinde kuraýyş kapyrlaryndan Hybban ibn Aryka Amiriniň atan peýkamy eliniň arteriýa damaryny kesipdir. Onuň ýarasyny köp wagtlap bejeripdirler we ol biten ýaly hem edipdir, ýöne täzeden açylyp, şehitlik derejesini almagyna sebäp bolupdyr (r.a.). Ibn Aryka oky atan wagty araplaryň adatyna görä: «Al saňa gerek bolsa, meniň hem Ibn Arykadygymy bil» diýipdir. Hezreti Sagt hem (başga bir rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) ): «Allahü tagala ýüzüňi jähennemde derletsin» diýipdir. «Arak» sözüniň hem «der», hem-de üzümden alynýan spirt manysynyň bolany üçin, Arykanyň adyny şol sözüň birinji manysy bilen baglanyşdyryp, şeýle doga edilipdir. Musulmanlar bilen eden ähtlerini bozmak bilen ahzap kapyrlaryny Medinäniň golaýynda jemläp, musulmanlary dürli azaplara sezewar eden kuraýza tiresi Ahzap söweşinden soňra yslam goşunyndan ýeňlip, gabawa düşüpdir we hiç hili şert goýmazdan, boýun bolmaga razy bolupdyr. Bu tire Sagt ibn Mugazyň ewsileriň baştutanydygyny göz öňünde tutup, öz ykballaryny çözmegi oňa tabşyrmagy haýyş edipdirler. Sagt bolsa olaryň erkeklerini öldürmäge, baýlyklaryny paýlamaga, çagalarydyr aýallaryny ýesir almaga buýruk beripdir we jan beripdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) şeýle höküm çykarany üçin oňa: «Kasam edýärin, Allahü tagalanyň ýedi gat asmanyň üstündäki beren hökümine laýyk höküm çykardyň. Munuň şeýle boljakdygyny säher wagty Perişde gelip, maňa habar beripdi» diýipdir. Rowaýata görä, ýarasy gowy bitensoň, kuraýza tiresine araçy bellenen gününiň öň ýanyndaky gije Sagt şeýle doga edipdir: «Allahym, Resulyny ret eden, ony watanyny terk etmäge mejbur eden kowuma garşy jihat etmek islegimi hiç bir zat bilen deňeşdirmegiň mümkin däldigini bilýänsiň. Allahym, mundan beýläk biziň olar bilen söweşmegimiz üçin zerurlyk galmadymyka diýip, çak edýärin. Eger kuraýyş bilen ýene söweş etmeli bolsak, onda seniň ýoluňda jihat etmegim üçin meni öňki halyma getir. Eger olar bilen aramyzda söweş galmadyk bolsa, onda ýaramy deş-de, şehit bolup ölmegi maňa nesip et. Şeýle hem kuraýza tiresinden ar alyp, gözleri nurlandyrýançam janymy alma». Onuň bu dogasy Allahyň dergähinde kabul bolupdyr. Gürrüň bermeklerine görä, ol hassa bolup ýatyrka, bir geçi onuň ýanyndan geçip barýarka, bitip ugran ýarasyny toýnagy bilen deşipdir we ganyny duruzmak mümkin bolmansoň, ruhy Allahü tagalanyň huzurynaugrapdyr.

2Bu çadyr Rüfeýde Ensarynyň ýa-da Eslemiýäniň guran çadyrydy. Bu haýyr-yhsançy zenan hiç kimi bolmadyk ýaraly musulmanlara şol ýerde serederdi we Allahü tagalanyň razylygyny gazanmak üçin olara hyzmat ederdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) Sagdytiz-tizden sorap durmak aňsat bolar ýaly, Rufeýdäniň çadyryna geçirmeklerini buýruk bereninden soň, ertir, agşam ýanyna barardy we ýagdaýyny soramak bilen onuň köňlüni şat ederdi. Şeýlelik bilen,Sagt üçin çadyr gurdurdy diýmek, onuň üçin bir çadyryňbölünip berilmegini aňladýar.

3Gyfar tiresi Ebu Zeriň (r.a.) tiresidir. Ikinji çadyryň eýesiniň Rufeýde Eslemiýäniň adamsydygyny aýdýarlar.

4Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ömür ýoly beýan edilýän kitaplarda we hadyslarda habar berlişine görä, ol Sagt aradan çykanda,onuň ýanynda däl eken. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Ýa Muhammet, bu salyh gul kimdir? Onuň ruhunyň ýokary galmagy üçin asmanyň gapylary açyldy we onuň barmagy bilen Arşy-Rahman titredi» diýipdir. Şondan soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) Sagdyň ýanyna howlugypdyr, ýöne ol barýança näsag eýýäm aradan çykan eken. Sagdyň jynazasyna şol günden öň ýere beýle mukdarda inip görmedik ýetmiş müň sany perişdäniň gatnaşandygy habar berilýär.