277 Metjide giren wagtyňda, oturmazyňdan ozal iki rekagat namaz okamalydygy hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 277 Metjide giren wagtyňda, oturmazyňdan ozal iki rekagat namaz okamalydygy hakda

    عَنْ أَبِي قَتَادَةَ السُّلَمِي رَضِي اللَّهُ عَنْهُ أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (إذَا دَخَلَ أَحَدُكُمْ المَسْجِدَ فَلْيَرْكَعْ رَكْعَتَيْنِ قَبْلَ أَنْ يَجْلِسَ).

 

         Ebu Katada Sülemi (r.a.) şeýle diýipdir: „Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bir adam metjide giren wagtynda, oturmazyndan ozal iki rekagat namaz okasyn»1 diýdi”.

 

1Müslimiň kitabyndaky rowaýatda bu hadysyň ýüze çykmagynyň sebäbi-de görkezilipdir. Ebu Katada (r.a.) Metjidi-Şeribe girende, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalarynyň arasynda oturandygyny görüpdir. Ol hem baryp, oturanlaryň ýanynda çöküpdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) ondan: «Namaz okamagy kim saňa gadagan etdi?» diýip soranyndan soň, ol: «Ýa Allahyň Resuly, seniň oturanyňy gördüm. Bular hem otyr eken. Şol sebäpli namaz okamadym» diýip jogap beripdir. Şondan soňra bu hadysy-şerif dünýä inipdir. Ibn Ebu Şeýbäniň «Musannef» atly kitabynda başga bir ýol bilen ýene Ebu Katadadan (r.a.) gelip ýeten birnusgada Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Metjitleriň haklaryny beriň» diýendigi we: «Haklary nämedir?» diýip soranlaryndan soňra: «Oturmazdan ozal iki rekagat namaz» diýip jogap berendigi aýdylýar.

Bu namaza tahiýýetül-metjit diýilýär. Ol iki rekagatdan az bolup bilmez.

Bu namazy ymam parz namazyny okap durka Metjidi-Harama giren, şonuň ýaly-da, juma güni hatip hutba okamak üçin münbere çykanyndan soňra metjide giren adamlar okamazlar. Zahyryýýe mezhebine eýerýänler namaz okamak bolýan wagtlarda metjide giren her bir musulmana iki rekagat namaz okamagyň parzdygy bilen ylalaşsalar hem, müjtehitlerden hiç biri munuň bilen ylalaşmandyr. Hatda bu mezhepden bolan Ibn Nazm hem tahiýýetül-metjidiň wajyp däldigini tassyklapdyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu emriniň mustahapdygyna, ýagny,onuň gowy gören zatlaryna degişlidigine iň gowy delil, juma namazyna giç gelip, öňe geçmek islän adama Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Äleme ezýet berdiň, otur» diýip, namaz okamaga buýruk bermezligini, aýratyn hem Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalarynyň köp gezek metjide girip, namaz okaman çykmaklarynyň subut edilmegi zahyrylaryň bu namazyň parzdygy barada edýän dawalaryna ters gelýär. Namaz okalmagy halanmaýan wagtlarda (kerahet wagtlary) metjide giren adama, Ebu Hanife bilen döwürdeşlerine hem-de ymam Mälige görä, tahiýýet namazyny okamak hem mekruwhdyr. Metjide girip hem namaz okaman oturan adamyň tahiýýet namazyny soňra okamagynyň gereginiňýokdugynyaýdýanlar-da bar. Ýöne metjide giren badyna aşak çöken Ebu Zerden (r.a.) Allahyň Resulynyň: «Namaz okadyňmy?» diýip soramagy, okamandygyny bilip hem: «Ýeriňden tur-da, oka?» diýmegi beýle etmegiň mümkindigini görkezýär.