273 Namazlaryň bir bölegini öýüňde okamalydygy hakda

Başy » NAMAZ KITABY » 273 Namazlaryň bir bölegini öýüňde okamalydygy hakda

    عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا: عَنِ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: (اجْعَلُوا فِي بُيُوتِكُمْ مِنْ صَلاَتِكُمْ ، وَلاَ تَتَّخِذُّوهَا قُبُوراً).

 

       Abdullah ibn Omar (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Namazyňyzyň bir bölegini öýüňizde okaň. Öýleriňizi mazara öwürmäň»1 diýendigini gürrüň beripdir.

 

1Öýleri mazara öwürmezlik barada dürli-dürli pikirler bar. Alymlaryň esasy köplüginiň çykarýan manysyna görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu beýik sözi: «Öýleriňizde, namaz we Kuran okamakdan mahrum bolup, sessiz-sedasyz ýatan we amal etmekden kesilen ölülere meňzämäň» diýmegi aňladýarmyş. Mysal üçin, Tabaranynyň beýan eden: «Öýleriňizi Allahü tagalanyň zikri bilen nurlandyryň. Olary ýehudylar bilen hristianlaryň edişi ýaly, gabra öwürmäň. Içinde Kuran okalan öý özýaşaýjylarynagiňiş görner, onuň haýry köpeler, perişdelerbu öýepäsgelçiliklsiz geler. Içinde Kuran okalmaýan öý bolsa,özýaşaýjylarynadar görner, onuň haýry azalar, perişdeler ondan gaçar we şeýtanlar peýda bolar» diýen hadysy hem şonuň bilen manydaşdyr. Müslim bu hadysy biraz başgaça beýan edýär. Şoňa eýerenler bu hadysdan öýde ölini jaýlamaly däldigi hakda many çykaryp, mazarystanda namaz okamagyň gowy zat däldigi bilen ylalaşýarlar. Öýlerde okamak buýrulan namaz bolsa,fykyhçy alymlaryň köpüsiniň pikirine görä, nepil namazlarydyr. Müslimiň kitabyndaky: «Araňyzdan biri metjitde namaz okanda, ondan öýde okamak üçin hem bir bölegini goýsun» diýen hadys bilen: «Namazyň gowusy mektube, ýagny,adamyň parz namazyndan başga öz öýünde okan namazydyr»diýen habar bu sözüň dogrudygyny tassyklaýar. Öýde okalan nepil namazyň metjitde okalan şonuň ýaly namazdan has sogaply bolmagy,ýaşalýan öýi ybadat bilen nurlandyrmak we abadan etmek niýeti bilen bir hatarda, beýle namazy öýünde okan adamyň ryýa (il ýüzüne namaz okamak) ýaly howpdan heder etmän bilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Abdullah ibn Sagt (r.a.) Allahyň Resulyndan (s.a.w.) öýde namaz okamak bilen metjitde namaz okamagyň haýsysynyň sogabynyň has kändigini soranda, ol: «Öýümiň metjide neneňsi ýakyn ýerleşýändigini görýärsiň. Şeýle bolsa-da,namazymy öýümde däl-de, metjitde okamagy gowy görýärin. Salaty-mektubany öýde okamagyň sogaby ony metjitde okamagyň sogabyndanköpdür»diýipdir. Şonuň ýaly-da, Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek Benu Abdyl-Eşhel metjidinde agşam namazyny okadýardy. Namazdan soňra adamlaryň nepil namazlaryny okamak bilen meşgullanýandyklaryny görüp,ol: «Eý jemagat, bu namaz diňe öýlerde okalýar» diýipdir. Bunamazlardan diňe jemagat bilen okalýan tarawa, juma namazynyň öňünden okalýan sünnetler we tawaf hem-de yhram namazlary tapawutlandyrylyp, olary metjitde okamak has gowudyr. Şeýle-de,Kazy Yýaz Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu höküminiň parz namazlara degişlidigini aýdanlaryňhem bolandygyny habar berýär. Bu söze görä, Pygamberimiziň (s.a.w.) buýrugynyň manysy: «Parz namazlaryň käbirlerini öýleriňizde okaň, metjide barmaýan zenanlar, gullar, hassalar... we şuňa meňzeşler size uýup, jemagat sogabyny gazanarlar» diýmek bolýar.