285 Algy-bergi dawasynyň çözülişi
عَنْ كَعْبِ بْنِ مَالِكٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّهُ تَقَاَضَى ابْنَ أَبِي حَدْرَدٍ دَيْناً كَانَ لَهُ عَلَيهِ فِي الْمَسْجِدِ ، فَارْتَفَعَتْ أَصْوَاتُهُمَا حتى سَمِعَهُا رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَهُوَ فِي بَيتِهِ ، فَخَرَجَ إلَيهِمَا حتى كَشَفَ سِجْفَ حُجْرَتِهِ ، فَنَادَى: ( يَا كَعْبُ ) ، قَالَ: لَبَّيْكَ يَا رَسُولَ اللَّهِ ، قَالَ: ( ضَعْ مِنْ دَينِكَ هَذَا ) ، وَأَوْمأَ إلَيهِ: أَي الشَّطْرَ ، قَالَ: قَدْ فَعَلْتُ يَا رَسُولَ اللَّهِ ، قَالَ: ( قُمْ فَاقْضِهِ).
Ygtybarly bir hadysda şeýle diýilýär: «Kagp ibn Mälik Ensary1 (r.a.) diýen sahaba Abdullah ibn Ebu Hadrat Eslemiden (r.a.) algysyny2b talap edip, Metjidi-Şerifde onuň synyndan ýapyşypdyr. Olar öz bagtyýar öýünde oturan Allahyň Resuly (s.a.w.) eşidäýjek derejede seslerini gataldypdyrlar. Allahyň Resuly (s.a.w.) olaryň ýanyna barmak niýeti bilen öz otagynyň perdesini açyp: «Eý, Kagp!» diýip seslenipdir. Kagp: «Lebbeýk, ýa Allahyň Resuly» diýeninden soň, ol elleri bilen yşarat edibräk: «Şunçasyny, ýagny,algyň ýarsyny geç»diýipdir. Kagp şobada: «Allahü tagala bar, geçdim, ýa Allahyň Resuly!» diýip seslenipdir. Şondan soňra Allahyň Resuly (s.a.w.) Ibn Ebu Hadrada: «Indi tiz ýeriňden tur-da, bergiňi ber» diýip buýruk beripdir».
1Tebük söweşine gatnaşmakdan ýüz öwrüp, soňra tobalarynyň kabul bolandygy habar berlen aýatyň inmegine sebäp bolan üç ensarynyň biridir (Allahü tagala olardan razy bolsun!). Ol hem Hassan ýaly meşhur şahyrlaryň biridir. Ömrüniň ahyrynda onuň gözi gapylypdyr.
2Tabaranynyň aýtmagyna görä, bu algy iki okyýýa, ýagny,segsen dirhem eken. Olaryň altyn dirhemdigi ýa-da kümüş dirhemdigi rowaýatda aýdylmandyr.