281 Metjide ýaragly girmegiň gadagandygy hakda
عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: مَرَّ رَجُلٌ فِي المَسْجِدِ وَمَعَهُ سِهَامٌ ، فَقَالَ لَهُ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ : ( أَمْسِكْ بَنَصَالِهَا).
Jabyr ibn Abdullah (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek biri Pygamberimiziň (s.a.w.) metjidiniň içinden geçdi. Onuň ýanynda uçlary çykyşyp duran peýkamlar bardy1. Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa: «Uçlaryndantut»2diýdi.
1Başga bir rowaýatda bu adamyň metjitde sadaka hökmünde eýlesine, beýlesine peýkam paýlandygy aýdylýar. Onuň ensardan bir adamdygy mälim bolup, adynyň kimdigi aýdylmandyr.
2Tabarany «Mugjemi-Ewsat» atly kitabynda biriniň metjitde elindäki bir peýkamy ýalaňaçlandygyny gören Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.): «Bu adam Allahyň Resulynyň (s.a.w.) metjitde ýaragy ýalaňaçlamagy, ýaragy çykarmagy gadagan edendigini bilmeýärmi?» diýendigini habarberýär.