279 Allahyň Resulynyň (s.a.w) Ammar (r.a.) bilen baglanyşykly bir mugjyzasy

Başy » NAMAZ KITABY » 279 Allahyň Resulynyň (s.a.w) Ammar (r.a.) bilen baglanyşykly bir mugjyzasy

عَنْ عِكْرِمَةَ رَحِمَهُ الله تَعَالَى قَالَ: قَالَ لِى ابْنُ عَبَّاسٍ وَلاِبْنِهِ عَلِىٍّ: انْطَلِقَا إِلَى أَبِى سَعِيدٍ فَاسْمَعَا مِنْ حَدِيثِهِ . فَانْطَلَقْنَا فَإِذَا هُوَ فِى حَائِطٍ يُصْلِحُهُ ، فَأَخَذَ رِدَاءَهُ فَاحْتَبَى ، ثُمَّ أَنْشَأَ يُحَدِّثُنَا حَتَّى أَتَى ذِكْرُ بِنَاءِ الْمَسْجِدِ فَقَالَ: كُنَّا نَحْمِلُ لَبِنَةً لَبِنَةً ، وَعَمَّارٌ لَبِنَتَيْنِ لَبِنَتَيْنِ ، فَرَآهُ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فَيَنْفُضُ التُّرَابَ عَنْهُ وَيَقُولُ: ( وَيْحَ عَمَّارٍ تَقْتُلُهُ الْفِئَةُ الْبَاغِيَةُ ، يَدْعُوهُمْ إِلَى الْجَنَّةِ ، وَيَدْعُونَهُ إِلَى النَّارِ ) قَالَ: يَقُولُ عَمَّارٌ: أَعُوذُ بِاللَّهِ مِنَ الْفِتَنِ.

 

         Ykryma (Allahü tagala oňa rehim eýlesin!) şeýle diýipdir: «Ibn Apbas (r.a.) öz ogly Ala hem-de maňa ýüzlenip: «Ebu Sagydyň ýanyna gidiň-de, onuň berýän gürrüňlerini diňläň»diýdi. Biz onuň aýdyşy ýaly etdik. Ebu Sagyt Hudry (r.a.) bagyň daşyna aýlanan diwara timar berip ýören eken. Ol bizi görüp, ýapynjasyny egnine atyp, aşak oturdy we soňra bize gören zatlaryny habar bermäge başlady. Metjidi-Şeribiň bina edilişi hakdaky gürrüňe geçip, ol aýtdy: «Biz kerpiji ýeke-ýekeden,Ammar bolsa iki-ikiden daşaýardy. Allahyň Resuly (s.a.w.) onuň bolşunygöreninden soň, üstündäki gumy kakyşdyryp: «Wah, Ammar! Wah, Ammar! Ony azgyn bir tire öldürer1. Ammar olary jennete2 çagyrar, olar bolsa ony dowzaha»diýdi. Bu sözleri eşiden Ammar soň-soňlar hem:«Pitnelerden gaçyp, Allahü tagala sygynýaryn»3 diýerýörerdi».

 

1Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu bahasyz sözüne mynasyp bolan Ammar Syffyn dawasy ýüze çykanda,Mugawyýa ibn Ebu Sufýanyň egindeşi tarapyndan öldürilipdir. Möminleriň emiri Aly ibn Ebutalyba (r.a.) garşy çykan şam ilatynyň şol döwürde azgyn bir tire bolandygy bu ygtybarly hadysdan belli bolýar. Möminleriň ymamy we emiri,diňe ýeke galan Hasanyň (r.a.) haýyş etmegi bilen,Mugawyýa (r.a.) garşy herekete başlapdyr. Aýdylan wagtyndan otuz ýyl soňra durmuşa geçen bu habar Muhammediň (s.a.w.) pygamberdigine şaýatlyk edýän habarlaryň biridir. Alynyň (r.a.) söweşe girmeginiň maksadalaýyk bolmandygyny aýdýanlaryň garşysyna bu hadysy-şerif delil bolup hyzmat edýär.

2Buharynyň başga bir rowaýatynda: «Ammar olary Allahü tagala... çagyrýar» diýlipdir. Bu aýdylanlaryň ikisi hem şol bir manyny aňladýar. Bu habaryň mantygyndan (logikasyndan) çen tutup, Ammary öldüren tiräniň jähennem oduna çagyrýanlardandygy we bu tiräniň içinde köp sanly sahabalaryň-da bardygy barada netije çykaranlar,bu tire barada dürli-dürli pikir ýöretmäge synanyşsalar hem,bu meseläni aýdyňlaşdyryp biljek zat aýtmandyrlar. Onuň aklyňa iň ýakyn bolan düşündirişi şeýledir: garşydaş taraplaryň ikisiniň hem arasyndaky şerigat kanunlaryna öz düşünişlerine we ygtykatlaryna görä hereket edip, öz nebislerine çapman, Allahyň razylygyna mynasyp bolmak islän sahabalara (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!) Aly (r.a.) bilen beýleki sahabalar degişlidi. Beýlekileriň ygtykady aýry bolmak bilen birlikde, olar öz nebislerine çapýan, Allahü tagalanyň öňünde günäkär adamlardy. Allahü tagala köňül bermän, özleriniň jennete barýandyklaryna ynanyp, ýalňyş ýola çagyrmak dowzaha çagyrmakdan başga zat däldir. Ýalňyşyp, bilmezlikden sogapsyz ýola düşmek bolsa,sogapdan daş etmegine garamazdan, jähennemiň oduna girmegiňe sebäp bolup bilmez. Mysal üçin, hezreti Aly (r.a.) özlerine garşy çykanlar hakynda: «Bular bize duşman bolan tireden bolan arkadaşlarymyzdyr» diýipdir. Sahabalar babatda inen: «Siz ynsanlaryň arasyna çykarylan iň haýyrly ymmatsyňyz» diýen aýaty-kerimesinden çen tutanyňda-da, bu söweşe gatnaşan sahabalaryň bir toparynyň jähennemiň ýoluna düşen we şol ýere çagyrýan adamlar däl-de, öz düşünjeleri sebäpli günä gazanan adamlardygyny aýdyp bolar.

3Ammar ibn Ýasyryň (r.a.) bu sözünden pitne wagtynda Haka ýakyn boljakdygyny bilip duran adamyň hem pitne hyýalyna münmekden gorkup gezmeginiň gerekdigi barada netije çykarmak mümkin. Sebäbi hak ýoldadygyny doly bilmeýän adam ýalkanjagyny ýa-da ýalkanmajagyny ölýänçä bilmez. Hezreti Ammar ýaly adam hem pitnäniň özüni nirelere alyp baryp biljekdigini öňünden bilip bilmez.