283 Metjitde şygyr okamaga rugsat berilmegi we bu babatda müjtehit alymlaryň arasyndaky jedel

Başy » NAMAZ KITABY » 283 Metjitde şygyr okamaga rugsat berilmegi we bu babatda müjtehit alymlaryň arasyndaky jedel

    عَنْ حَسَّانَ بْنِ ثَابِتٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّهُ اسْتَشْهَدَ أَبَا هُرَيْرَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنْشُدُكَ اللَّهَ هَلْ سَمِعْتَ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَقُولُ: (يَا حَسَّانُ أَجِبْ عَنْ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، اللَّهُمَّ أَيدْهُ برُوحِ الْقُدُس). قَالَ أَبُو هُرَيرَةَ: نَعَمْ.

 

         Hassan ibn Sabydyň1 (r.a.),metjitde şygyr okamak bolýandygyny aňlatmak üçin,Ebu Hüreýräni (r.a.) şaýat tutunyp, ondan: «Allahü tagalanyň ady bilen haýyş edýärin, Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Hassan! Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adyndan kuraýyş kapyrlaryna jogap ber2. Allahym, oňa Jebraýyly ýardamçy et!»diýendigini eşitdiňmi?» diýip sorandygy, onuň hem: «Hawa (eşitdim)»3 diýendigi ygtybarly rowaýatda beýan edilýär.

 

1Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şahyry diýen lakam bilen şöhratlanan Hassan ibn Sabyt ibn Münzir ibn Haram hazrej tiresine degişli ensarlardan bolup, jahylyýet zamanynda-da, yslam dini döräninden soňra hem öz ýaşytdaşlarynyň arasynda has tapawutlanan şahyrlardandy. Onuň Allahyň Resulyny (s.a.w.) taryplap we kapyrlary masgaralap ýazan kasydalarydyr şygyrlary bellidir. Ol täsin ykbally adamlardan bolup özi, kakasy, enesi, enesiniň kakasy — bularyň hemmesi ýüz ýigrimi ýaşapdyr. Yslam dini ýaýramazyndan öň, Käbäniň diwarlaryndan asylyp goýlan ýedi ýa-da dokuz sany kasydanyň eýeleriniň biri bolan Lebit ibn Rabyga Amiri hem,Hassan ibn Sabyt Ensary ýaly, altmyş ýaşanyndan soňra yslam dinini kabul edip, bu hem ýüz ýigrimi ýaşapdyr. Diýmek, bu iki şahyryň ömürleriniň ýarysy jahylyýet döwrüne, galan ýary-da yslamyň ýaýran döwrüne degişli bolupdyr. Diňe Lebidiň ähli şygry jahylyýet döwrüne degişli bolupdyr. Onuň iman gazananyndan soňra ýazan diňe bir beýdi bellidir.

            Bu ýerde getirilen kyssanyň sebäbi Buharynyň başga bir kitabynda şeýle beýan edilýär: «Omar (r.a.) Metjidi-Şeribe giripdir. Görse, Hassan şygyr okamak bilen meşgulmyş. Omar oňa gaharly bakypdyr. Ol hem: «Bu metjitde senden has haýyrly kişi bar wagty hem men şygyr okaýardym» diýeninden soňra Ebu Hüreýrä (r.a.) bakyp: «Allahyň ady bilen haýyş edýärin...» diýip, sözüni dowam etdiripdir. Yzy şu hadysdaky ýaly. Bu kyssany kitabyna girizmek bilen Buhary metjitde şygyr okamaga şerigat tarapyndan rugsat berilýändigi ýa-da rugsat berilmeýändigi baradaky meseläni gozgamak isläpdir.

2Hassanyň (r.a.) öz adyndan aýdylýan başga bir hadysda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) oňa: «Olary masgara et, Jebraýyl seniň bilendir» diýendigi aýdylýar. Şonuň ýaly-da, musulmanlaryň enesi Äşäniň (r.a.) adyndan gürrüň berlişine görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) Hassan üçin metjitde bir münber gurduryp, Hassan hem şol münbere çykyp, kapyrlary masgaralap, şygyr okar eken. Mälim bolşuna görä, araplaryňowadan gürlemäge bar zatdan beter hormat goýýandyklary üçin, bir tireden gowy bir şahyryň çykmagy şol tiräniň güýçlüdigini görkezýän alamatlaryň biri bolupdyr we bir tiräni beýleki tireleriň arasynda gülkünç bir hala salyp, ejizletmek üçin hem iň möhüm ýarag gülki eken. Şahyrlaryň öwgüleridir taryplary-da olaryň öz tireleriniň we olaryň tarapdarlarynyň güýç-kuwwatly bolmaklarynyň sebäbi saýylýardy.

3Edebiýat bilen gyzyklanýan adamlaryň isle öz ýazan şygyrlaryny, isle-de başgalaryň şygyrlaryny sesli okamaklaryna rugsat berilýändigi we berilmeýändigi baradaky mesele müjtehit alymlaryň iki topara bölünmeklerine sebäp bolupdyr. Olaryň bir topary şygyr okamagyň umuman bolýandygyny aýdýarlar. Şagby, Amir ibn Sagt Bejeli, Muhammet ibn Sirin Sagyt Müseýýep, Kasym, Söwri, Ewzaýy, Ebu Hanife, Mälik, Şapygy, Ahmet ibn Hanbal, Ebu Ýusup, Muhammet, Yshak, Ebu Söwr, Ebu Ubaýt (Allahü tagala olara rehim etsin!) masgaralaýjy gülküden, ahlaksyzlykdan, musulmanlardan biriniň mertebesini peseltjek bolmak meýlinden azat bolan şygryň okalmagyny gadagan hasaplamandyrlar. Olaryň delilleri-de häzirki gürrüňini edýän hadysymyzdyr. Mesruk, Ybraýym Nahaýy, Salym ibn Abdylla, Hasan Basry, Amr ibn Şuaýb (Allahü tagala olara rehim etsin!) dagylar bolsa şygryň gürrüň berilmegini-de, sesli okalmagyny-da mekruwh hasaplapdyrlar. Olar:وَالشُّعَرَاءُيَتَّبِعُهُمُ الْغَاوُونَ= „Weşşugaraaaa-ü ýettebiguhümül gaawuwne”(golaý manysy: «We şahyrlar azaşanlar olaryň yzyna düşýärler».«Şuara» süresiniň 224-nji aýaty) aýaty-kerimesini hem-de hezreti Omaryň, Sagt ibn Ebu Wakgasyň, Ebu Hüreýräniň, Ebu Sagyt Hudrynyň, Awf ibn Mäligiň, Ebu Derdanyň adyndan aýdylyp, Ibn Ebu Şeýbe, Wezzar, Tahawy, Müslim, Ibn Maje, Buhary, Tabarany (Allahü tagala olara rehim etsin!) ýaly hadysçylar tarapyndan we dürli ýollar bilen gelip ýeten: «Biriňiziň içiňiziň iriň bilen dolup, harap bolmagy, onuň şygyr bilen dolmagyndan has haýyrlydyr» diýen hadysy-şeribi delil tutunýarlar. Birinji topara girýän alymlar bu gadagançylygy şygyrlaryň boýdan-başa hemmesine degişli hasap etmän, onuň ahlaksyz sözler bilen, sögünçler bilen hapalanan şygyrlara degişlidigini aýdýarlar. Mysal üçin, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) köp gezek şygyr diňländigi, hatda şygyrdaky sözleriň tertibini bozubrak, ony üýtgedip okan gezekleriniň bolandygy, hususan-da Hassana şunuň ýaly höweslendiriji sözler aýtmagy – bularyň hemmesi birinji topara degişli alymlaryň gelen netijelerini berkidýär. Ýöne alymlaryň aýtmaklaryna görä, kapyrlara sögmäge we olaryň üstünden gülmäge rugsat berilse-de, beýle etmäge ilki özüň başlamak gowy däldir. Ilki bilen kapyrlara sögüp başlamak, kapyrlaryň hem musulmanlara, hatda (Allahü tagala daş edewersin!) Allahü tagala we Onuň Resulyna sögmeklerine sebäp bolup biler. Ýöne ilki bilen beýle etmäge kapyrlaryň özi başlap, edil şonuň ýaly ýarag bilen goranmak zerurlygy ýüze çyksa, onda şeýtmek gadagan däldir. Mysal üçin: «Kapyrlara garşy baýlyklaryňyz bilen, janlaryňyz bilen, dilleriňiz bilen göreşiň» diýlipdir.