271 Namaz okaňda haýwanyň süträniň ornuny tutýandygy hakda. Haýwan ýataklarynda namaz okamagyň hökümi
عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّهُ كَانَ يُصلى إلى بَعِيِرِهِ وَقَالَ: رَأَيْتُ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ يَفْعَلُهُ.
Ibn Omaryň (r.a.) düýesini kyblasynda goýup, namaz okap bolanyndan soňra: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle edendigini gördüm» diýendigi gürrüň berilýär1.
1Mundan öňki hadyslarda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) dowarlaryň agyllarynda namaz okandygy gürrüň berlipdi (173-nji we 270-nji hadyslara seret). Ýöne düýe bolan ýerde namaz okamagyň bolýandygy ýa-da bolmaýandygy bir mesele bolup durýar. Ibn Omaryň (r.a.) edişi ýaly edip, münülýän ulagyňy sütre (perde) edinip, namaz okamagyň ýa-da ulagyň üstünde nepil namazyny okamagyň gadagan däldigi barada belli bir ylalaşyk bar bolsa-da, düýe ýataklarynda (goýun agyllaryndaky ýaly) namaz okamak meselesi jedellidir. Düýeleriň uzak wagtlap ýatan ýerleriniň köplenç ýagdaýda hapalanyşy ýaly, ýaramaz häsiýetli düýeleriň biriniň,birdenkä,namaz okaýana topulyp, ony öldüräýmeginiň mümkindigi üçin, onuň kalby howsaladan azat bolmaz. Şol sebäpli,düýe ýataklarynda namaz okamakdan saklanmalydygy hakynda gelip ýeten köp sanly hadyslaryň käbirlerinde bu gadagançylyk şeýtanyň namaz okaýanyň kalbyna salyp biljek waswasasy bilen delillendirilýär. Bu barada şerigat hökümleri şeýledir: fykyhçy alymlar munuň ýaly ýerlerde (şol ýerleriň arassa bolmak şerti bilen) namaz okalmagyna rugsat berýärler. Ebu Hanife, Mälik, Şapygy, Ebu Ýusup, Muhammet ibn Hasan ýaly müjtehit alymlaryň hemmesi hem şu pikirde bolup, bu hakdaky gadagançylyklary ýalňyşmakdan gorkmak bilen baglanyşdyrýarlar. Hasan Basry, Yshak ibn Rahuýa, Ebu Söwr ýaly alymlar bolsa ony mekruwh hasaplaýarlar. Ahmet ibn Hanbalyň adyndan aýdylýan belli rowaýatda bolsa,şolar ýaly ýerde okalan namaz bozulýar. Sygyr ýataklary goýun agyllary bilen deň hasap edilýär. Ebu Musa Eşgarynyň (r.a.) aragatnaşyk hyzmatlary üçin ulanylýan atlaryň ýatagynda, giň sähranyň gapdalynda namaz okap: «Bu ýeriň şol ýerden tapawudy ýokdur» diýendigini Buhary 172-nji hadysyň düşündirişinde beýan edýär. Ýöne Ymam Mälige görä, at ýatagynda namaz okamaga rugsat berilmeýär.