280 Hezreti Osman Metjidi-Nebewini täzeden bina eden wagty, halkyň bu işi oňlamazlygy we halifiň olara beren jogaby
عَنْ عُثْمَانَ بْنِ عَفَّانَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ عِنْدَ قَوْلِ النَّاسِ فِيهِ حِينَ بَنَي مَسْجِدَ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: إنَّكُمْ أَكْثَرْتُمْ ، وَإنِّي سَمِعْتُ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَقُولُ: ( مَنْ بَنَى مَسْجِداً يَبْتَغِي بِهِ وَجْهَ اللَّهِ ، بَنَى اللَّهُ لَهُ مَثْلَهُ في الجَنَّةِ ).
Ygtybarly bir rowaýatda aýdylyşyna görä, Osman ibn Affan (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Metjidini täzeden bina eden wagty1 halkyň bu işi oňlaman, her hili myş-myş gürrüňleri ýaýradandygy üçin2: «Siz gepiňizi köpeltdiňiz. Men Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Her kim Allahyň razylygyny gazanmak üçin bir metjit bina etse, Allahü tagala-da onuň üçin jennetde edil şonuň ýaly bir öý bina eder» diýendigini eşitdim» diýipdir3.
1278-nji hadysa-da seret. Metjidi-Şeribiň jaýy Pygamberimiziň (s.a.w.) hijretiniň 30-njy ýylynda giňeldilip, täzeden gurlupdy.
2Metjidiň bu gurluşygyna garşy çykanlar Allahyň Resulynyň (s.a.w.) döwründe bu metjit nähili edilip gurlan bolsa, ýene-de edil şonuň ýaly edilip gurulmagyny we onuň gurluşygynda nagyşly daş we hek daşynyň ulanylmazlygyny isleýärdiler. Ýöne kerpiçden salnan diwarlar çalt gowşap, hurma agajy içinden çüýreýärdi. Hurma şahalaryndan örülen üçek bolsa, namaza gelenleri ýagmyrdan gorap bilmeýärdi.
3Bu hadysy-şerifde beýanyny tapan wada we hoş habar köp sanly sahabalaryň adyndan aýdylýan rowaýatlarda şuňa meňzeş edilip, käte biraz artdyrylyp, käte-de gysgaldylyp beýan edilipdir.