266 Allahyň Resulynyň (s.a.w) at çapyşygyny guramagy

Başy » NAMAZ KITABY » 266 Allahyň Resulynyň (s.a.w) at çapyşygyny guramagy

     عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ سَابَقَ بَيْنَ الخَيْلِ الَّتِي أُضْمِرَتْ مِنَ الحَفْيَاءِ ، وَأَمَدُهَا ثَنِيةُ الْوَدَاعِ ، وَسَابَقَ بَينَ الخَيْلِ الَّتِي لَمْ تُضَمَرْ مِنَ الثَّنِيةِ إلَى مَسْجِدِ بَنِي زُرَيْقٍ ، وَإنَّ عَبْدَ اللَّهِ كَانَ فِيمَنْ سَابَقَ بِها.

 

       Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) seýislenen atlaryň arasynda Hafýadan Weda depesine çenli bolan aralykda, seýislenmedik atlaryň arasynda-da Weda depesinden Beni Zureýk metjidine1 çenli bolan aralykda çapyşyk gurady. Abdullah hem ýaryşanlaryň arasyndady»2.

 

1Weda depesi (Hoşlaşyk depesi) nurly Medinäniň aňry başyndaky bir geçelge bolup, ýolçularyň şol ýere çenli ugradylýanlygy üçin,şu ady alypdyr. Hafýa bolsa bu şäherden bäş-alty, başga bir maglumata görä-de, ýedi mil uzaklykda ýerleşen bir ýeriň adydyr. Beni Zureýk metjidi diýip hem hazrejilerden Zureýk ibn Amiriň ýurdundaky metjide aýdylyp, hadysyň äheňinden oňa çenli aralygyň has ýakyndygyny aňlamak bolýar.

2«Abdullah hem ýaryşanlaryň arasyndady» diýen sözler Abdullah ibn Omaryň öz sözlerihem, aralykdaky rowaýatçylaryň biriniň sözleri hem bolup biler.