286 Metjidi tämizlemegiň artykmaçlygy. Mazaryň başynda namaz okamak barada alymlaryň jedeli

Başy » NAMAZ KITABY » 286 Metjidi tämizlemegiň artykmaçlygy. Mazaryň başynda namaz okamak barada alymlaryň jedeli

   عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ أَنَّ رَجُلاً أَسْوَدَ ، أَوْ امْرَأَةً سَوْدَاءَ كَانَ يَقُمُّ الْمَسْجِدَ فَمَاتَ ، فَسَأَلَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ عَنْهُ ، فَقَالُوا : مَاتَ قَالَ: (أَفَلا كُنْتُمْ آذَنْتُمُونِي بِهِ ، دُلُّونِي عَلَى قَبْرِهِ ، أَوْ قَالَ قَبْرِهَا). فَأَتَى قَبْرَهَا فَصَلَّى عَلَيْهَا.

 

         Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir negr adam ýa-da aýal1 Metjidi-Şeribi syryp-süpürýärdi2. Ol bir gün ýogaldy3. Allahyň Resuly (s.a.w.) onuň nirededigini sorady. «Ýogaldy» diýdiler4.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Maňa onuň ýogalanyny habar bermeli dälmi näme? Maňa onuň mazaryny görkeziň» diýdi. Soňra onuň mazarynyň başyna baryp, onuň üçin jynaza namazyny okady»5.

 

1Bu sözüň aralykdaky rawy Sabyt ibn Eslem Bunana degişli bolmagy örän mümkindir. Buharynyň beýleki bir rowaýatynda onuň negr aýaly bolmagynyň mümkindigine zor berlişi ýaly, Beýhaky onuň adynyň Ümmi Mihjendigini ýazypdyr.

2Bu negr aýalynyň gazanan hormatyna Metjidi-Şeribe eden bu hyzmaty sebäp bolandyr diýip çaklamak mümkin. Metjit süpürmek, onuň eýlesinde-beýlesinde çaşyp ýatan esgileri, çöpleri we agaç böleklerini çöplemek ýaly hyzmatlar ownuk-uşak iş ýaly görünse-de, uly sogap gazanylmagyna sebäp bolup biler. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) özüniň hem metjidi syryp-süpürendigi gürrüň berilýär.

3Bu rowaýatdan görnüşine görä, görgüli negr aýalyny pes saýyp, onuň ölenini Allahyň Resulyna (s.a.w.) habar bermegi zerur hasaplamandyrlar.

4Beýhakynyň beýan eden rowaýatyndan, bu jogaby beren adamyň Ebu Bekrdigini (r.a.) aňlamak bolýar. Ol Pygamberimiziň (s.a.w.): «Maňa habar bermeli dälmidiňiz?» diýen igenç gatyşykly sowalyna: «Ol gije ýogaldy. Seni oýarmak islemedik» diýip jogap beripdir. Müslimiň öz kitabyna girizen bu rowaýatynda: «Şu gabyrlaryň içi gabyr eýelerine azap berip biljek tümlükden doludyr. Olar üçin okajak namazym bilen Allahü tagala olary nurlandyrar» diýlip artdyrylypdyr. Tabaranynyň Ibn Apbasyň adyndan beýan eden rowaýatynda-da Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Men ony jennetde metjitdäki galyndylary toplap ýören şekilde gördüm» diýendigi aýdylýar.

5Gabryň başynda jynaza namazyny okamagyň bolýandygy barada mesele jedelli meseleleriň biridir. Aly ibn Ebutalyp, Ebu Musa Eşgary, Abdullah ibn Omar, Abdullah ibn Mesgut, Äşe Syddyka (Allahü tagala olardan razy bolsun!) we Ewzaýy, Şapygy, Ahmet ibn Hanbal, Yshak ibn Rahuýa ýaly alymlar beýle etmegiň bolýandygy bilen ylalaşýarlar. Alymlaryň bir topary bular bilen ylalaşmaýarlar. Ybraýym Nahaýy, Hasan Basry, Sufýan Söwri bu pikirde bolup, Ebu Hanife, Leýs ibn Sagt, Mälik ýaly alymlar hem şol pikiri goldaýarlar. Gabryň başynda jynaza namazyny okamagyň bolýandygy bilen ylalaşýanlar hem onuň haýsy wagta çenli okalyp bilinjekdigi hakda dürli pikirlere eýerýärler. Ýogalan adam jaýlananyndan soňra bir aý geçýänçä, jeset bozulýança, hatda islendik wagt onuň mazarynyň başynda jynaza namazyny okap boljakdygyny aýdýan alymlar bar.