276 Metjitde ýatmaga rugsat berilýändigi hakda
عَنْ سَهْلِ بْنِ سَعْدٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: جَاءَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ بَيتَ فاطِمَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهَا فَلَمْ يَجِدْ عَلِيا في الْبَيتِ ، فَقَالَ : أَينَ ابْنُ عَمِّكِ ؟ قَالَتْ: كانَ بَينِي وَبَينَهُ شَيءٌ فَغَاضَبَنِي ، فَخَرَجَ فَلَمْ يَقِلْ عِنْدِي ، فَقَالَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ لإنْسَانٍ: (انْظُرْ أَيْنَ هُوَ). فَجَاءَ فَقَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ هُوَ فِي الْمَسْجِدِ رَاقِدٌ ، فَجَاءَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَهُوَ مُضْطَجِعٌ ، قَدْ سَقَطَ رِدَاؤُهُ عَنْ شِقِّه وَأَصَابَهُ تُرَابٌ ، فَجَعَلَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَمْسَحُهُ عَنْهُ ، وَهُوَ يَقُولُ: ( قُمْ أَبَا تُرَابٍ، قُمْ أَبَا تُرَابٍ).
Sehl ibn Sagt Sagyt i (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gün gyzy Patmanyň (r.a.) öýüne bardy. Ol ýerdenAlyny (r.a.) tapman, gyzyndan: «Doganoglanym nirede?» diýip sorady. Patma-da (r.a.): «Aramyza bir tow düşdi. Biri-birimizden öýkeledik. Ol hem gündizki ukusyny meniň ýanymda almady» diýen jogaby berdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) birine1: «Seret, ol niredekä?» diýdi. Ol adam gelip: «Ýa Allahyň Resuly, ol metjitde ýatyr» diýip habar berdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) metjide bardy. Görse, Aly bir gapdalyna agdarylyp, uklap ýatyr. Ýapynjasy bir gapdalyndan syrylyp, göwresi topraga bulaşypdyr2.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ebu Turap, tur, Ebu Turap, tur»3 diýip, gaýtalap durşuna, onuň bedenine ýelmeşen topragy silkip aýyrmaga başlady».
1Bu adam, gürrüňiň äheňinden mälim bolşuna görä, Sehl ibn Sagdyň (r.a.) özi bolmaly.
2Alynyň (r.a.) Patmanyň (r.a.) ýanynda öýlänlik ukusyny alman, metjitde ýatmagy, garyp dälleriň hem metjitde ýatmaklarynyň mubahdygyna (şerigat tarapyndan gadagan edilmeýän we höweslendirilmeýän hereket) delildir. Mysal üçin, Ebu Nugaýmyň: «Kitäbül-Mesäjid» diýen kitabynda-da beýan edilen we Jübeýr ibn Mutymyň ady bilen baglanyşdyrylýan bir hadysy-şerifde: «Metjitde öýlänlik ukusyny almagy hiç kime gadagan etmäň. Onuň mukymdygynyň (ýerli), mysapyrdygynyň (myhman) tapawudy ýokdur» diýilýär. 275-nji hadysyň düşündirişine-de seret.
3Allahyň Resuly (s.a.w.) öz giýewisini şunuň ýaly künýe bilen atlandyrmagy onuň göwnüni götermek üçindir. Buharynyň gürrüň bermegine görä, Alynyň (r.a.) «Ebu Turap» ýaly gowy görýän başga bir ady ýok ekeni. Biri ony: «Ebu Turap» diýip çagyrsa, örän hoş bolupdyr.