269 Gabyrlaryň üstünde metjit galdyrmagyň, metjitleriň içine jandarlaryň suratyny çekmegiň gadagandygy hakda
عَنْ عَائِشَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهَا: أَنَّ أُمَّ حَبِيبَه وَأُمَّ سَلَمَةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا ذَكَرَتَا كَنِيسَةً رَأَيْنَها بِالحَبَشَةِ ، فِيهَا تَصَاوِيرُ ، فَذَكَرَتَا ذلِكَ لِلنَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فَقَالَ: (إنَّ أُولئِكَ إذَا كَانَ فيهِمُ الرَّجُلُ الصَّالحُ فَمَاتَ ، بَنَوْا على قَبْرِهِ مَسْجِداً ، وَصَوَّرُوا فِيهِ تِلْكَ الصُّوَرَ ، فَأُولئِكَ شِرِارُ الخَلْقِ عِنْدَ اللَّهِ يَوْمَ الْقِيامَةِ).
Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek musulmanlaryň eneleri Ümmi Habyba bilen Ümmi Seleme (r.a.)1 özleriniň Hebişistanda gören we içine suratlar çekilen kiliseleri2 barada gürrüň edip, soňra bu barada Allahyň Resulyna (s.a.w.) hem habar berdiler. Allahyň Resuly (s.a.w.) şonda: «Olar öz aralarynda ýaşap ýören bir gowy adam ýogalanda3, onuň gabrynyň üstüne bir metjit galdyryp, onuň içine şonuň ýaly suratlar çekerdiler. Ine olar4 kyýamat güni mahluklaryň iň erbetleridir» diýdi».
1Musulmanlaryň enesi Ümmi Habybanyň (r.a.) ady Remme bolup, kuraýyşyň baştutanlaryndan Ebu Sufýan Sahr ibn Harbyň gyzydyr. Ol musulman bolan ilkinji zenanlardandyr. Ümmi Habyba adamsy Ubaýdylla ibn Jahş bilen birlikde Hebeşistana hijret edýär. Ubaýdylla şol ýerde ýogalanyndan soň, hijretiň altynjy ýylynda Allahyň Resuly (s.a.w.) Amr ibn Ümeýýe Damrynyiberip, ony özüne nikalap alypdyrwe nikalaşylanda öz adyndan wekilçilik etmek üçin nejäşini belläpdir. Onuň galyňyny nejäşi öz kisesinden töläp, soňra ony Medinä tarap ýollapdyr.
Ümmi Selemäniň (r.a.) ady Hind binti Ebu Ümeýýe Mahzumiýýedir. Ol ilkinji musulmanlardan bolan adamsy Ebu Seleme bilen birlikde Hebeşistana hijret edip, soňra Medinä göçüp gelenlerinde,adamsy ýogalýar. Şondan soňra musulmanlaryň enesi bolmak derejesine we hormatyna mynasyp bolupdyr.
2Buharynyň başga bir rowaýatynda aýdylyşyna görä, bu kilisäniň ady Mariýýemiş. Bu Merýem ene kilisesidir.
3Gowy adamlaryň üstüne metjit galdyrylyp, gabyr eýelerine çokunmagy aňladar ýaly derejede oňa tagzym etmek şerigat boýunça gadagandyr. Allahyň Resuly (s.a.w.) bu tagzym gitdigiçe buta ybadat etmäge alyp barar diýip, muny gadagan edipdir we pygamberleriň guburynyň üstüne metjit galdyran ýehudylary we hristianlary näletläpdir. Şonuň ýaly-da, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) muny soňky gezek kesellän mahalynda gadagan etmegi (yzda beýan ediljek 274-nji hadysdan aňlanyşyna görä), onuň ýatyrylmaga degişli bolmadyk hökümleriň biridigine delildir. Tefsirçi Aýny şeýle diýýär: «Bu bütin ymmata mälim bolany üçin, sahaba we tabygyn hezretleri Pygamberimiziň (s.a.w.) metjidini giňeltmek zerurlygy ýüze çykan zamanynda, metjit giňeldileninden soň, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) onuň ortasynda galan bagtyýar mazarynyň daş-töweregine (ýönekeý halkyň bu ýere gelip, öňki döwürlerdäki adamlaryň edişi ýaly, butparazlara mahsus ýerliksiz tagzymlaretmegineýer galmasyn diýip) beýik diwar galdyryp, namaz okaýanlaryň bu mukaddes gabry kybla edinip namaz okamaklarynyň mümkin bolmazlygy üçin,çepki sütünleriň tarapyndan kybladan sowaşyk iki diwar hem galdyrypdyrlar.
Bu hadysy-şerifden gelip çykýan mesele iki sanydyr.
1) Mazary metjit hasaplamak.
2) Suratlary asyp goýmak.
Bir ýogalanyň hormatyna tagzym edip, onuň gabrynyň başynda namaz okamak gadagan bolşy ýaly, umuman, mazarystanlykda namaz okamak hem gadagan edilýär. Mazaryň üstünde metjit galdyrmak baradaky gadagançylygyň beýle etmegi näletlemek arkaly ýüze çykandygy üçin, bu gadagançylyga alymlaryň hemmesi biragyzdan hormat goýýar. Bir gowy adamyň mazarynyň ýanynda bir metjit galdyryp, oňa bakyp tagzym etmän, diňe ondan bereket tapmak niýetinde bolanlaryň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu ýowuz hökümine degişli bolmajakdygyny käbir alymlar aýdýarlar. Mazarystanlykda ýa-da mazaryň ýanynda namaz okamak bolsa jedelli meseledir. Ymam Ahmet ibn Hanbal mazarystanlykda namaz okamagyň düýbünden gadagandygy bilen ylalaşýar. Mazaryň üsti açylan bolsun ýa bolmasyn, hapadan goranmak üçin namaz okaýan kişi aşagyna bir düşek ýazsyn ýa ýazmasyn, namaz isle mazarlaryň arasynda, isle mazarlardan aýry bir ýerde, isle mazaryň ýanynda galdyrylan beýik bir ýerde okalsyn, onuň pikirine görä, hiç parhy ýokdur. Müjtehit alymlardan Ebu Söwr hem Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Ýer üstüniň mazarystanlyk bilen hammamdan başga hemme ýeri metjitdir» diýen sözüne esaslanyp, beýle etmegiň gadagandygyny aýdýar. Sufýan Söwri, Ebu Hanife, Ewzaýy mazarystanlykda namaz okamagyň gowy däldigi bilen ylalaşýarlar. Ymam Şapyga görä bolsa, üsti açylan mazaryň topragy meýdiň eti, iriňi we beýleki hapa zatlary bilen garyşan bolsa, hapadygy sebäpli şol ýerde namaz okamak gowy däldir. Eger beýle bolmasa, onda mazaryň arassa bir tarapynda namaz okalyp bilner. Ymam Mäligiň ady bilen baglanyşdyrylýan bir rowaýata görä, ol mazaryň ýanynda namaz okamagyň zyýanynyň ýokdugyny aýtsa, başga bir rowaýatda onuň mekruwhdygyny mälim edýär. Mazarystanda namaz okamagyň gadagan edilmegi,käbir alymlaryň pikirine görä, şol ýeriň hapalygy bilen baglanyşyklymyş. Ine, olar arassaçylyk çärelerini görenlerinden soňra mazarystanda namaz okap boljakdygy bilen ylalaşýarlar. Buharynyň kitabynda ýerleşdirilen bir rowaýatda Omaryň (r.a.) bir mazaryň ýanynda namaz okan Enes ibn Mälige: «Saklan, mazar bar! Mazar bar» diýip, namazyny gaýtadan okadandygy aýdylýar.
4Beýle diýilmek bilen ybadat edýänler hem, suratkeşler hem göz öňünde tutulýar.