288 Jynlardan bolan bir al-arwahyň Allahyň Resulynyň (s.a.w) namazyny bozdurmak üçin, onuň üstüne hüjüm etmegi
عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ : عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (إِنَّ عِفْرِيتًا مِنْ الْجِنِّ تَفَلَّتَ عَلَيَّ الْبَارِحَةَ ، أَوْ كَلِمَةً نَحْوَهَا ، لِيَقْطَعَ عَلَيَّ الصَّلاةَ ، فَأَمْكَنَنِي اللَّهُ مِنْهُ فَأَرَدْتُ أَنْ أَرْبِطَهُ إِلَى سَارِيَةٍ مِنْ سَوَارِي الْمَسْجِدِ حَتَّى تُصْبِحُوا وَتَنْظُرُوا إِلَيْهِ كُلُّكُمْ ، فَذَكَرْتُ قَوْلَ أَخِي سُلَيْمَانَ: (رَبِّ اغْفِرْلِي و هَبْ لِي مُلْكًا لا يَنْبَغِيِ لأَحَدٍ مِنْ بَعْدِي)).
Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gün: «Jynlardan bir al-arwah geçen gije namazymy bozdurmak üçin duýman durkam üstüme hüjüm etdi1. Ýöne Allahü tagala ondan üstün çykmaga maňa güýç berdi. Daň atanyndan soň, hemmäňiziň synlamagyňyz üçin,ony metjidiň sütünleriniň birine daňmak isledim, emma gardaşym Süleýman ibn Dawut alaýhyssalamyň: «Ýa Reb, meni bagyşla we maňa menden soňra hiç kime nesip etmejek bir mülki ber» diýendigi ýadyma düşüp2, al-arwahy köpek kowan ýaly edip kowdum»diýdi».
1Abdyrrezzagyň«Musannef» atly kitabynda: «Pişik sypatynda garşyma geldi», Müslimiň Ebu Derdanyň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatynda: «Ýüzüme urmak üçin eline oduň uçgunyny alyp geldi», Nesaýynyň Äşäniň (r.a.) adyndan beýan eden rowaýatynda: «Ony ýakalap, ýere ýykdym we diliniň sowuklygy elime bildirýänçä bogazyny gysdym» diýlipdir.
Şu mynasybetli käbir zatlary aýdyp geçmek gerek. Allahü tagalanyň ýaradan jandarlary diňe biziň maddy älemimizdäki adam bilen haýwanlardan ybarat däldir. «Müdessir» süresiniň 31-nji aýatynda şeýle diýilýär:وَمَا يَعْلَمُ جُنُودَ رَبِّكَ إِلَّا هُوَ= „We mä ýeglemü jünuwde Rabbike illä huwe”(golaý manysy: «We seniň Belent Perwerdigäriňiň goşunyny hiç kes bilmez, diňe Allaagalanyň özi biler»). Şonuň üçin hem olaryň görnüşleriniň näçedigi diňe Ýaradana mälimdir. Olardan Allahyň Resulynyň (s.a.w.) habar beren iki görnüşi perişdeler bilen jynlardyr. Olar dürli görnüşlere girmäge ukyply edilip ýaradylypdyr. Perişdeleriň hemmesi tämiz we beýik ruhlar bolup, Allahyň emrini ýerine ýetirmekden başga iş etmezler. Olaryň ýaşaýan mekany asmanyň ýokarsynda bolup, bir topary Ýaradanyň emri bilen biziň mesgenimiz bolan ýere inip, ýene ýokary göterilýärler. Jyn diýilýän jandar bolsa, biziň bilen ýeriň ýüzünde hem ýaşap bilýär. Olaryň hem edil adamlaryň bolşy ýaly mömini, kapyry bar. Olaryň kapyrlaryna şeýtan diýýärler. Perişdeleriň hem, jynlaryň hem bardygy Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan habar berleni we olar hakda Kuranyň aýatlarynda aýdylýandygy üçin, olar ýaly jandarlaryň ýokdugyny aýtmak, Allahyň Resulyny (s.a.w.) ret etmäge we küpür geplemäge alyp barar.
2Mundan Süleýman alaýhyssalamyň sahabalarynyň jynlary görüp bilendikleri hakda netije çykarylýar. Çünki, olar Süleýman alaýhyssalamyň pygamberliginiň beýik delilleriniň biri bolan mugjyzasyny, ýagny,jynlaryň oňa boýun egiş mugjyzasyny gözleri bilen görmedik bolsalar, bu delil onçakly berk bolmajakdy. Perişdeler bilen jynlary käte-käte öz hakyky keşplerinde görmek pygamberlere we sahabalara mahsus bir keramatdyr.