272 Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okap durka, oňa jähennemiň görkezilmegi

Başy » NAMAZ KITABY » 272 Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okap durka, oňa jähennemiň görkezilmegi

    عَنْ أَنَسٍ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (عُرِضَتْ عَلَيَّ النَّارُ وَأنَا أصَلَّي).

 

         Enes ibn Mälik (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Namaz okap durkam, maňa dowzahyň ody görkezildi» diýendigini gürrüň beripdir1.

 

1Bu hadys doly däl. Buharynyň kitabyny okamagy ýeňilleşdirmek maksady bilentaýýarlan kitaby şu terjimä esas bolup hyzmat eden Zebidiniň bu hadysyňyz ýanyndan gelip,Ibn Apbasyň (r.a.)adyndan beýan edilen doly nusganytaşlap, bu nusganynäme üçin saýlap alandygyna düşünip bolmaýar. Ibn Apbas hezretleri şeýle gürrüň berýär: «Gün tutuldy. Allahyň Resuly (s.a.w.) ymam bolup, namaz okatdy. Soňra: «Maňa jähennem görkezildi. Onuň ýaly elhenç görnüşi şu günki güne çenli görmändim» diýdi». Bu 76-njy hadysda gürrüňi edilen Gün tutulmak hadysasydyr. Buhary birnäçe ýerde bu wakany kän sanly sahabanyň adyndan kä gysgaldyp, kä jikme-jik beýan edýär. Bu ýerde garşyňda ojak, ot, ýa bolmasa müşrükleriň hudaý hasaplan başga bir zady bar wagty namaz okamaga rugsat berilýändigini görkezmek maksat edinilipdir. Ýöne hanefi mezhebiniň alymlarynyň pikirine görä, beýdip namaz okalmasa gowudyr. Ibn Siriniň hem ojaga bakyp namaz okamagy erbetlik hasaplandygyny Ibn Ebu Şeýbe özüniň «Musannef» atly kitabynda habarberýär. Beýleki fykyhçy alymlar beýtmäge päsgel berip biljek zady görmeýärler (76, 81, 316, 323, 417-nji hadyslara we «Gün tutulmagy Kitabyna-da» seret).