284 Söweşjeňlik ukybyňy artdyrýan oýny oýnamagyň mubah hasap edilmegi
عَنْ عائِشَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ: لَقَدْ رَأيتُ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَوْماً علَى بَابِ حُجْرَتِي وَالحَبَشَةُ يَلْعَبُونَ فِي المَسْجِدِ ، وَرَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَسْتُرُنِي بِرِدَائِهِ ، أَنْظُرُ إِلَي لَعِبِهِمْ. في رِوَايةٍ يَلْعَبُونَ بِحِرَابِهِمْ.
Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gün Allahyň Resuly (s.a.w.) hüjrämiň gapysynyň agzynda durdy, hebeşiler bolsa metjitde oýun oýnaýardylar. Allahyň Resuly hem (s.a.w.),meniň olaryň oýunlaryny synlap bilmegim üçin,öz ýapynjasy bilen meni perdeleýärdi».
Bir rowaýatda: «Gysga naýzalaryny oýnadýardylar» diýlipdir1.
1Käbir ýollar bilen gelip ýeten rowaýatlarda Ebu Bekriň (r.a.) bu hebeşileriň metjitde oýun oýnamaklaryny halaman, ony gadagan etmek islände, Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Zat diýme!» diýendigi aýdylýar. Gysga naýzalar bilen oýnalýan oýun adaty bir oýun däldir. Ol gylyç, galkan oýny, naýza zyňmak oýny ýaly, duşmana garşy ýarag ulanmaga ökdelemek üçin oýnalýar. Ol duşmana garşy durmaga taýýarlyk bolany üçin mubah (şerigat boýunça höweslendirilmeýän, ýazgarylmaýan iş) saýylypdyr, hatda beýle oýnuň metjitde oýnalmagyna-da rugsat berlipdir.