287 Riba hakdaky (süýthorlygy gadagan edýän) aýaty-kerimeleriň inmegi

Başy » NAMAZ KITABY » 287 Riba hakdaky (süýthorlygy gadagan edýän) aýaty-kerimeleriň inmegi

عَنْ عَائِشَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْها قَالَتْ : لَمَّا أُنْزِلَتْ الايَاتُ مِنْ سُورَةِ الْبَقَرَةِ فِي الرِّبَا ، خَرَجَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ إِلَى الْمَسْجِدِ فَقَرَأَهُنَّ عَلَى النَّاسِ ، ثُمَّ حَرَّمَ تِجَارَةَ الْخَمْرِ.

 

       Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Bakara» süresiniň ahyrraklaryndaky riba hakyndaky (süýthorluk gadagan edilýän) aýatlaryň(«Bakara» süresiniň 275-279-njy aýatlary)inen wagty,Allahyň Resuly (s.a.w.) Metjidi-Şeribe bardy we bu aýatlary halka okap berip, soňra hamr söwdasyny (ýagny,hamr almagy we satmagy) gadagan etdi»1.

 

1Süýthorlygyň gadagan edilmegi bilen baglanyşykly höküm iň soňky yglan edilen şerigat hökümleriniň biridir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hamr söwdasynyň gadagandygyny süýthorlygy gadagan edýän aýatlar bilen birlikde yglan edendigini göz öňünde tutup, hamryň gadagandygy barada hökümiň hem şol wagta çenli yza çekdirilendigi barada pikir etmek mümkin bolsa-da, hamryň ondan has öň gadagan edilendigi bellidir. Ozal hamryň diňe özi, ýagny,hamr içmek gadagan edilip, ony satmagyň şol wagta çenli gadagan edilmedik bolmagynyň mümkindigini aýdýanlar bar bolsa-da, bu pikiriň dogry bolmagy mümkin däl. Sebäbi,hamryň özüni içmek haram bolanyndan soň, ony satyp, peýda görmegiň hem haram boljakdygy şübhesizdir. Aýnynyň düşündirişlerinde aýdylyşyna görä, hamryň gadagandygynyň şu sebäp arkaly ikinji gezek yglan edilmeginibu hökümiňhas nygtalmak islenilmegiýa-da şol wagt metjide hamr söwdasynyň haramdygy hakyndaky höküm bilen heniz tanyş bolmadyk adamlaryň ýygnanandyklary bilen baglanyşdyrmakhas göwnüňe jaý gelýär.