268 Ensardan bir adamyň haýyş etmegi bilen Allahyň Resulynyň (s.a.w) onuň öýüne baryp, namaz okatmagy we: «Allahü tagalanyň razylygyny gazanmak üçin: «Lä ilähe illalla» diýen adama Allahü tagala jähennemi haram edendir» diýmegi

Başy » NAMAZ KITABY » 268 Ensardan bir adamyň haýyş etmegi bilen Allahyň Resulynyň (s.a.w) onuň öýüne baryp, namaz okatmagy we: «Allahü tagalanyň razylygyny gazanmak üçin: «Lä ilähe illalla» diýen adama Allahü tagala jähennemi haram edendir» diýmegi

 

     عَنْ مَحْمُودِ بْنِ الرَّبِيع الأَنْصَارِيِّ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ عِتْبَانَ بْنَ مَالِكٍ ، وَهُوَ مِنَ أَصْحَابِ رَسُولِ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ مِمَّنْ شَهِدَ بَدْراً مِنَ الأَنْصَارِ ، أنَّهُ أَتَى رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فَقَالَ : يَا رَسُولَ اللَّهِ قَدْ أَنْكَرْتُ بَصَرِي وَأَنَّا أُصلى لِقَوْمِي ، فَإذَا كَانَتِ الأَمْطَارُ ، سَالَ الْوَادِي الَّذِي بَيْنِي وَبَيْنَهُمْ ، لَمْ أَسْتَطِعْ أَنْ آتِيَ مَسْجِدَهُمْ فَأُصليَ بِهُمْ ، وَوَدِدْتُ يَا رَسُولَ اللَّهِ أَنَّكَ تَأْتِينِي فَتُصلى فِي بَيتِي، فَأتخِذَهُ مُصلى، قَال: فَقَالَ لَهُ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: ( سَأَفْعَلُ إنْ شَاءَ اللَّه). قَالَ عِتْبَانُ: (فَغَدَا رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ وَأَبُو بَكْرٍ حَينَ ارْتَفَعَ النَّهَارُ ، فاسْتَأْذَنَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، فَأذِنْتُ لَهُ فَلَمْ يَجْلِسْ حِينَ دَخَلَ الْبَيْتَ ثُمَّ قَالَ: (أَيْنَ تُحِبُّ أَنْ أُصلي مِنْ بَيْتِكَ ). قَالَ: فَأَشَرْتُ لَهُ إلَى نَاحِيةٍ مِنَ الْبَيتِ ، فَقَامَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ فَكَبَّرَ ، فَقُمْنَا فَصَفَفَْنَا فَصلى رَكْعَتَيْنِ ثُمَّ سَلَّمَ ، قَالَ: وَحَبَسْنَاهُ عَلَى خَزيرَةٍ صَنَعْنَاهَا لَهُ ، قَالَ : فَثَابَ فِي الْبَيْتِ رِجالٌ مِنْ أَهْلِ الدَّارِ ذُو عَدَدٍ فَاجْتَمَعُوا ، فَقَالَ قَائِلٌ مَِنْهُمْ: أَينَ مَالِكُ بْنُ الدُّخَيْشِنِ أَوِ الدُّخْشُنِ ؟ فَقَال بَعْضُهُمْ : ذلِكَ مُنَافِقٌ لاَ يُحِبُّ اللَّهَ وَرَسُولَهُ ، فَقَالَ رَسُولُ اللِّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (لاَ تَقُلْ ذَلِكَ ، أَلاَ تَرَاهُ قَدْ قَالَ لا إلَهَ إلاَّ اللَّهُ يُرِيدُ بِذَلِكَ وَجْهَ اللَّهِ). قَالَ: اللَّهُ وَرَسُولُهُ أَعْلَمُ ، قَالَ: فَإنَّا نَرَي وَجْهَهُ وَنَصِيحَتَهُ إلَي الْمُنَافِقِينَ ، فَقَالَ رَسُولُ اللِّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: ( فإنَّ اللَّهَ قَدْ حَرَّمَ علَى النَّارِ مَنْ قَالَ لاَ إلَهَ إلاَّ اللَّهُ ، يَبْتَغِي بِذلِكَ وَجْهَ اللَّهِ).

 

         Mahmyt ibn Raby Ensary1 (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalaryndan we Bedir söweşine gatnaşan ensardan bolan Ytban ibn Mälik2 (r.a.) bir gün3 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allahyň Resuly, gözlerim halys görenok4. Şeýle-de bolsa, namaz okalanda kowumyma men ymamlyk edýärin. Ýagyş ýagdygy,olaryň ýaşaýan ýeri bilen meniň öýümiň aralygyndan geçýän dere suwdan dolýar-da, olaryň namaz okaýan metjitlerine gidip, ymamlyk edip bilemok. Ýa Allahyň Resuly, öýüme gelip namaz okap, bize ymamlyk etmegiňi haýyş edýärin. Seniň namaz okan ýeriňi namazgäh edeýin» diýdi».

Rowaýatçy Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Ytbana: «Inşalla, bu diýeniňi ederin» diýendigini habar berýär. Soňra Ytbanyň öz sözi getirilýär: «Ertesi irden Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen Ebu Bekr5 gün doganyndan soňra öýüme geldiler. Allahyň Resuly (s.a.w.) girmäge rugsat sorady. Men hem onuň öýe girmegine rugsat berdim. Ol öýe girip, oturmady-da: «Öýüňiň niresinde namaz okamagymy isleýärsiň?» diýip sorady. Oňa öýüň bir tarapyny görkezdim. Allahyň Resuly (s.a.w.) namaza durup, tekbir aldy. Biz hem onuň yzynda hatara durduk. Ol iki rekagat namaz okadyp, salam berdi.

Özi üçin bişirilen haziräni6 iýeri ýaly, biz Allahyň Resulyny (s.a.w.) alyp galdyk. Şu golaýda ýaşaýan erkek adamlaryň birnäçesi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gelendigini bilip, öýümize doldular. Olaryň arasyndan biri: «Mälik ibn Duhaýşyn ýa-da Ibn Duhşun7 nirede?» diýip sorady. Oturanlaryň biri: «Ol Allahü tagalany we onuň Resulyny söýmeýän bir mynapykdyr» diýdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa: «Beýle diýme. Onuň: «Lä ilähe illalla» diýýänini görmeýärmiň. Ol beýle diýmek bilen Allahyň razylygyny gazanmak isleýär» diýdi. Ýaňky geplän adam hem: «Allahü tagala we onuň Resuly bu zatlary has gowy bilýändir» diýip seslendi.

Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mynapyklar babatda mylaýymlyk edýändigini we gowy niýetdedigini görýärdik. Soňra Allahyň Resuly: «Allahü tagalanyň razylygyny gazanmak üçin: «Lä ilähe illalla» diýen adama Allahü tagala jähennemi haram edendir»8 diýdi».

 

1Ol ýaş sahabalardandyr. Onuň sahabadygyny 69-njy hadysy-şerif hem subut edýär.

2Bu hadysdan hem aňlanyşyna görä, ol salym tiresine ymamlyk ederdi. Uzak ýaşap, Mugawyýanyň zamanynda-da diri eken.

3Tabaranynyň rowaýatyndan Ytban ibn Mäligiň Allahyň Resulyny (s.a.w.) öýüne juma güni çagyryp, onuň çakylyga ertesi güni barandygyny aňlamak bolýar.

4Müslim bilen Ysmaýylynyň köp sanly rowaýatlaryna görä, Ytban (r.a.) diňe şowakörlükden kösenipdir. Buharynyň bu ýerde getirýän rowaýatynda bu barada anyk bir zat aýdylmaýan hem bolsa, başga bir rowaýatynda onuň Allahyň Resulyna (s.a.w.) ýüzlenip: «Men dogabitdi kör bir adamdyryn» diýendigi beýan edilýär. Hernäme bolanda-da, kör bolmaýanda-da köre ýakyn bir adam bolup çykýar. Buhary bu hadysy kör adamyň ymamlyk edip biljekdigini aňlatmak üçin öz kitabyna girizipdir.

5Müslimiň öz kitabyna girizen rowaýatynda: «Allahyň halan birtopar sahabasy bilen birlikde ýanyma geldi» diýlipdir. Diýmek, Allahyň Resuly (s.a.w.) ilki Ebu Bekr (r.a.) bilen ýola düşüp, Omar bilen birnäçe sahaba-da (r.a.) olara goşulan bolup çykýar.

6«Hazire» diýip, etli bulamaga aýdylýar.

7Tabaranynyň, Taýalysynyň, Müslimiň rowaýatlarynda Ibn Duhşum diýlipdir. Mälik bu ýerde gürrüňi edilýän Ibn Duhş barada: «Ol: «Isläniňizi ediň. Men sizi bagyşlaýaryn» diýen manydaky hadysy-kudsynyň inmeginesebäp bolan Bedir söweşine gatnaşyjylardan bolup, kuraýyş tiresiniň baştutanlarynyň biri bolan Süheýl ibn Amry (r.a.) (ol soňra yslam dinine girip, gowy işleri bilen özüni tanadypdyr) ýesir alan adamdyr. Ibn Abdylber: «Mäligiň mynapykdygy hakyndaky myşlaryň aňyrsynda ygtybarly bir zat ýokdur. Ol aýdylanlar onuň yslam dinini tüýs ýüreginden kabul edendigine şaýatlyk edýän gowy işlerine ters gelýär» diýeninden soň, gös-göni Ebu Hüreýreden gelip ýeten hadysa esaslanyp, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Mälik barada bir zat diýen adama: «Bedir söweşine gatnaşan dälmidir?» diýip ýüzlenendigini beýan edýär. Ibn Yshak hem öz «Magazisinde» mynapyklaryň bir ýaman niýet bilen guran Dyrär metjidini ýakmaga Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Mälik bilen Magn ibn Adyýy iberendigini gürrüň berýär. Mynapyga munuň ýaly ýumuş buýruljagy aklyňa sygjak zat däl. Mäligiň käbir mynapyklar bilen gowy görüşmegi sahabalaryň ol hakda şübhelenmegine sebäp bolýardy. Ýöne,hernäme-de bolsa, onuň bu hereketini aklaýan sebäbiň bolandygyny aňlamak bolýar. Hatyp ibn Ebu Beltaga babatda-da şeýle pikir edipdiler. Mälim bolşy ýaly, Hatyp (r.a.) hem daşyndan mynapyk we kuraýyşlylaryň içalysy ýaly täsir galdyrýardy. Onuň özüni alyp barşyny synlanlaryň hemmesi onuň mynapykdygyna ynanýardylar. Hezreti Omar bolsa ony öldürmäge-derugsat sorapdyr. Ýöne ol özüni beýle alyp barmagynyň sebäbini Allahyň Resulyna (s.a.w.) düşündireninden soň, onuň bolşy makullanypdyr we geň galanlara: «Hatyp Bedir söweşine gatnaşanlardandyr. Allahü tagalanyň Bedir söweşine gatnaşanlara ýüzlenip: «Isläniňizi ediň. Men sizi bagyşlaýaryn» diýmedigini näbilýäňiz?» diýen jogap berlipdir.

8Sadyklyk bilen we tüýs ýüreginden syzdyryp, kelimeýi-şahadaty diline alan we aňladan adama jähennem odunyň haram boljakdygy Enes we Mugaz ibn Jebel (r.a.) ikisiniň adyndan beýan edilen 105-nji hadysda-da aýdylypdy. Başga bir tarapdan Ebu Sagyt Hudrynyň adyndan beýan edilen 21-nji we ýene Enesiň adyndan beýan edilen 41-nji hadyslarda,kalbynda gorçisa dänesi we zerre mukdarynda iman bolanlaryň jähennemden çykaryljakdygy habar berilýär. Günäleri bagyşlanmadyk günäli adamlaryň jähenneme gidenlerinden soňra jennete girjekdiklerine degişli örän köp hekaýatlar bar. Olaryň düşündirişsiz gelýändigi sebäpli,bu hadyslaryň arasyny açmak zerurdyr. Ine, şonuň üçin hem bu hadysda kelemeýi-şahadaty ýüreginden gaýtalan adama dowzahyň haramdygyny aýtmak bilen,onuň dowzahda mydamalyk galmajakdygy duýduryljak bolunýar. Ýa-da has düşnükli edip aýtsak, kapyrlaryň mekany bolan otdan goraljakdyklary aýdylýar. Şoňa görä-de,günäkär musulmanlar azap gapysyndan girseler hem, kapyrlar ýaly şol ýerde baky galmajakdyklary bilen bir hatarda:إِنَّ الَّذِينَ كَفَرُوا بِآَيَاتِنَا سَوْفَ نُصْلِيهِمْ نَارًا كُلَّمَا نَضِجَتْ جُلُودُهُمْ بَدَّلْنَاهُمْ جُلُودًا غَيْرَهَا لِيَذُوقُوا الْعَذَابَ إِنَّ اللَّهَ كَانَ عَزِيزًا حَكِيمًا= „Inneleziýne keferuw bi-äýätinä sewfe nusliýhim näran. Küllemä nezijet jüluwdühüm beddelnähüm jüluwden gaýrahä li-ýezuwkul-azäbe” (golaý manysy: «Olaryň hamlary otda ýanyp köýeninden soň, azaby duýsunlar diýip, öňki hamlaryna derek başga ham bereris».«Nisa» süresiniň, 56-njy aýatyndan) diýen aýaty-kerimede Allahü tagala tarapyndan kapyrlara berlen ýowuz wadanyň hem olara degişli däldigini aňlamak bolýar. Tabaranynyň «Ewsat» atly kitabynda beýan edilen: «Jähennemiň gyzgynynyň ymmatyma etjek täsiri diňe hammamyň gyzgynynyň täsiri ýalydyr» diýen hadys hem şu manyny berýär. Bu hadysa görä, kapyr bilen günäkär möminiň oda ýanyşlarynyň arasyndaky tapawut uly bolup, kapyrlar hammamyň pejiniň içine atylýan odun ýaly bolup ýanjakdyr, günäkär möminler bolsa örän gyzgyn hammamyň içinde ýaly bolup, demigip, ejir çekjekdirler. Ýöne Ebu Bekriň (r.a.) adyndan aýdylýan bu hadysy beýan edenlerden emele gelen zynjyryň üzülýän ýeri bar.